Mukaddes toprak
1 minut alar
Babarap — Türkmenistanyň Gökdepe etrapda ýerleşýän oba. Ol etrap merkezinden 17 km gündogarda ýerleşýär. Ilkibaşda taslama boýunça gurlan şäherçe hasaplanypdyr. Babaaraby Orta Aziýa demir ýoly kesip geçýär. Oba ýaşulylarynyň aýtmagyna görä, gadym wagtlarda Babaarap ýagny arap tireli Baba diyen alym ýaşapdyr we bu obada aradan çykyp obanyň golaýynda jaýlanypdyr. Häzir oňa Babarap Ata gonamçylygy diýilýär. Gökdepe etrabyndaky Babarap şäher hökmünde 19-njy asyrda hem duş gelýär.
Babarap sözine başga-da köp ýerlerde duş gelmek bolýar. Gyzylarbat etrabynda (goç obasynda) çeşme, Darganata etrabynda (garagumda) gyr, Dänew etrabynda (Babarap diýen gyryň ýakynynda) guýy. Guýyny bolsa arap tireli Baba diýen adam gazypdyr diýip gürrüň berýärler.
Çeşme: Atanyýazow.S "Türkmenistanyň geografiki atlarynyň düşündirilişi"