Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

Öwreniji

Başga älemdäki siz

2 minut alar

Giriş

Siz şuwagt bu yazgyny okamagy saýladyňyz. Başga siz bolsa bu yazgyny okaman geçdi, ýene başga siz bolsa ýarsyny okap geçdi, we ýene biriniz bolsa surata girmedi. Paralel älem teoriýasyna hoş geldiniz. 

Paralel älemler

Hawa, muňa kosmologlar çäksiz dünýä, ýa-da paralel älemler diýýär. Bu teoriýa görä, diňe bir sany älem (dünýä) ýok, birtopar, hatda çäksiz sanda bolup biljek älemler bar. Siz şu wagt şol älemlerin birinde ýaşaýarsyňyz. Kelläňiz bulaşdymy?  Entek, hasam bulaşar. Biz bu älemleriň orginalynda ýaşaýan däl bolmagymyzam mümkin. Hemme zatlar: jisimler, galaktikalar, ýyldyzlar, planetalar hemmesi, bir älemin içinde we başga älemlerem bolup, içinde has üýtgeşik zatlar bolmagam ahmal. Hatda başga älemdäki biz, bu sypatymyzdan üýtgeşik bir fiziki sypata eýe bolmagymyzam ahmal (üýtgeşik däl bolmagam mümkin). Biz bir karar aljak bolamyzda, ençeme saýlawlar ýüze çykýar. Meselem ýoldan geçip barýan bolsak, saylawlardan gaty ýöremegi sayladyk, başga älemdäki biz başga yoldan gitmegi saýlady, ýene başga älemdäki bolsa ýuwaş ýöremegi saýlady we belki-de heläkçilige uçrap öldi. Ýa-da başga älemdäki siz  saglykly, akylly bir adam ýa-da baý biridir. Size bu teoriýa akyla sygmajak zat hökmünde gelmesin. Aslynda bilimin, pelsepäniň, kosmologlaryň, dinin, kuantum fizikasynyň, metafizikanyň ele alan meselesi bu, we älem bilen baglanşykly çözülmeýän (älemin daşynda näme bar) meselelerin, eýleki ylmy çakklamalara garanyňda logika gabat geläÿjek, hakynda ençeme işler yöredilen we häzirem ençeme görnüşleri bolan ajaýyp, elhenç teoriya bu.

Bu barada düşürilen iň gowy ylmy-fantastika kinolaryň biri hem ,,Everyrthing everywhere at all once( Hemme zat hemme ýerde we şol bir bada) ,2022-nji ýylda Oskar baýragyny hem alan bu film multiverse barada has hem düşünjäňizi giňeldip biler...

Jemleýiş

Dogrysyny aýtmak gerek bolsa bilim ulgamynda öwrenere zat çäksiz diýen ýaly ,bir zat öwrensek ýene öwrenmeli zatlaryň üsti açylýar , garaňky jaýda bilim bilen elimize şem alyp kiçijik bir bölegi ýagtylandyrdyk indi ol garaňkylykda nämeler bar?! Üsti açylmaga garaşýar we biziň bu ägirt älemiň gözünden seredende, öwrenen zatlarymyzyň bir tozan bölejigi ýalydygy görýäris.

 Platonyň( Sokrates) diýşi ýaly:

Bir zat bilýän bolsam olam hiç zat bilmeýänimdir...

Çeşme: syrly wakalar

198 |
|