Halyçy
Gündeligimden #garaýyş👀 #2
4 minut alar
- Motiwasiýa kitaplary halaýaňmy?
+ Meniň bilýänim -- motiwasion wideolary bolýar, şahsy ösüş kitaplary bolýar. Motiwasiýa wideolar gysga metražly film ýaly, şahsy ösüş kitaplary film ýaly.
* * *
👠-my ýa-da...
2022-de daýymyň ogly jorama öýlendi.Ýagny men hem oglan tarap, hem gyz tarap.Seýrek bolýan bu nesipden paýly ekenim. Toý güni, gelnalyjydan soň, sagat 16.00 töwerekleri, daýymogly oturgyja münüpdir, igenip bir zat gözleýär:
🤵 - Tapamoook-how! Karopka-da, şpilka-da ýok bärde.
Telefonda gözellik salondaky joram (gelin) seslenýär:
👰 - Karopkada däl, gara paketde bolmaly.
("Lalyň diline enesi düşünýän" bolsa, gelniň diline jorasy düşünmesinmi?!)
Telefony alyp, oturgyja mündüm:
🌝 - Tapylmaly zat köwüş şpilkamy, ýa-da saç şpilkamy? ("açyş")
👰 - Waýý... Saç şpilka!
🤵 - Aý, how! Men häliden bäri köwüş gözleýän-ä...
...Biziň millet takyk geplemegi halanok-da.
Emma käte nätakyk gepläp, düşünişmezlikler döretmesek, şüweleňli we ýatlama bolup galyjy wakalar hem döremeýär 🌚
* * *
Gelnalyjyda +50 ýaşly daýzam:
- Oglum gaty haýal sürýäň. Toý bolýanyny bildir-ä. Azajyk betlik (garagolluk) edip, ýanyňdaky maşynlar bilen ýaryşsana! 😼
* * *
Biziň ilde film replikasyny ulanmak ýörgünli. "Aýgytly ädimden" has köp ulanylýar:
"Aýnany kim alsa şol alsyn, bize toý bolsa bolýar".
"Artygyň harmany ýaly boldy bu-la..."
"Merediň gyzy-ha ýetişäýipdir".
" Ýaz! Meň obamdan Artyk (-yň aty alynsyn)!"
Biziň öýümizde iň köp ulanýanymyz Karabas-Barabas replikasy:,,Häzir men şu aýagy iýip, Buratino'ň gözlegine çykjak!"
Meniň iň köp ulanýanym Zoluşka'nyň Anastasiýa we Grizella ýüzlenip aýdýan replikasy:,,Geýimleriňizi özüňiz ýuwuň, men hem şagalaňa gitjek!" 🌚
* * *
"Lukmanlaryň iýeroglifleri" diýip birzat bar we oňa arheologlar, alymlar düşünenok, diňe dermanhana işgärleri düşünip bilýär. Muňa-da şükür! Olar hem düşünmesedi, ahwalymyz niçik bolardy?!
* * *
Bizde ,,ki" sözi ulanylyşdan galdy, gynansak-da arhaizme (köne söze) öwrüldi. Häzirki wagtda ol sözi diňe edebiýatymyz çalajan ýaşadýar. Gündelik gepleşiklerde-de ulanalyň ki, ýitip gitmesin.
* * *
Ogul - gadymy türki söz - öwlat, perzent (iki jynsyýete hem degişli).
Og(u)l+an - "an" gadymy türki dilinde köplük san goşulmasy. Oglan - perzentler, öwlatlar [Nişanyan sözlük app].
Şuny öwrenelim bäri ýaşulularyň maňa "oglum" diýip ýüzlenmesine öýkelemegimi bes etdim :-).
"Zenan", "eren" sözleriniň hem etimologik gurluşy şuňa meňzeş: zen - (pars sözi) aýal, hatyn. Zen+an= aýallar.
Eren - er (1.är; mert; erkek. 2.ýetişen, kämilleşen) er+en=1.ärler; 2.semawy ylymda (sopuçylykda) belli bir derejä ýetenler.
* * *
"Tüwi" bilen "palaw" sözleriň tapawudy: bularyň birinjisi çig, ikinjisi bişen nahar. Dükana baryp "Pylança kg palaw ber" diýemzok. Palaw - özbekleriň dünýä aşhanasyna goşan goşandy. Gadymylygy we milli taýýarlanyş usuly bolanlygy sebäpli, palaw (milli we resmi taýdan özbek nahary) "ÝUNESKOnyň maddy däl, medeni mirasynyň" sanawyna girdi. Tüwiniň diňe palawdan başga işlewde (prosesde) bişirilen görnüşlerinde oňa "tüwi" diýip bileris.
Tüwi - Botanika. Iýmit üçin ulanylýan ak süýnmek, däne, bürünç.
Palaw - at. Ýagda gowrulan etiň üstüne sogan, käşir dograp, suw guýlup, tüwi atylyp, buglanyp bişirilýän nahar
Gury sözden palaw bolmaz, ýag bilen tüwüsi bolmasa (Nakyl) [Türkmençe sözlük app].
* * *
3 dildäki "aga" sözi manysy we aýdylyşy taýdan birmeňzeş: tm - byradar, tr - birader, eng - brother.
* * *
Hiç kime göwni ýetmeýän, diplomly ("giň dünýägaraýyşly"), mugallym goňşymyz ýene-de (pylanynjy diýip aýtmak babatynda hasap ýitdi) zibillerini toplap, haýatynyň düýbünde ýakdy. Biz bolsa ýakymsyz ysly we mikroply tüsseden dem alyp, ugratdyk ony öýkenimize. Akmaklygyň ýetirýän zyýany - şony edýän kişiniň özüne däl-de, esasan töweregindäkilere dert!
* * *
Türkmensähra'daky gardaşlarymyz hakda kelam agyz.
Türkmensährada ýaşaýan (Eýran) 2 milliondan gowrak türkmenler hakda eslije wideolar gördüm. Olaryň hut özleriniň aýtmagyna görä, mekdeplerinde türkmen dili sapaklary ýok. Iňlis dilinden öwrendikleri elipbiý boýunça türkmençe ýazyp bilýärler, şol sebäpli mediada ýalňyş grammatikaly teswirlerini ýazgarmazlygyňyzy maslahat berýän. Instagramda @edebiyatsoyer atly sahypam bardy, okaýan kitaplarymdan postlar paýlaşýardym. Şonda Eýranly bir türkmen gardaş "Allerin dard gormesin!" diýip ýazdy.Ilki düşünmedim, soň "a"-lary "e" diýip okanymda düşündim. Elbetde, Eýranly gardaşlarymyzyň içinde, internetdäki türkmençe kitaplary köp okap, grammatikalaryny 11 ýyl okap hem öwrenmedik raý(at)daşlarymyzdan has kämil derejede bilýänleri-de bar. Wirtual gurşawda edebi saýtlarda olaryň ählisi bilen pikir alyşsadyk örän ýakymly bolardy.
Ene dili hökmünde 2 dilde (beýnisinde şol dillerde pikirlenip we) gepläp bilýän adamlara gözüm gidýär. Türk youtuber zenan Türkmensähra gidende biziňkiler o:t ýaly :-) türkçe gepleýär we öz dilimize ýakyn bolanlygy üçin bary-ýogy seriallara tomaşa etmek bilen öwrenendiklerini aýdýarlar. Şeýlelikde, olaryň 3 dili bilýändiklerini şahsy garaýşym boýunça gipoteza bilen öňe sürýän (diýen bolaýynmy :-).
Iliň çagalary 🔥 ýaly bolsa, biziňkiler 🌊 (tsunami) ýaly!
© Derwüş Zenan 2024ý.