Teswirler (18)

Ýüklenýär...
User Avatar

NÄME ÜÇIN PALÇYLARDAN KÖMEK SORAÝARYS?

2 minut alar

SP

Pal – könelere görä karta seredip, ýyldyzlara bakyp, köne kitap sahypalaryny açyp, dürli metbugat ulgamynda ýazylýan ýazgylary okap, aşyk ýa-da süňkleri ulanyp ýa daşy başga bir daşyň üstüne ýerleşdirmek we şuňa meňzeş ýagdaýlar arkaly ozal bolan ýa-da indi boljak wakalary çaklamakdyr. "Çaklamakdyr" diýýärin, sebäbi, anyk maglumatlary olaryň özleri hem doly bilmeýär. Bilýän zatlary bar bolsa, ol hem adamyň psiholigiyasyna täsir etjek ideýalardyr pikirlere eýe bolmak we ony öz bähbitleri üçin ulanmakdyr.

 

Gadym eýýämden bäri adamyň geljegi we onuň durmuşy hemişe özüne çekiji bir häsiýete eýe bolupdyr. "Bilesigelijilik" wagtyň geçmegi bilen adamyň keseline öwrülipdir. Şeýlelik bilen adamlar geljekden habar almak ýa-da özlerine degişli maglumatlara eýe bolmak üçin ulanmadyk tylsymlary galmandyr. Hatda bu meseläniň doly anygyna ýetmek üçin her döwürde degişli hünärmenlere hem ýüz tutupdyrlar. Olar elmydama adamyň göwnüne ýaraýan sözleri tapyp, olaryň göwnüni hoş edip goýbermegi başarypdyrlar. Elbetde, adam göwnüne ýaraýan bu sözleri eşidip, olar bilen ýene bir gezek duşuşmak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýan neşekeşe meňzäberipdir. Heý, adam öz ömrüni bir karta, bir kitaba ýa-da gury bir süňke sygdyryp, geljegini palçynyň pikiri ýa-da çaklamalaryna tabşyryp bilermi? Iň uly Biri barka, Oňa el açyp, diňe Ondan biziň arzuwlarymyzy hasyla öwürmegini dilemegimiz ýetmezmi? Näme üçin men geljegim barada ony bilmeýän we diňe çaklamalaryna esaslanýan bir adamdan medet soramaly? Soramak üçin, ol menden ökde ýa-da mende bolmadyk ýokary häsiýetlere eýe bolmaly dälmidir?

 

Pikir ummasynda gezýär adamzat,

Bu bolýan zatlara akly ýetmezmi!

Gün saýyn azalýar sylag hem hormat,

Bu hakyk geňlikler bize ýetmezmi!

198 |