#NobatdakyÝalňyzlyk
1 minut alar
Nähili diýsem. Ölümden başga hemme zadyň gelip geçijidigini bilsemem, arasynda käbir zatlar üçin gynanýan. Geçiji zatlar üçin gynanmak nä derejede dogry bilemok!? Göwünlik bermäne adam garasy ýok bolansoň haýyrlysydyr diýip özümi köşeşdirýän soňam.
Şahyr aýtmyşlaýyn "Ne adam küýseýän, nede başga zat" diýenine diňe bu çukura düşenler düşünäýmese. Boşurak bolup wagt öldürsem dagy boldy işim gaýtdy diýibermeli, kellämdäki pikirleriň takyrdysy günüme goýanok. Ondan gorkunjy wyždanymyň sesi ukladanok kä gijeler. Şu ullakan kellämiň içinde 'käşgä etmesedim'lerden ýaňlanýa durýa, ýaňlanýa durýa. Wyždanymyň sesi çykmasyn diýip bogup taşlajakdym, dözmedim. Dözmedim içimdäki ýabany meni öldürmäne, dözmelidim. Ýalňyşan ýerim şol. Ýalňyşlarym köpeldi, dogrularym azaldy ömrümde. Ýigrenjim artdy, söýgüm kemeldi ýüregimde. Söýýänim üçin däl begensinler diýip, söýgä mätäçlere söýgümden alyp berdim men. Garaz ýuwaş-ýuwaşdan öldüm. Bilmedi hiçkim. Geçmişiň kirimi, gelejegiň aladasymy ýaşlygymy gemiren. Ýa nebsimmi ýykan!? Her zada ýetişjek bolup ylgadym, men gitdim, özüm galypdyr. Başagaýlyk bilen özümi almak ýadymdan çykypdyr. Özüme gijä galdym. Hakykylykdan aýra bolmak agyr degdi. Hakyky özüm bolmaklygy küýsedim.Hakyky özüm bolup ýylgyrmagy, şatlanmagy, aglamagy.Ne gürlejek boldum, ne-de gürleşjek boldum. Gürlemesemem ejem eşitýärdi meni, maňa düşünýärdi. Käte lezzet, käte bolsa eziýet berýär dymmaklygam. Ýüzlerdäki ýylgyryşlardan gyzgynlyk gözledim. Galp bolan ýylgyryşlar ýüregimi ýylatmady.
Gygyrýan meni menden halas ediň we ýekeje haýyştym meni özüme beriň!