Halyçy
Gündeligimden garaýyş👀 #4
4 minut alar
Allah'ym, dünýä ajaýyplyklardan doly,
men bolsa ýaşamaga ýetişemok..
* * *
👵 - Men ýaşlygymda bilýärdim...
👴 - Nämäni bilýärdiň, ezizim?
👵 - Köp ýyllaryň geçmegi bilen seniň görmegeý garry boljagyňy.
👴 - "Görmegeý garry"... Hmm, owadan söz eken. Garry hatynlaryň içinde-de senden owadany ýok, perim!
* * *
Garry ynsan (meselem, 50+ ýaşly) öz ýaşytdaşyna aşyk bolup bilermi? "He-he, onda maýyl bolar ýaly sypat we 'ýangynly gijeler' ýok" diýseňiz, onda siz ýaş jübütleriň söýgüsiniň-de diňe tebigatyň kör hyjuwyndan ybaratdygyny tassykladygyňyz bolar hem-de söýgi düşünjäňizi (ýa-da ynanjyňyzy) çarçuwa (ramka) salyp, çäklendirdigiňiz bolar.
* * *
Özüme kiçijikden sähelçe ulurak teselli:
Bu zatlar bir OÝUN, gamlanma!
* * *
Nebis - şahsyýetiň ylym-bilmine, dünýägaraýşyna, gözýetimine görä özüniň inini-boýuny biçýär.
* * *
"Suw küýzesi suwda sy:nar" diýýäň, emma ol küýzäniň hilini we bu obanyň önümidigini nireden bilýäň ki, ony ýazgarar ýaly?! Ol nakyly diňe mazalyja tanaýan kişiň babatynda aýtmaga hakyň bar.
* * *
Millet näme üçin liftde surata düşýärkä?
Üç sebäbi bar: 1. Liftiň içindäki yşyk, arka tarapdaky durulyk (hiç zatsyzlyk) we ullakan aýna öýlerinde ýok. 2.Surat 'şyrkyldatmak' üçin amatly pursat, çünki taýynjak täzeje geýimde. 3.Liftde surata düşýänime görä bil ki, men obaly däl!
* * *
IMO-synyň adyna özüniň däl-de, ogul agtygynyň adyny we suratyny goýýan daýzalar ýaly pespäl boluň!
* * *
"Çaga köwşi satylýar. Geýilmedik..." (For sale: baby shoes, never used...) Hemingueý daýyň şu gysga hekaýa rekordyny täzeläp bolmazmyka? Dalaşgär hekaýa:
"Saňa 'doga' edilipdir!" 🌚
Meşhur repçilerimiziň biri Azimus "Oýarmaý" repinde şeýle söz oýnatmasyny aýdýar:"Gerek däl doga almak üçin ýüregimi" :-). Islendik bir yslam ýurduna baryp, musulman kişä "Pylany saňa doga etdi" diýseň, "Allah ondan razy bolsun!" diýip hoşal bolar. Bizde täsin: Allah'a türkmençe haýyş-isleglerimizi aýdanymyzda "dileg" diýýäris, diňe aýat we sürelere "doga" diýýäris.
Pozitiw manyda: "Molla aga, doga (aýat/süre) edäýiň".
Negatiw manyda: "Saňa doga (erk-ygtyýaryňy alyjy jady) edilipdir".
Eýsem "doga" sözi biziň milletimizden başga yslam ýurtlarda negatiw manyda ulanylýarmyka..?
* * *
Jigim Watan borjuna gidensoň telefonyny elime alyp, instagramyna giripdim. Bir gyz şahsy sahypasynda öz suratlaryny goýupdyr, jigim hem munuň DM (direct message) -sine "Güneşi gülüşiňe nähili sygdyrdyň" diýip ýazypdyr. Men - şok. Ilkinji gezek onuň bir gyza lak (täsin söz şu) atanyna şaýat boldum. Dört sözli romantik jümle, ýigdimiziň şahyranadygyny bilemokdym. A soňra görüp otursam, Ezhel'iň "Felaket"
aýdymyndan alan eken-ä ol setiri, peläket🌚:
"Güneşi gülüşüne nasıl sığdırdın,
Döndürür kalbimi çöle..."
* * *
- Näme çagaň bar?
+ Adam Ata we How Ene neslinden homosapiens çagalarym bar.
* * *
- Näme bermeli, köşek?
+ Pylany aga, adatça-ha ynsanlar taksiden düşende pul berýär welin, gyzyňda göwnüm bar, şony beräýseň?
- Köşek, bu mowzuk şeýdip aýdylarmy? Ejeň eli saçakly-çörekli gudaçylyga gelip aýtmaly.
+ Müşgillik şol ikisi bolsa, ynha dükanyň öňünde durus, çörek alyp çykaýyn, telefonymda-da ejemiň suratyny açaýyn. Jogaby aýdaý-da, ýaşuly?!
- 😳
* * *
- Ýary gije derwezäni näme üçin açýaň, gy(z) ?!
Içinden aýtdy:" Romeo bilen görşüp geldim, hamala..." Daşyndan aýtdy:"Itleriň jamyna süňkler atdym".
* * *
Alymlaryň aýdyşy ýaly, men hem ynsanyň beýnisi bilen aşyk bolýandygyna ynanýan. GÖWÜN häkimi (kazysy) bolsa, enaýyja agaç çekijini kakyp, "Aşyk bolduň, köşegim!" diýip, ykrar edýän bolsa gerek.
* * *
"Sag-aman ördüňmi (turduňmy)?" diýmegi halamok we bu bir sowal bolýar-a. "Ertiriň haýyrly bolsun! ("bolsun" sözüni taşlamakda hem zyýan ýok) diýmegi halaýan. Çünki, sowal bermäge garanyňda, ýagşy dileg edilmegi has ýakymly.
* * *
Taksidäki hanymyň aýdan gürrüňinden:
"Mekdebimize iňlis dilinden okatmak üçin bir oglan mugallym geldi. Munuň ejesi-kakasy hem mugallym. 5 ýyllyk okuwy gutarany üçin muňa ýokary synplar berildi. Mundan öňki iňlis dili mugallym gowy okadandygy üçin, bu çagalar özüne ýeterlik iňlisçäni bilýärler. Ýaş, täze mugallym synp tagt:a "october" sözüni ýalňyş ýazypdyr, garaz, okuwçylar muny "Mugallym, bu eýle bolmaly däl, beýle bolmaly" diýip, her zatda tankyt etmäge başlapdyrlar. Bu mugallym bolsa, arzasyny ýazyp, Nohura ýa-da Börmämi gitdi. Ol oba ýerlerde näme "hezillik-dä"... Talypkalar okaman näme işleýäler, düşünemok. Şeýle geleňsiz adamlar sebäpli müňlerçe çagajyklarymyz bisowat, körzehin bolýarlar".
* * *
Dil düwşüp ”belkiler” we
“käşgäler” örtär seni.
~Kakamyrat Rejebow~
Arman çekmek bilen käşgä çekmegiň arasynda tapawut barmykan? Arman - amala aşmadyk isleg we etmedik zadyň üçin puşmanlyk, käşgä - eden zadyň üçin puşmanlykmykan? Bir işe ökünsek "käşgä etmesedim" diýýäris, "arman şuny etmesedim" diýemzok. Ýa-da:" Arman, şo mahal hassadym-da, gidip bilmedim" diýeris, "käşgä hassadym-da" diýmeris. Maňa galsa-ha, tapawutlandyryp ulanylmaly, çünki edilen zat bilen edilmedik zadyň uzaklygy Ýer-Gök aralygy ýaly. Bu mowzuk hakda oýlanmagyma "Bambaşka biri" serialyndaky dialog sebäp boldy. Siziň dykgatyňyza:
👨Sen hemişe şeýlemi?
👩Nähili?
👨Özüni pursatlara bagş edip bilmeýän.
👩Bir pursatlyk hatalaryň ynsana nähili dertler getirýändigini bir bilsediň.
👨Hut şonuň üçin hem puşmanlyk diýip bir zat ýaradylan.
👩Emma puşman boljagyňa gözüň ýetip duran zady bilgeşleýin etmek hata däl -- saýlaw. Ýagny, ýalňyş saýlaw.
👨 "Käşgä etsedim / käşgä etmesedim" bulardan haýsysy has puşman ediji?
👩Käbir puşmanlyklar käbir käşgälerden (etsedimlerden) has gowy. Bu äşgär.
2 bölüm. 54-56-njy minut.
© Derwüş Zenan 2024ý.