Kompýuter Inzener
Kompýuter Ylymlary Ugruny Okamazdan, Adaty Bir Uniwersitetde Bilim Alyp, Dünýä Belli Kompaniýada Kompýuter Inženerçiligi Ugrundan Işe Başlan Guwanç Nurgeldiýew Bilen Söhbetdeşlik
7 minut alar
Guwanç bilen söhbetdeşlik geçirmek üçin itergi:
Guwanç Nurgeldiýew Türkmenistanyň kiçeňräk bir şäherinde doglan ýigit. Ol Türkiýäniň Marmara uniwersitetinde Kompýuter bilimi we görkezme tehnologiýalary ugruny gutardy. Onuň bilim alan derejesiniň programmirleme bilen baglanyşygy ýokdy we okan uniwersiteti dünýäde o diýen meşhur däldi. Şeýlelikde, kompýuter inženeri bolmak üçin oňa şertler gaty oňaýsyzdy. Soňra, bu päsgelçiliklere garamazdan, Guwanç Türkiýede programma üpjünçiligi ugrundan öz karýerasyna ädim basmagy başardy we Ýewropada halkara derejesinde ykrar edilen kompaniýalara işe girmek bilen ony dowam etdirdi.
Söhbetdeşlik: Beýlekilerden tapawutly bolan bir endigiňiz barmy we ol näme?
Ilki bilen, meniň üçin yzygiderliligiň nämedigini kesgitläli. Yzygiderlilik — bu sebäp bilen netijäniň arasyndaky gatnaşykdyr. Mysal üçin, A we B wakalar bar diýeli. B waka adatça A wakadan soň bolup geçýär. Şeýlelikde, meniň kesgitlemäme görä, A we B wakalar biri-biri bilen baglanyşyklydyr hem-de B wakanyň bolmagy üçin ilki A wakanyň ýerine ýetirilmegi zerurdyr.
Çagalyk döwrümden bäri, adaty ýagdaýda täze ýerlerde ýa-da täze adamlaryň ýanynda daşky gurşawa öwrenişýänçäm, dymmagy saýlaýaryn. Munuň sebäbi bolsa, meniň synlamagy halamagymdyr. Täze yzygiderlikleri öwrenmage ýa-da geçmişde duş gelen bu yzygiderliklere gabat gelmeleri tapmaga synanyşýaryn. Wakalaryň meniň bilýän yzygiderligimde bolup geçmegini birleşdirmegiň ýa-da tejribämden täze yzygiderligi öwrenmegiň iki sany peýdasy bardyr.
Eger-de öň gören bir yzygiderliligiňiz bar bolsa, siz muny daş-töweregiňizde geljekde nämeleriň bolup biljekdigini çaklamak üçin ýa-da geljekde öňüňizden çykjak bir adamyň özüni nähili alyp barjakdygyny kesgitlemek üçin ulanyp bilersiňiz. Ikinjiden, synlamak ýa-da okamak arkaly öz maksatlaryňyza ýetirýän yzygiderlilikleri we ädimleri tapsaňyz, şol yzygiderliligi bir formula öwürip, hem-de şol formula eýerip, başarmak isleýän islendik zatlaryňyzy nädip durmuşa geçirmelidigini çözüp bilersiňiz.
Kompýuter inženerçilik ugrundan okaýan talyba näme maslahat bererdiňiz?
Amala aşyrjak bolýan zatlarynda has gowusy bolmak ähtimallygyny ýokarlandyrjak başarnyklary ösdürmäge üns bermeklerini. Ilki bilen, programma üpjünçiligi inžereneri bolmak isleseler we iňlis dili olaryň ene dili bolmasa, bu dili çuňňur öwrenmelidirler. Ikinjiden, adamlary nädip tanamagy we olar bilen aragatnaşyk saklamagy öwrenmelidirler. Mysal üçin, konferensiýa gatnaşýan bolsalar we uzak wagtlap duşuşmagyň arzuwyny edýän ökde bir kompýuter inženerini görseler, birdenkä onuň ýanyna gelip, çekinmezden, gürrüňe girişip bilmelidirler. Üçünjiden, pikirini kimdir birine satmagy öwrenmelidirler.
Onda aýdalyň, käbirleri siziň möhüm diýip hasaplan we häsiýetlendiren başarnyklaryňyzy özünde oturtdy, ýöne olar näbelli ýurtdan ýa-da tanalmaýan uniwersitetden gelýär. Indi olaryň näbelli bir ýurtdan ýa-da uniwersitetden bolmagy işe alyjynyň olar barada maglumat tapmagyny kynlaşdyrmagy olar üçin oňaýsyz. Bu adamlar ady belli ýurtlarda halkara kompaniýalarda işlemek üçin näme etmeli?
Eger-de biri iňlis dilini gowy bilýän bolsa, “Soft skill” başarnyklary hem bar bolsa we pikirini özgelere satyp bilýän bolsa, onda şol kişi aragatnaşyk gurup başlamaly. Olar özleri üçin haýsydyr bir gyzykly taslamany saýlap, şol taslamanyň üstünde işläp başlamaly. Haçan-da bu taslamada çykgynsyz ýagdaýa gelenlerinde ýa-da agyr bir mesele bilen ýüzbe-ýüz bolanlarynda, kynçylyk çekýän zatlaryndan baş alyp çykyp biljek adamlary tapmaly we meseläni nädip çözmelidigi barada maslahat almaga synanyşmaly. Beýleki kompýuter inženerlerinden maslahat almak üç sebäpden peýdaly bolup biler. Birinjisi, meseläni çözmäge ýardam edip biljek adam bilen tanyşýarlar we geljekde şol adam bien hyzmatdaşlyk edip bilerler. Ikinjiden, taslamalarynyň dogry ugra gidýändigi ýa-da gitmeýandigi barada teswir alyp bilerler. Sebäbi, amala aşyrýan işleri pudakda islenilýän ýaly bolmasa, kompýuter inžener has dogry ýoly görkezip biler. Üçünjiden, eger-de biri seniň taslamaňy ösdürmek üçin sarp edýän gaýratyňa şaýat bolsa, we oňa ýarasa, kompaniýasynda täze bir iş ýüze çykanda, şol wezipä seni göz öňünde tutmagy ähtimal.
Soňky 2 ýylyň dowamynda durmuşyňyza uly täsir eden we bahasy 100$ aşagynda bolan satyn alan zadyňyz näme?
Şweýsariýanyň petekleriniň gymmat bolmagyna garamazdan, olary satyn almak iň gowy kararlarymyň biri boldy. Sebäbi Şweýsariýada 3 dürli jaýda we düýbünden başga adamlar bilen 3 aýyň içinde muzeýlere hem-de konsertlere gidip, başga-da köp zatlary başdan geçirip, köp gyzykly tejribe gazandym. Bu meniň dünýägaraýşymy giňeltdi. Mundan başga-da, Şweýsariýany halaýanlygym sebäpli, bu maňa ýaşaýyş üçin ýerleşmek isleýän ýerimi tapmaga kömek etdi. Sebäbi Şweýsariýa baryp görmezimden ozal, uzak wagtlap nirede ýaşajakdygymy bilmeýärdim we şonuň üçin ýerleşmek planlarym bolmazdan, elmydama bir ýurtdan başgasyna syýahat edýärdim.
Häzirki döwürde üstünlik gazanmagyňyza ýol açan we wagtynda uly şowsuzlyk hasap eden ýalňyşlygyňyz näme boldy?
Türkiýede 7 ýyllap galmak meniň üçin ýalňyşlykdy, sebäbi durmuşymyň hili ýyl-ýyldan peselýärdi. 2013-nji ýylda Türkiýä gelipdim, emma 2015-nji ýyldan bäri bu ýurduň ykdysadyýeti we howpsuzlygy günsaýyn erbetleşýärdi. Wagtynda şu ýagdaýlaryň meniň durmuşymy ep-esli kynlaşdyrmagyna garamazdan, bu ýagdaý meniň has çydamly bolmagyma itergi berdi. Indi Ýewropada öň Türkiýede köp zatlary başdan geçirenligim üçin, hereket etmegiň maňa has aňsat düşjegini bilýärin. Ýewropada ýaşamak Türkiýede ýaşamakdan aňsadrak bolandygy sebäpli, ýüze çykjak islendik meseleden baş alyp çykyp biljegime ynamym uly.
Durmuşyňyzdaky iň gowy maýa goýumy näme diýip hasaplaýarsyňyz?
Uniwersitetimde 3-nji ýylymy gutaranymdan soňra, tomusda öýüme gidip geldim. Türke gaýdyp gelenimde, okamaga dowam etmäge bolan höwesim azalypdy. Uniwersitetiñ ilkinji gününde mugallym bilen bir öý-iş üçin haýsy programma dilini ulanmalydygy baradaky ownuk jedeller we sapaga gatnaşygym hakyndaky mesele meniñ höwesimi has hem azaldypdy. Şeýlelik bilen, men şol ýyl okamajakdygyma karar berdim we boş ýyl aldym. Şol ýyl uniwersitete diňe 3 gezek bardym. Okuwyň ilkinji güni bardym, ikinji gezek nahar iýmek üçin bardym, üçünji gezegem kimdir biri bilen duşuşmak üçin gitdim. Mundan başga, islän zatlarymyñ hemmesini etdim. Konferensiýalara gatnaşdym, ylgadym, muzeýleri aýlandym, türkmen dilinde makalalar ýazdym we türkmençäniñ has hem gadyrly dildigini duýdym, täze adamlar bilen duşuşdym we olary “Penjire” blog taslamamyz üçin makala ýazmaga çagyrdym. Ene-atamyň hem her aý pul-harajat ugradýandyklary sebäpli, bularyň hemmesini hiç zat gazanmazdan edip bildim. Bir ýyllap hiç zat etmezlik maña gowy geldi, sebäbi şu 1 ýyly tejribe etmänkäm uniwersiteti gutaransoň näme bilen meşgul boljakdygymy hiç bilemokdym. Kompýuter bilimi we görkezme tehnologiýalary ugruny okaýardym, ýöne mugallym bolmak islegim ýokdy. Psiholog we programma üpjünçiligi inženeri bolmak hakda pikir edýärdim. Özüm öwrenip, kompýuter inženeri bolmak mümkinçiligimiň has ýokarylygy we matematikadan başym çykýanlygy sebäpli, programmirlemäni saýladym.
Şeýlelikde, kär hökmünde kompýuter inženerligini saýladyňyz, soňra näme boldy?
Indiki tomus Türkmenistana dostumyň dizaýner bolup işleýän kompaniýasyna bardym. Dostum iş tejribesini almak üçin bu kompaniýada işlemegimi maslahat berdi we men ol ýerde işe başladym. Iş ýeri öýümden başga bir şäherde bolany üçin işlerimiň aglaba bölegini ofisde ýerine ýetirýärdim. Ofisde hem ýaşaýardym, iýip-içýärdim we işleýärdim. Programmirleme bilen baglanyşykly düýpli tejribäm bolmansoň ofis işgärlerine azyk önümleri satyn almak, kofe demlemek, 2016-njy ýylda internediň tizligi ýeterli derejede ýokary bolmansoň birine tigir sürüp fleşka eltip bermek ýaly ownuk işlerinde-de kömek edýärdim. Edil “The Intern” kinosyndaky praktikant ýalydym. Boş wagtymda ofisde “Javascript” we “jQuery” öwrenip, kompaniýa üçin käbir web sahypalarynyň üstünde işleýärdim. Tomus gutaranyndan soňra yzyma Stambula geldim we 25 ABŞ dollaryna “Node.js” kursuny satyn alyp, okuwdan soň her gün ony öwrenip başladym.
Siz nämede ýok diýmäge ökde?
Meýilleşdirilen işlerimiň bar wagty haýsy-da bolsa bir tötänleýin gelen tekliplere ýok diýmekde men ökde. Çagalygymdan bäri bu häsiýetiň mende barlygyna ynanýaryn, sebäbi iň bärkisi çaga döwrüm hem halamaýan zatlarymy edemokdym. Bu häsiýetim maňa köp peýda berdi. Sebäbi durmuşda bolup geçýän we meýilleşdirilmedik her bir teklibi kabul etseňiz, onda siziň esasy işleriňiz yza süýşer.
Özüňizi çykgynsyz ýagdaýda duýanyňyzda näme edýärsiňiz?
Aslynda edil şu wagt bu sorag maňa degişli. Durmuşymda amala aşyrmaly köp işim bar. Jogapkärçiliklerimiň üstesinden gelmek üçin işlerimi olaryň möhümligine we gutarmaly wagtyna görä tertipleýärin. Soňra bir uçdan olary ýerine ýetirip başlaýaryn. Başda iň ähmiýetlisini çözýärin, soňra yzyndan gelýänini we onuň yzyndan gelýänini, garaz şeýdip ählisini dynýaryn. Bu şekilde men hemmesini birden gaýgy etmän, eýsem diňe şol pursatda iň möhüm bolanyna ünsümi berýärin.
Kompýuter inženeri bolmak hakynda siziň eşiden toslamaňyz näme?
Käbirleri kompýuter inženeri bolmak üçin matematika bilmegiň zerurlygy ýok diýýärler. Şol bir wagtyň özünde, olar “Google” ýa-da “Facebook” ýaly kompaniýalarda işleýän inženerleriň aýlyklary hakynda gürrüň edýärler. Mesele şunda, eger siz şol öňdebaryjy kompaniýalaryň birinde inžener bolmak isleýän bolsaňyz, onda olaryň kodlama söhbetdeşliginden we ýumuşlaryndan geçmek üçin iň azyndan başlangyç matematika bilmeli bolarsyňyz.
Adamlar sizi nirden tapyp biler?
Siz meni aşakdaky linklerde tapyp bilersiňiz:
Bu makala şu makalanyň türkmen diline terjime edilen görnüşidir.
Makalany terjime eden we redaktirlän adamlara köp minnetdarlyk bildirýärin. Siz olary aşakdaky linklerden tapyp bilersiňiz:
Bu söhbetdeşlik programmirleme inženeri bolmaga ruhlanan adamlara ýa-da bu ugurda derejesi bolmadyk we näbelli uniwersitetde bilim alanlara öz ýollarynda köp päsgelçilikler bar bolsa-da, karýerasynda indiki derejä çykmagyna ýardam bermäge maksat edinýän söhbetdeşlikler seriýasyndan biridir.
Bellikler:
- Bu söhbetdeşligiň ýazylmagynda haýsydyr bir many ýa-da grammatiki ýalňyşlyk bar bolsa, onda ol söhbetdeş tarapyndan däl-de, eýsem, ýazyjynyň bu söhbetdeşligi ýazan mahaly goýberen ýalňyşlygydyr.
- Bu söhbetdeşlik 2022-nji ýylyň 3-nji iýulynda geçirildi.
- Geljekde söhbetdeşlikleri nädip kämilleşdirmek boýunça pikirleriňiz ýa-da teklipleriňiz bar bolsa, maňa habar bermekden çekinmäň.