Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

Heň barada maglumat....

2 minut alar

 Eger haýsyda bolsa bir önümde ýa da çörekde heñe(fungi) duş gelseñiz tükedýäñizmi ýa da zyñýañyzmy...? Onda gysgajyk heñ barada maglumat bereýin.

Ene dilim sözlügün-de: "Zaýalanyp, çüýräp, nemli zadyň ýüzünde emele gelýän kerebe meňzeş çygly pos, mikroskopik kömelekler, pilis" diyip bellap geçýär. Muňa mysal bolup : - Olar heň basan çöreklerini torbalaryndan çykardylar.
Laboratoryda bir näçe gezek heñleriñ üstinde analiz edipdim, yöne surat çörekde bar bolan heñjagyzdan bir bölek.

çörek heň kiçi bölek alynyp, Agarozdaky analiz resultatyndan..


📌Tomus aýlarynda köp dush gelýän wakalaryň biri hem heňlerdir. Sebäbi heňler garaňkylykda, yssy we çyg howada dagynyk(ýaýraň) halda bolýandyrlar. Heňler chüýrüklik we parazit halda, köp öýüjükli organizmalardyr.Heňler akdan-ýaşyla, ýaşyldan-çala we gara reňk bolýança zynjyr şekilde dowamlydyr. Mukorlar mysal bersem - bulara zigomisetleriň 400 töwerek görnüşleri degişli. Mukor kömelegi toprakda, ösümlik galyndylarynda, ot iýýän haýwanlaryň derslerinde saprotrof bolup ýaşaýarlar, käbirleri ösümliklerde, kömeleklerde, haýwanlarda we adamda mugthorlyk edýärler. Olar köplenç iýmit önümlerinde ak ýa-da çal reňkli heň örtüklerini emele getirýär. Diňe bir çörek bolman belläp geçişim yaly, gök önümlerde, tomatny pastada,salyonny hayardyr pomidorda, gatyk we ş.m...has hem yumşak bolan(suw mukdary 0.75-0.99) önümlerde dush geler. Elbetde gaty önümlerde hem dush gelmek mümkin. Gaty iýmitleriň(peýnir,syr, kapchonny kolbasa,zeytun...) üstinde bolsa 3-4sm geşjek şekilde aýyryp tüketip bilersiňiz, ýöne ýene de tüketmegiñizi maslahat beremok!


📌 suratda hem görshüñiz ýaly bular sachyñ tary ýaly( mycelium) yayrow shekilde bolyarlar.
📌Egerde heñ görýän bolsaňyz “üstüni süpürüp iýberile, ölesimiz ýokla" diýmäňler…hemme oýunuň başy edil şol ýerden başlar ägä boluň! Bular rak keseliniň kiçi başlangyjy bolup, siňdirme sistemamyza , öýkendir içegelerimize zyýan geler.

Saglykda galyñ!!

185 |