Gün batandan soň asman gümmezimizde Parlak saçýan ýyldyz(Wenera).
3 minut alar
Ýyldyzmyka çyndanam hany onda gel oka…
Wenera- türkmenlerde Zöhre ýyldyzy bilen tanalýan Gün sistemamyzda 2-nji orunda durup Merkuriý bilen Dünýä arasynda ýer alýar. Zöhre ýyldyzy ululygy we gurluşy boýunça Ýere öran meňzeşdir. Onuň radiusy Ýeriň radiusyndan takmynan 328km kiçi bolup, 6050km-e deňdir. Weneranyň aýlanýan ugry beýleki planetalaryň aýlanýan ugurlaryna tersdir.
Wenera asman gümmezimizde parlaýan bir zümrüt daşy ýaly bolany üçin Rim Mitalogiýasynda Aşyk we Owadan goragçy taňryçasy diýip bellenip geçýär ( Grek Mitalogiýasynda bolsa Afrodit diýip bilinýär). Aslynda bu görünýän jisim ýyldyz däldir. Bu gök jismi köp mukdarda Wenera ýa da Ýupiter planetasydyr. Kä-halatlarda bolsa Saturn planetasy hem bolup bilýär.
Ýagşy, nädip onda biz planetamy ýa da ýyldyzmy diýip üýtgeşikligi tapawutlandyryp bileris.? Ýogsada Ýyyldyzlardan tapawutlandyryp bilerismi?
Hawa, Asman gümmezimizde parlaýan Wenera’my ýa da Ýupiter’mi diýip çaklamak aslynda aňsat. Hemme zatdan öň asman gümmezimizde iň parlak iki jisim planetalardan biridir(Wenera we Ýupiter). Bulary tapawutlandyramyzda iň zerur faktlardan biri ýyldyzlaryň nokat şeklinde görünmesinden beter, atmosferadaky tolkunlaşma we ýagtyklyklarynyň göz gyrpýan ýaly has parlak görünmesidir. Planetalarda bu parlaklyk az hem bolsa ýyldyzlarça däldir.
Wenera içki planetalardan biri bolup, ýagny Dünýä bilen Gün arasynda bir orbita bar bolany üçin Dünýäden seredemizde orbita herekedini tapawutlandyryp bilýäris.
Surat 2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Starry Night programyndan alynan. Wenera gündüzlerine günbatar tarapdan parlaklygy bilen “men bärde” diýýär. Ýagny bu ýyl bahar(ýaz) we tomus pasly boýunça günbatar tarapdan görýän jisimiňiz Weneradyr ýagny bu diýmek däl-dir diňe şul ýyla mahsuslygy. Edil bugün görünen ajayyp Aý we Wenerany aşakdaky boşluga ýerleşdirmekçi. Men-hä beýnime train edip synlap üşapjik oturdum we kääşgä gowy telefon ýa da fotoaparat bolsady belki hem şuwagt öz alan suratymy size ýetirerdim. Şuwagtlyk elimizdäkiler bilen we daş töwerekdäkiler bilen azajyk agyz suwjaryp galybermeli bolýar:/
Temamyza dowam etsek Wenera; wagtal wagtal günüň öňünden geçýärkä(orbita), kä- halatlarda bolsa arka tarapynda galýandyr. Meňzeş şekilde aýlanma herekedi(orbitasy) bize görä Günüň ýa sag tarapynda ýa da çep tarapynda durup biler. Wenera Günüň öňünden geçişi iň soňky gezek 2012-njy ýylynda boldy. Ondan öňki geçişi 2004 ýylynda bolup geçdi. Mundan soňraky Wenera günüň öňünden geçişi çaklamalara görä 11-nji Dekabr 2117 senesinde boljaklygy bellenip geçilyär. Şeylelikde, Gündogar tarapda gündüzleri Wenera doganda günbatar tarapyndan görülmeýär. Günbatar tarapynda görülen döwürde bolsa Wenera hiç haçan Gündogar tarapyndan ýalkymyny saçmaz eger-de gündogar tarapda ýyldyz görünýän bolsa bu bir Ýupiterdyr. Wenera nahili hem parlak Ýyldyz ýaly bolsada, Ýupiter we Saturn hem parlakdyr. Elbette bulary bilmegimiz üçin yokarda-da belläp geçişim ýaly Stellarium, Starry Night, Sky map ýaly programmalary ulanmakdyr.
Bu programmany özüňiz hem girip isleýşiňiz ýaly ulanyp bilýäňiz.Bu gün has hem Aý bilen Wenera ýakynlaşýandyr. Asmanyňyzy synlamakdan gaça durmaň.
NOTE: “Gyzymyzyň adyna näme daksak bolar Keywany” diýmek indi megerem kyn bolmaz mundan soň:)
- *Julie Fletcher tarapyndan Awstraliýada surata alynan. Weneranyň çep tarapynda Ak Maýanyň ýoluny görersiňiz.
- ** Betül Turksoy tarapyndan surata alynan -twitter hasaby: @betulturksoy_
ÇEŞMELER:
- Astronomiýa. Orta mekdepleriň X synpy üçin synag okuw kitaby, 2007. H. Meläýew, G. Gurbandurdyýew, H. Hydyrow. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. sahypa97–98
- https://www.kozmikanafor.com/gunes-battiktan-sonra-gorulen-parlak-yildiz/
- https://evrimagaci.org/venus-nedir-venus-hakkinda-neler-biliyoruz-8073