Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Miweli agaç bolmak añsatmy näme?!

2 minut alar

Bir wagtlar sözleň manysyna düşüş bolan döwürlermiz, eje-kakamyzyň gulagmyza guýan
nakyly:
Miweli agajyň başy aşak

Şol döwürlerem, has soňraklaram kän bir bu nakyl ünsümi özüne çekmändi. Düşniksiz zadam ýok. Sadadan dogry söz. Ýüzünden ýerden galdyrmaýan daýylary göremde has kän ýadyma düşerdi bu nakyl.
Ine bu tomus welin kän oýurgandyrdy bu 4 söz, 10 bogun, 10sy çekimli, 10sy çekimsiz, 20 harpdan ybarat—nakyl. Şu ýaz ýalňyşmasam gapymyzdaky şetdalylar ilkinji gezek gülläpdi.
Sebäbi, mundan ozalam güllän bolsalar şonda alnardym köýnegi. Akly-gülgüneli-ýaşylly agaçlardan gözümi gandyrybilmän, şetdaly gülleriniň reňkinde köýnek dagy tapmazmykam diýip jygyllyga-da gidipdim. Niýetime görä, birinji baran magazynymyzda şetdaly gülleri
bilen güllenen akly-gülgüneli köýnek dur daşarda. Entek topam açylmadyk. Şetdaly gülleri ýaly mymyjak köýnek... garaz gülläp başlandan, möwsümi sowulýança şetdalylary mazaly synlamakçydym. Soň işler, gündelik hysyrdylar we.şm. 
 

Bir gün Gün dogjak uçurlary şetdalylary synlamaga bardym. Şo-ol güllänlerinden bäri ne men ne-de maşgalada başga birileri bulara aň bolmadyk bolmaly. Eger görenlerinde hökman nahar başyndaky söhbetlerde agzalardy. Garaz, mus-musyň soňy, iki sany şetdaly agajynyň şahalary miwelerniň köplüginden hem agyrlygyndan(belkem heniz şahalarnyň ýaş hem berdaşly dälliginden) döwülüpdür. Beýleki döwülmedik agaçlaram ýere degjek-degjek bolup durany haýsy, ýere degibem döwülmedigi haýsy. Şahalara nebsim agyrdy. Ýapragyny ýolmaga dözmeýän halyňa... Döwülenlerindäki şatyrdylary gulagymy dyrmap, bileklerimde awusyny duýan ýaly boldum. Belki bu ýagdaýy 3-4 ýyl ozal gören bolsam aglardymam. Ýyllar her
nämede bolsa-da gülmegi hem aglamy başarmaýan adamlara öwrüp barýar bizi.

Agaçlary mazaly synladym. Şol iki döwlen agajyň miweleri beýlekilerden has köpdi hem iriräkdi. Soň baryp ejeme aýtdym. Diýmekçem däldim, ýöne barybir dilimden sypypdy: “Miweli agaç bolsaň gör nähili bolýan ekeni”—diýdim. Ejem birsalym paýa hakda gürrüň etdi. Özleriniň soňky otagdan bäri kän baga elleriniň degmändigini, günäniň özlerindedigi hakda aýtdy. Soň ejem-kakam hem jigilerim agaçlaň aşagyna paýa edipdirler. Goňşymyz baglaň beýdip uzak miwe bermejekdigini, nähili seredeňde-de bahym gurajakdygy, bu töwerekleň topragynyň agaçlar üçin oňaýsyzdygyny aýdyp, töwerekde baglary guranlardan mysallar getirýär. Men bolsa “Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýip, yzyna-dan Kaýum agaň “Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseňsetirlerini tirkeýän.

Biri ýaşajyk agaja seredip ertiriniň töňňe boljagyny aýtsa-da, ýene biri gurçuklardyr-guşlaň maza bermejegni ýaňzytsa-da, agaç ýetişdermek janyňa aram berýän lezzetli iş. Nakyl bilen başlan sözümizi belki, ýene-de nakyl bilen jemlemek ýerlikli bolsa
gerek:
“Miweli agajy kakmasaň, miwesi dökülmez.
Miweli agaja palta degmez”

©Jan Jennet

86 |