Teswirler (10)

Ýüklenýär...
User Avatar

HÄZIRKI MODA GÖRÜMSIZLIK

1 minut alar

Görümsizlik zamanamyzyň modasy we ýaşlaryň arzyly pişesine öwrüldi. Öňler batyrgaýlyk, gaýratlylyk we asyllylyk bilen öwünýän ýaşlar, indi iş oňarmazlyk, haýasyzlyk we gopbamlylyk bilen has öňe çykmagy maksat edinýärler. Zamananyň hassalygyna uçran bu bendelere derman tapylarmyka! Bu juwanlara soňky döwürde gaty köp duş gelýäris we bu san gün saýyn artýar. Bir-birinden galýan ýaly, öz aralarynda ýaryşmaklary bir ýaňa dursun, onam ile paş etmek üçin alada galmaklary näme diýsene! Bu ýaryş kime gerek we näme üçin edilýär?

 

 

Ýaşlyk elden gidip, ömrüñ ýarysy boş geçensoñ ökünmegiñ näme haýry bar! Bu ömür adama bir sapar berilýär we ony başdan-aýak boş geçirmezlik adamyñ esasy maksatlarynyñ biri bolmaly. Edilmeli işler köp, emma, bu iş hem şonça wajyp. 

35 |
|