Lukman bolmak islegimiň başlan ýeri
2 minut alar
Salam dostlar, bu gün men size durmuşymda bolup geçen bir wakanyň geljekki kararymy üýtgedendigi hakynda aýdasym gelýär.
10 ýaşymdadym iýul aýynyň ortalarydy we men maşgalam bilen “Awaza syýahatçylyk we dynç alyş zolagyndan” öýe Aşgabada gelýärdik. Gumdagdan 23-24 kilometr geçipdik, 4-5 adam ýoluň gyrasynda üýşüp durlardy, kakam:”Saglykmyka” diýip, maşynyň tizligini haýallatdy. Görsek iki maşyn awtoulag heläkçiligine uçrapdyr, töwerekde hiç hili ýaşaýyş ýokdy.
Kakam maşyny togtady we doganym bilen maşyndan düşdi. Ejem maňa maşyndan düşmezligi aýdypdy, emma özümi saklap bilmän kakamyň yzyndan gitdim. Görsek 4 ýolagçy agyr ýaralydylar, 3-si özünde däldi, biri bolsa özündedi. Onuň agyly sesi ýüregimi gyýym-gyýym edipdi. Hadysany bizden öň gören ýolagçylar tiz kömege jaň edipdirler. Tiz kömek Gumdag obasyndan gelmelidi. Muňa hem 30-45 minut wagt gerekdi.
Olara meniň elimden suw bermekden başga hiç hili kömek gelenokdy. Diňeje olaryň gynançly ýagdaýlaryna seredip durmalydym, beýle durmaklyk bolsa ýüregimi gyýym-gyýym edýärdi. Az salymdan soň tiz kömek geldi we ýarowsuzlary alyp gitdi. Heläkçilige uçranlar ýerli adamlar bolansoň haýal etmän hossarlary hem geldi. Biz hem ýolumyza dowam etdik.
Meniň şol wagtlarky arzuwym ilçi bolmakdy, ýöne bu arzuw tä şol güne çenli dowam etdi. Dostlar bu wakadan alan sapagym adamlaryň bahasyna ýetip bilmejek baýlygy jan-saglykdyr. Meniň ýüregimde şol günden bäri adamlaryň saglygyny bejermäge, lukmana mätäç adamlara kömek etmäge höwes döredi. Şol wagtdan soň men özüme bir maksat goýup, şol maksada ýemek üçin hereket edip başladym. Biologiýa, himiýa derslerini çuňlaşdyryp okap, kämillige tarap has dogrusy lukmançylyga tarap gitmäge başladym.
2023-nji ýylda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda biologiýa dersi boýunça 2-nji oruna mynasyp boldum. Häzirki wagtda bolsa Lukmançylyk uniwersitetine taýarlyk görýärin.
Makalamy okaýanlara bermek isleýän maslahatym, geljegiňiz üçin bir ýol çyzyň, we şol ýoluň bir başyndan ýöremäge başlajak boluň. Ýene-de bir bellemek isleýän zadym öz geljekde zähmet çekjek käriňizi özüňiz saýlaň, sebäbi kärimiz biziň geljekki durmuşymyzy kesgitleýär.