Men Dünýäniň Iň Akylly Adamy
2 minut alar
Bir bürgüdiň hekaýasy
Rowaýata görä, dört towuk bürgüt höwürtgesinden bir ýumurtga ogurlaýarlar. Ýumurtgany ketege getirenlerinde, beýleki towuklar bu ýumurtga äpet bir towugyň ýumurtgasy diýip pikir etdiler. Wagt geçdi, ýumurtgany alyp gelenler hem ýatdan çykardylar, olar-da bu ýumurtganyň äpet bir towugyň ýumurtgasydygyna ynandylar.
Bu ýetim ýumurtga ketekden bir kürk towuk tapyldy we ony basyrdy. Wagty geldi ýumurtga çatlady, içinden gap-gara ganatly, üýtgeşik çokjaly täsin bir towuk çykdy ... Hemmeler örän şadyýandy, beýle bir towugy ilkinji gezek görüpdiler . Ene towuk çagasyna öwretmäge başlady : "Balam, ýerden tapan mör-möjegiňi şeýle iý! Arpany, bugdaýy şeýle çok !" . Ene towuk öz çagasyna hergün täze zatlar öwretýärdi. Äpet towuk enesiniň diýenini birkemsiz edýärdi. Howplara garşy nähili göreşmelidigini hem öwretdi : " Diňle balam, eger-de pişik kowalasa garşy tarapa gaç, bu tarapdan gelse o tarapa gaç..."
Äpet towuk ulaldygyça owadanlaşýardy. Şeýle bir uzyn ganatlary bardy. Käwagtlar başgalary onuň ganatlaryny görmek üçin hem gelýärdiler...
Bir gün ene towuk çagasyna , ýokardan gelýän howplardan nädip goranmalydygyny öwretýän mahaly äpet towugyň gözi, asmandan elhenç bir ajaýyplyk bilen uçup barýan bir jandara düşdi.
- Eje bu näme? diýip sorady äpet towuk.
- Hä olmy? Ol bürgüt balam, guşlaryň şasy.
- Gör nähili owadan uçýar!
- Hawa balam! Ýöne sen oňa meňzejek bolaýma. Asla onuň ýaly bolup bilmersiň! Sen bir towuk. Senden öň kakaň, ataň, dädeň dagy hem oňa meňzemek islediler ýöne hijisi hem onuň ýaly uçup bilmedi... Sen bir towuk we bir towuk ýaly hem ýaşamaly...
Şol günden soň äpet towuk, tutuş ömrüne bürgüdiň ajaýyp uçuşyny synlap içini hümlederdi... Her gezeginde bolsa "Käşgä menem bir bürgüt bolup uçup bilsedim" diýerdi. Günlerde bir gün hem gara ganatly äpet towuk bürgüdiň uçuşyny synlaýan mahaly ölüp gitdi. Ony bir towuk ýaly jaýladylar. Hakykat-da bolsa ölen guş bir bürgütdi.
"Bir bürgüt ýaly dogulyp towuk ýaly ýaşaýan we bürgüt ýaly bolmak arzuwy bilen ýaşap iň soňunda bolsa towuk ýaly ölüp giden müňlerçe bürgüt bar."
Ýyl 2002, ýer Dünýä... Häzirki wagtda öz güýjünden bihabar, hemişe başkalary ýaly bolmak isleýän müňlerçe, milýonlarça, hat-da milliardlarça adam bar. Gör nähili gynandyryjy!
Hiçbir zat görünişi ýaly däldir dostum. Hiç zat gürrüň berilişi ýaly hem däldir... Her eşideniňe ynanma... Muňa-da.
"Erdal Demirkıran - Ben Dünyanın En Akıllı İnsanıyım" kitabyndan bir bölümçe...
Islegler esasynda mowzuga dowam ederin.