Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Iki dost

4 minut alar

              (Hekaýa türk ýazyjysy Ýakup Ömeroglunyň «Iki çynar» kitabyndan)

Tomus paslynyň yssy günleriniň biridi. Towuklar diwaryň ýanynda duran gury şahalaryň üstünde agyzlaryny açyp hereketsiz garaşýardylar, olaryň dem alyşlaryny birnäçe metr uzaklykdan hem duýmak mümkindi. Pişikler bolsa, birden ýom-ýok bolupdy, itler  özleriniň tapynan bir kölegesinde edil uklaýan ýaly, hiç hili hereketsiz ýatyrdylar. Biz bolsa Weýsel bilen tut agajynyň kölegesinde üç daş oýnuny oýnamaklykdan halys ýadapdyk. Bu oýunda men näçe gezek utdym,Weýsel näçe gezek ýeňiş gazandy, muny ikimizem bilmeýärdik.

Üç daş oýny ýeňil bir ýel eseri ýaly boldy. Tenimizi örän ýeňillik bilen ýalap geçip barýan şemal bolsa, günüň ýiti yssysynyň-da ýeňilleşjekdiginiň alamatyny aňladýardy.

Weýsel öýüň diwarynyň düýbünde  ýyglyp üýşürilip goýlan otlary görkezip:

 – Ýokardan aşak böküp oýnalymy? – diýdi. Men oňa hiç hili garşy çykmadym.

– Bolýar –  diýdim.

Iki dost bolup gapdalda duran agaç merdiwana münüp, jaýyň üçegine çykdyk. Biz bu ýerde bile durup, aşak tarapa şeýle bir seretdik.

Ýokardan aşak bökmek oýnuny tapan Weýseldi, bu sebäpden ilkinji bolup bökmeli gezegi-de onuňkydy. Şonuň üçin-de, men öz gezegime garaşýardym. Ellerini giňden açyp, ilkinji böken Weýsel boldy. Ol ilki bilen iki dyzyny birneme çeýe edip, özüni boşluga zyňdy. Weýsel jaýyň üçeginden böküp, otuň üstüne düşýänçä  «Hoooooop» diýen sesi-de oňa ýoldaş boldy. Ol üçekden ýere düşen badyna  maňa seredeninde, menem onuň heretlerini gaýtalap, özümi ýokardan aşak tarap otuň üstüne okladym. Uzak wagtlap tut agajynyň aşagynda oturmaklykdan ýadap, ýüregi gysan bedenimiz birden giňän ýaly boldy.

Ýene dessine merdiwana tarap ylgap, jaýyň üçegine ýaňadandan çykdyk. Yssy howada ýokardan aşak bökýän mahalymyz, töweregimizden geçýän şemal göwnümeze bolmasa, bize teselli berýän ýalydy. Ellerimizi iki ýana gerip, jaýyň üçeginden otuň üstüne baka ýere bökýän mahalymyz, özümizi az salymlyk hem bolsa guşlar deýin uçýan ýaly duýýardyk.

Jaýyň üçeginden aşaklygyna, ýerdäki otuň üstüne dogry ýene bir gezek bökdük, ýene bir gezek bökdük...

Ilki bada her gezekki böken saparymyzy sanan bolsak-da, soňabaka sanamagy-da unutduk. Iň soňky gezek «Ýigrimi biiiirr» diýip bökenimiz ýadyma düşýär. Soňabaka bu oýunda içgysgynç bolup başlady.

Iki dost bolup, üçegiň üstünde duran ýerimizden ýokardan aşak bökmek oýnunyň täze bir usulyny oýlap tapmagy meýilleşdirýärdik. Bökmek oýnunyň täze usulyny hem Weýsel oýlap tapdy.

–       Mustapa, birsellem ýokardan aşaklygyna başaşak bökelimi? – diýdi.

Eýsem-de, munuň ýaly edip,  nädip böküp bolarka? Mundan ozal ýokardan aşaklygyna başaşak bökýäni hiç hili görmändimem, eşitmändimem. Ýöne, munuň ýaly bökmek usuly hem, aslynda meniň üçin içgysgynç görünýärdi. Şonda-da, men biraz ikirjiňlenmek bilen: «Bolýar, ýöne ilki sen başaşak bökmeli bolarsyň.» –  diýdim. Weýsel, meniň bu şertimi hem kabul etdi. Ol:

 –  bolýar –  diýdi we üçegiň gyrasyna gelip, ýokardan ýerdäki ota dogry nädip bökmelidigi barada pikirlenip, biraz gorkýan ýaly aşak seretdi. Emma, Weýsel özüniň teklip eden bu oýnundan welin ýüz öwrüp bilenokdy. Ol ilki egildi-de, otuň üstüne böken mahalynda kellesiniň aşakda bolmasy üçin bedenini we hereketlerini sazlap, özüni ýere oklady. Hakykatdanam, ýyglyp goýlan ot üýşmeginiň üstüne onuň ilki kellesi degdi, ýöne soňra bedeni biraz çeýe bolup, otuň gyrasyndan gapdallaýyn ýykyldy-da, ýere tarap togarlandy.  

Weýsel ýykylan ýerinden aýak üstüne galmaklykda biraz kynçylyk çekýän ýalydy. Ol ýerinden turup, üst-başyndaky ot-çöpleri kakyşdyryp durka, menem onuň ýüzüni görjek bolup elewreýärdim. Weýseliň ýüz keşbine seredeniňde, onuň bu gezekki bökmek oýnundan hoşal bolmandygy halyndan mälim bolýardy, ýöne ol yzasyna döz gelip, aglaman merdemsireýärdi. Men oňa:

–       Bir ýeriň agyrdymy? – diýip seslendim.  Weýsel üst-başyndaky otlary

kakyşdyryp durşyna, «ýok»  diýen manyda kellesini iki ýana hereket etdirip:

–       ä – ä – ä... – diýdi

Weýseliň ýüz keşbinden ýokardan aşaklygyna başaşak bökmek oýny hezil däl ýaly görünýärdi, ýöne onuň aýtmagyna görä, hiç ýeri-de agyrmandy. Onuň yzysüre menem bökmeli boldum.

         Men üçegiň gyrasyna gelip, ikirjiňlenip durdum. Çünki, başaşak bökmekden biraz gorkýandygym sebäpli,  men  «Weýsel yzasyna çydap bilmän aglaýsa, bu oýundan ýüz öwrüp bilerin» – diýen pikirine çümüp, örän sabyrsyzlyk bilen garaşýardym.

         Weýsel heniz aglanokdy we ýerden jaýyň üçegine, maňa baka seredýärdi. Şonuň üçin, mundan artyk garaşyp hem bolmajakdy.  Onsoň, menem ýokardan aşaklygyna, otuň üstüne  dogry bökmeli bolanymda, ilki bilen kelläm ýere deger ýaly bedenimi we hereketlerimi sazlap, özümi ýere okladym. Aýagüsti bökmek oýnuna görä, bu oýun örän heýjanlydy. Eger, hakykatdanam bir ýerimizi agyrtmadyk bolsak, başaşak bökmek oýnuny hem, ýene dowam etdirerdik.

         Menem Weýseliňki ýaly kellämiň üstüne düşenimden soňra, özümiň  birden  ýygylgy duran ot üýşmeginiň gyrasyndan mele topraga bakan togarlanyp, ýerde ýatanymy gördüm.

         Aýagüstüne galjak bolanymda biraz kynçylyk çekýärdim, ýöne hiç zat bolmadyk ýaly ýerimden turmaly boldum. Weýsel maňa seredip duran ýerinden, gyryk sesi bilen:

–       Ýagdaýlaryň nähili? –  diýdi.

Ähli ýerim agyrýardy, ýöne çydajak bolup özüme zor salýardym.

–       Meniň endam-janym biraz agyrýar – diýenimde, yza berip duran bilimi

elim bilen tutanymy-da duýman galypdyryn.

         Weýsel:              

 – Meniň-de endan-janym agyrdy – diýen sözüni, entek  doly tamamlamazdan, biri-birimizi gujaklap aglamaga başladyk.     

                                                  Türkmen diline terjime eden: Toýly Jänädow  

 Çeşme: https://newashgabat.com/?p=18846 

8 |