1 minut alar
HÄZIRKI MODA GÖRÜMSIZLIK
Görümsizlik zamanamyzyň modasy we ýaşlaryň arzyly pişesine öwrüldi. Öňler batyrgaýlyk, gaýratlylyk we asyllylyk bilen öwünýän ýaşlar, indi iş oňarmazlyk, haýasyzlyk we gopbamlylyk bilen has öňe çykmagy maksat edinýärler. Zamananyň hassalygyna uçran bu bendelere derman tapylarmyka! Bu juwanlara soňky döwürde gaty köp duş gelýäris we bu san gün saýyn artýar. Bir-birinden galýan ýaly, öz aralarynda ýaryşmaklary bir ýaňa dursun, onam ile paş etmek üçin alada galmaklary näme diýsene! Bu ýaryş kime gerek we näme üçin edilýär?…