Terjimeçi
Meşhurlaryň durmuşyndan henekler
4 minut alar
MEŞHULARYŇ DURMUŞYNDAN HENEKLER
Günlerde bir gün Bernard Şou atly gezelenje çykýar. Ençe wagt ýöränsoň ýolda sataşan bir adama ýüzlenip:
— Gardaş, şul aty jylawundan tutup durmagyňyzy haýyş edýärin, men derrew poçtahana girip çykmaly.
— A-how, näme diýýäňiz, jenap? Men parlament agzasy ahyryn.
— Daş sypatyňyzdan, ynsaply adama meňzeýärsiňiz. Bolýar, töwekgel, men size ynanýaryn.
***
Lessing ünsizligi bilen tanalýardy. Günlerde bir gün öýüne gijäniň ýarymynda dolanýar, gapyny kakýar, içeriden:
— Jenap professor öýde ýok— diýen jogap bolýar.
— Hä, bolýar, näme hem ederdim, başga wagt gelerin— diýip professor öýünden uzaklaşýar.
***
Günlerde bir gün Eýnşteýn hemralaryny tebigat gözelligi bilen tanyşdyryp ýörkä şeýle diýýär:
— Garşyňyzdaky ine şu dagda gadymky köşgüň harabalary bar. Dik gaýalygyň etegindäki sokmak bilen barsaňyz, daglaryň ortasyndaky jülgä çykýaňyz. Bu sokmak juda howply, örän seresaply ýöremeli. Eger-de sokmakdan ýykylyp, aşaklygyna gaýdaýsaňyz, sag tarapa bakmagy unutmaň! Göz öňüňizde juda gözel kartina peýda bolar.
***
Dagystanly meşhur şahyr Ebutalybyň kitabyny neşirýat çap etmegi geljekki ýyla galdyrýar. Şonda şahyr neşirýatyň başlygyna:
— Geň galaýmaly, terjimeçi Efendi Kapiýew meň bilen söhbetdeşlik gurap, aýdan gürrüňlerimi ýazga geçirdi we şol günüň özünde metbugatda ýaýratdy. Resul Gamzatowam edil şolar ýaly edipdi. Emma özümiň pikirimi özüm kitap edip çykarjak bolsam bir ýyl yza süýşürýärler. Hany mantyk?— diýýär.
***
Meşhur fransuz aktrisasy Madam de lýa Rok äri bilen aýrylyşmakçy bolýar.
muşdaklary ondan:
— Näme üçin beýle karara geldiňiz?— diýip soraýarlar.
— Ärim maňa ite seredýän ýaly seredýär.
— Bu näme boldugy bolýar?
— Ol menden it ýaly wepadar bolmagy talap etdi.
***
Ýuriý Nikulin grimhanasynda oturan mahaly sirk işgälerinden biri girip, gygyrýar:
— Ýangyn! Ýuri Wladimirowiç, ýangyn!
Şonda Nikulin arkaýyn:
— Men ýangyny ýeňip bilmeýän. Bu iş bilen başga artist meşgulanýar— diýip jogap berýär.
***
Fransuz ýazyjysy Andre Moruadan bir dosty:
— Hany aýtsana, taryhy kim köpräk üýtgetdi? Sezarmy ýa Napoleon?— diýip soraýar.
Morua:
— Siwilizasiýa döräli bäri taryhy iň köp üýtgeden şahslar taryhçylardyr— diýip jogap berýär.
***
Gadymky ýunanlar, danyşment, pelsepeçi Diogeniň pikirlerine juda sarpa goýupdyrlar.
Adamlar bir güni ondan:
— Haýsy ýaşda öýlenmek makul?— diýip sorapdyrlar.
Pelsepeçi:
— Ýaşlara öýlenmäge heniz ir, garrylara bolsa giç— diýip jogap beripdir.
***
Meşhur aýdymçy rok-n-rolluñ "şasy" Elwis Presliniň juda köp muşdaklary bardy. Esasanda, gyzlar oňa yzly-yzyna hat ýazyp, günine goýmaýardylar. Bir gazediň habarçysy, aýdymçydan gyzlar oňa näme barada ýazýandygyny sorady.
Aýdymçy:
— Olar köplenç saçymdan bir tar göýbermegi haýyş edýärler— diýip jogap berýär.
Habarçy geň galýar.
— Olaryň, hemmesiniň haýyşyny berjaý etjek bolsaňyz kel bolup galarsyňyz-a.
— Maňa-ha jynam urmaz welin, emma itim ýakyn wagtda kel bolmagy mümkin.
***
Fransuz fizigi Pol Lanjewen ylmyň ähli çylşyrymly meseleleri barada ählihalk düşüner ýaly dilde gürläp bilmegi bilen meşhurdy. Bir gezek ol Fransiýanyñ Ylymlar akademiýasynda ajaýyp nutuk sözleýär. Nutukdan soňra kärdeşleri ony gurşap alyp, bular ýaly sada, düşnükli gürläp bilmeginiň syryny soraýarlar.
Fizik:
— Hemmesi juda ýönekeý. Men gürläp duran wagtym diňleýjileriň arasyndan aňkawyrak bir ýüze bakyp, tä oň gürrüňimi aňlanyna göz ýetirýänçäm gürläberýän-gürläberýän. Tamam wessalam.
Şol mahal Lanjeweniň ýanyna Ylymlar akademiýasynyň prezidenti gelip:
— Sizi gutlaýaryn, kärdeş. Diňe ýekeje zada düşünmedim, nämüçin gürläniňizde menden gözüňizi aýyrmadyňyz?.
***
Gýote Weýmar şäherindäki seýilgähde gezelenç edip ýören mahaly garşysyndan bir tankytçy çykýar. Olar biri-birini halamaýan ekenler. Garşy tarapdan gelýän tankytçy tekepbirlik bilen:
— Men akmaklara ýol bermeýän— diýýär.
Gýote ýylgyryp:
— Men bolsa hemişe akmaklara ýol berýän— diýip ýoluň çetine geçýär.
***
Amerikan kinoşereketleriniň biri meşhur iňlis syýasy işgäri Uinston Çerçill hakynda kino surata düşürmekçi bolýar. Kinoda altmyş ýaşly işgäriň ömür ýoly görkezilmelidi. Çerçilliň roluny oýnamak segsen ýaşly aktýor Çarlz Kloftona tabşyrylýar. Bu keşbi janlandyrany üçin aktýor uly mukdarda pul alýandygyny eşiden Çerçill gazaplanyp, şeýle diýýär:
— Birinjiden, keşbimi janlandyrýan bu adam çenden aşa semiz. Ikinjiden, juda garry. Üçünjiden, bular ýaly uly mukdardaky pula özümem özümiň keşbimi ussatlarça janlandyryp bilýärin!
***
Meşhur basnýaçy Iwan Andreýewiç Krylowdan bir gün okyjylary:
— Örän seýrek duş gelýän zehiniňiz bar welin, emma nämüçin az ýazýaňyz?— diýip sorapdyrlar.
Ýazyjy:
— «Näme üçin ýazýaňyz?» diýen soragy eşideniňden, «Nämebüçin az ýazýaňyz?» diýen soragy eşideniň gowy diýip hasaplaýandygym üçin— diýip jogap beripdir.
***
Günlerde bir gün gadymy ýunan pelsepeçisi Diogen keman atyjynyň näçe jan edip synanyşsa hem nyşana urup bilmeýändigini görüp, nyşanyň ýanyna baryp durýar.
Tomaşaçylar geň galyp:
— Näme üçin beýdýäňiz? Birden…— diýip soraýarlar.
Pelsepeçi:
— Iň howpsuz ýer ine şu ýer eken— diýip jogap berýär.
***
XIX asyrda ýaşap geçen meşhur nemes suratkeşi Menseliň huzuryna bir ýaş suratkeş gelýär. Özüniň eserini görkezip:
— Maestro! Adalat barmy özi, bu dünýede? Ine men şu kartinani bir günde çekipdim, emma bir ýyldan bäri satyp bilmän ýörün— diýýär
Mensel:
— Gardaşym, eger siz bu eseriňizi bir ýylyň dowamynda işlän bolanyňyzda, ýekeje günde satan bolardyňyz— diýip jogap berýär.
Taýýarlan we henekleri terjime eden Saparmyrat GÜRGENÇLI