Talyp
Kibermedeniýetiň adamlaryň durmuşyna ýetirýän täsiri
4 minut alar
Kibermedeniýetiň düşündirilişi
4-nji senagat öwrülişiginiň dowam etmegi bilen internet tory durmuşymyza uly täsir döretdi. Şunlyk bilen adamlar online bilim öwrenip, wideo görüp, aýdym diňläp we ş.m ýerine ýetirip bilýär. Internet elbetde biziň günlik durmuşymyzy üýtgedýär, ýöne şol bir wagtda adamlaryň düşünjeleriniň we olaryň öz aralaryndaky gatnaşyklarynyň üstünde hem uly täsir galdyrýar. Şübhesiz internet biziň günlik durmyşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Internet tor tehnologiýalary beýleki tehnologiýalardan tapawutlylykda adamlaryň durmuşynyň her tarapyna täsir edýär. (Adamlaryň gatnaşyklary, özüni alyp barşy, hat-da düşünjelerini hem)
1980-nji ýyllaryň başlarynda alymlar Kibermedeniýeti gözden geçirmäge başladylar. Kibermedeniýetiň daşary ýurtlarda gözden geçirilmesi 3 topara bölünýär. Onuň 1-nji topary tor bilen baglanşykly zatlar; 2-nji topary wirtual jemgyýetiň ösüşi; 3-nji topary bolsa toruň özara gatnaşygy we online ösüşi.
Kibermedeniýetiň esasy aýratynlyklary
Kibermedeniýet täze bir medeniýet formasy bolup, döwrümizde dogruçyl we adalatly bir maglumat platformasyna öwrülýär, maglumat globallaşmagy birneme aç-açan. Has demokratik, deň, erkin maglumat alyş-çalyş platformasy kem-kemden emele geldi, bu öňki monopolistik düzgünden tapawutlanýar. Adamlar täze maglumat platformasyna maglumat döredijiler ýa-da maglumat ýaýradbýanlar hökmünde erkin gatnaşyp bilerler. Öňki biziň bilýän medeniýetimiz bilen deňeşdirilende bu täze medeniýetde diňe bir adaty medeniýetiň aýratynlyklary däl, eýsem dürli aýratynlyklary bar. Bu täze kibermedeniýetiň aýratynlyklary aşakdakylar ýaly:
Açyk çeşme(open source)
Tehniki tarapdan, wagt we giňişlik çäklerini bozmak we dünýäni tor bilen baglanyşdyrmak üçin internet aragatnaşyk tehnolgiýasy. Bu ösüş diňe bir adamlaryň arasyndaky wagt bilen giňişligi gysgaltman, adamlaryň arasyndaky psihologiki aralygy hem gysgaldýar. Kibermedeniýet çäksiz giňişlik ýaly, ýagny dünýäniň dürli künjekleriniň medeniýetine laýyk gelýän we olaryň arasyndaky gatnaşyk üçin platforma üpjün edýän giňişlikdir. Dürli medeniýetler bir-birleri bilen baglanyşýarlar, dürli pikirler bir-birleri bilen birleşýärler, dürli maglumatlar bir-birleri bilen ýaýraýarlar. Haýsy ýurda ýa-da haýsy millete degişlidigiňize garamazdan, bu açyk platformada umumy çeşmeleri alyp bilersiňiz. Kibermedeniýetiň bu açyklygy we paýlaşylyp bilinmegi beýleki adaty medeniýetlerden tapawutlanýar, adamlar üçin has giň platformany üpjün edýär.
Wirtual täsir
Wirtual täsir kibermedeniýetiň başga bir möhüm aýratynlygy bolup hyzmat edýär. Kibermedeniýetde tor bilen, adamlar dürli işleri amala aşyrmak üçin wirtual ady we wirtual şahsyýeti ulanyp biler ýaly adamlar üçin wirtual giňişlik döredilen. Bu ýerde hakyky jemgyýetde bolup biläýjek daşky görnüş, ýaş, şahsyýet we status zerurlygy ýok. Adamlar işlemekden, dost edinmekden, dynç almakdan başlap söwda etmek, ideal durmuş ýörelgesini saýlamak ýaly hereketleri wirtual dünýäde amala aşyryp, täze şahsyýet döredip bilerler. Tor özara täsirinde, özara gatnaşyklaryň iki tarapynyň şahsyýetlerine jyns, daşky görnüş we ş.m ýaly hakykatda gizläp bilmeýän zatlaryny gizlemäge mümkinçilik berýär. Adaty köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen deňeşdirilende, iň tapawutly aýratynlygy interaktiwlikdir, yagny adamlary passiw kabul edijiden, aktiw gatnaşyja geçirýär.
Döredijilik erkinligi
Kibermedeniýet platformasynda döredijilik erkinliginden peýdalanyp bolýar. Her kim wagtyň we giňişligiň çäklerini geçip, öz döredijiliklerini aýdyň erkin ýüze çykaryp bilerler. Döredijilik erkinligi adamlara öz döredijiligi üçin ýeterlik ýer berlen, olar sözleri, ses we wideolary, suratlary ulanyp bilerler. Hiç hili wagt çägi bolmazdan. Bu halkyň erkin şahsyýeti üçin platforma döredýär.
Kibermedeniýetiň adamlaryň ýaşaýyş durmuşyna oňyn täsiri
Durmuşyň hilini ýokarlandyrmasy.
Häzirki döwürde jemgyýetiň çalt ösmegi bilen metbugat çeşmeleri köpelýär, maglumatyň berulmegi has çaltlaşýar. Adaty tekst, radio we telewideniýe aragatnaşygy üýtgedildi we munuň ýerine diňleýjileriň maglimat almak üçin has giň usullary bar. Tor tehnologiýasy gündelik durmuşda güýmenje, dynç alyş, iş we okuw durmuşynyň arasyndaky arabaglanşygy bolup durýar. Adamlar online işläp bilerler, zerur bolan okuw çeşmelerini alyp bilerler, hat-da gündelik durmuşda gerek bolan harytlary satyn alyp bilerler
Köp medeniýetli integrasiýa
Täze metbugatyň arka planynda, Kibermedeniýet dünýädäki maglumatlaryň kabul edilmegini we ýaýradylmagyny, iň möhümi ýaýratmagyna mugt üpjün edip goşant goşýar. Tor arkaly dürli medeniýetler düýä bilen tanyşdyrylyp bilner. Tor baglanyşygy arkaly dünýädäki dürlimedeniýetler we siwilizasiýalar birleşdirilip köp medeniýetli integrasiýany emele getirip bolar.
Kibermedeniýetiň adamlaryň ýaşaýyş durmuşyna ýaramaz täsiri
Adaty medeniýetiň täsirini gowşatmasy
Toruň meşhurlygy we köp medeniýetiň bilelikde bolmagy, adaty medeniýetiň täsirini gowşadýar. Fransiýanyň öňki prezidenti Jakues Chirac-yň aýdyşy ýaly “ Häzirki dünýä diňe bir medeniýetiň täsiri astynda”, “bu täze kolonializm”.
Tora aşa baglylyk
Şübhesiz, kibermedeniýet biziň öwrenmegimiz we gündelik aragatnaşygymyz üçin uly amatlylygy üpjün edýär. Şeýle-de bolsa, adamlaryň tora aşa baglylygy hakyky durmuşda adamlaryň aragatnaşyklaryny belli bir derejede gowşatlyk döreder. Hakyky durmuşda adamalaryň gatnaşygy has biperwaý. Toruň aragatnaşyk ýoly, wirtual tebigaty sebäpli adamlara duýgularyny doly beýan etmäge mümkinçilik bermeýär. Şol sebäpden şular ýaly temalarda seresap bolmaly.
Netije
Kibermedeniyete elbetde aýak uýdurmaly bolarys. Ýöne kibermedeniýetiň kömegi bilen alan maglumatlaryň dogrulygyna ünsli bolmaly. Kiber hüjümlerden hem goranmagyn usullaryny öwrenmeli.