Mugallym, manager
Iň gowy bugdaý üçin
1 minut alar
Iň gowy bugdaý bäsleşiginde yzly-yzyna iki ýyl baş baýragy alan daýhan bilen gürrüňdeşlik etmäne gelen žurnalistler ilki bilen özüne:
“Gowy bugdaý ýetişdirmekligiň iň uly syrry nämedir?”- diýen soragyny berdiler.
Daýhan olara mylakatlyk bilen şu geň galdyryjy jogaby berdi:
“Özümde bolan gowy bugdaý tohumlary goňşularym bilen paýlaşmagym.”
Žurnalistler bu jogaba hem geň galdylar hem-de many tapmadylar.
“Nähili? Siz bu bäsleşikde garşydaşyňyz boljak beýleki daýhanlara öz gowy tohumlaryňyzy berýädiňizmi?”-diýip haýranlyk bilen bir habarçy sorady.
“Hawa edil şolar ýaly ýaş ýigit.”-diýip özüne ynamly daýhan jogap berdi.
“Bolýa näme üçin?”-diýdi bir başga habarçy, bilesigelijikleri artypdy.
“Juda ýönekeý sebäbi bar.”-diýip, daýhan habarçylaryň bilesigeliji seridişleriniň astynda düşündirmäge başlady:
“Şemal ýetişip başlan bugdaý dänelerini alar we bir ekinden beýleki ekine çenli göterir. Eger goňşylarym erbet bugdaý ýetişdirseler, olaryň melleklerinden gelen erbet tohumlar meniň hem önümimi-de täsir eder. Şeýlelikde bugdaýymyň hili gaçar. Ine bu sebäpden men gowy bugdaý ýetişdirmek isleýän bolsam goňşylaryma kömek etmegim gerek. Ýaradanyň kanuny şeýle.”
Bu habary gazetleriniň sütünlerine geçiren habarçylarynyň biri, beýleki işdeşlerinden tapawutly edip ýazgynyň soňuna şeýle bir bellik goýdy: “Biz asuda we bagtly ýaşamak isleýän bolsak, goňşylarymyzyň hem asuda we bagtly ýaşamaklaryna kömek etmelediris.”