Göwnühoşluk we şübhe
3 minut alar
Ýazan zadyňy kesekiň gözi bilen synlajak bolmaga hemişe dyrjaşmak, elmydama özüňe müňkür bolmak, başarýandygyňa, başarandygyňa şübhelenip gezmek – bu-da ýazýan adamy hemme ýalňyşlyklardanam, bärdengaýtmalardanam, täsirlilik gaýasyndan suwjuklyk girdabyna garşy eňaşaklygyna togalanyp gaýtmakdanam...halas edýän panaseýa (hemme derdiň dermany) däl.
Ýöne şol zatlar her niçigem bolsa, ýazýan adamy, öz “ýazmak zähmetiniň” üstünde üznüksiz işlemäge, adamlaryň pikirine mümkin boldugyndan “özjanjagaz özjanynyň” däl-de, şolaryň nukdaýnazaryndan garap, olaryň edýän bellikleriniň, teklipleriniň arasyndan özi üçin gerekli “zer dänejiklerini” süläp ýaşamaga, ýazmaga endik etdirýär.
Şol endigem ýazýan adamy belli bir derejede çus (tonusda) saklaýar. “Belli bir derejede” diýýändigimiň sebäbi, “gowy ýazmak” diýilýän, hemmelere düşnükli bolar ýaly edip çürt-kesik we aý-aýdyň düşündirip bolmaýan närse, diňe muňa bagly däl. Meniň pikirimçe, muny başarmak üçin, Gurbannazar agamyz aýtmyşlaýyn: “başga-da kän zatlar, kän zatlar gerek”.
Zehin...
Zähmet...
Yhlas...
Üznüksiz okamak...
Ýazmak pişesine çensiz-çaksyz höwes, hyjuw...
Ýazmak pişesinden ägirt uly lezzet almak...
Synçylyk...
Öz-özüňe juda zabun tankydy göz bilen garamak...
Ýazmak pişesini gaýyrmak bilen ýagşylyk edýäniňe ynam...
Birwagtyň özünde hemişe gursagyňda tüweleýläp duran, özüň ýazyp bilýändigiňe müňkürlik hem-de gowy ýazmagy başarýandygyňy syzmak...
Okalýandygyňa, iň bolmanda haçanam bolsa birwagt okaljakdygyňa umyt...
Durmuşyň her bir hadysasyny, närsesini üznüksiz we birsyhly seljerip ýörmek (analizlemek)...
Hiç haçan tükenmeýän gözleg...
(Nämäň gözlegi?
Hemme zadyň...
Owaly bilen öz-özüňi, öz ýoluňy, öz ornuňy agtarmak...)...
Söz we sözlem duýgusy...
Her bir zady ýazanyňda hut şeýle görnüşde we möçberde ýazmalydygyňy äşgär syzmaga ukyplylyk, ýagny çeniňi bilmegi başarmak...
Akyllysyramazlyk, köpbilmişsiremezlik edäheti...
...Umuman “gowy ýazmagyň” düzüm bölegi kän. Haýsy birini sanajak?
Emma gowy ýazmazlygyň özenini welin, meň pikirimç-ä ýekeje zat emele getirýär – Öz-özüňden göwnühoşluk!
Öz ýazyşyňdan, öz “eden bolan boluşjygyňdan” hemişe razy bolup başlan pursatyňdanam, “gowy ýazmaklyga” tarap barýan ýoluňda stagnasiýa (latynça: stagno – ýata suw; hereketsizligi, bir ýerde doňup galmagy aňladýar) başlaýarmyka diýýän.
Elbetde, ýazýan adam öz ýazan ol ýa-da beýleki zadynyň gowy (şowly, täsirli) çykandygyny özi anyk duýubam biler, özüniň bitiren hut şol işinden razy hem hoşal bolubam. Şu ýerde A.Puşkiniň “Boris Godunow” atly taryhy dramasyny ýazyp bolandan soňky: “Haýtjana Puşkin! Haýtjana köpeý ogly! (Ай да Пу́шкин, ай да су́кин сын!)” diýen seslenmesini ýada salalyň.
Ýöne ýazýan adamyň beýle göwnühoşlugy onuň ruhuny zaýalaýan, onuň ýazmak pişesinde kämilleşmek ukybyny ýom-ýok edýän öz-özüňden monça bolmak däl. Bu razylyk, hoşallyk oňa Hudaý tarapyn çeken zähmeti üçin berilýän ruhy lezzet serpaýy.
Ýazmak meselesindäki razylyk-närazylyk hakyndaky şu gysgaça oýlanma has täsirli bolar ýaly, ony Gurbannazar Ezizowyň şu temadan ýazan şygrynyň bir topbagy bilen tamamlaýyn:
Ýaz!
Ýazmakdan ýaňa gurasyn goluň.
Gijäň köpi geçip, galypdyr azy,
Sen özüňden näçe närazy bolsaň,
Il senden şonça-da razydyr, razy.
(G.Ezizow. Saýlanan eserler. Aşgabat: Bereket-Bina, 1995. 117-118 sah.)
Özüňden aýry-aýry zatlary ýazanyňda belli bir derejede razy bolman ýazmak bolsa, mümkin däl. Ýogsa ýazmagam edil hiç hili aýlyksyz, taňryýalkasynsyz, baýraksyz, sagbolsunsyz, gadyrbilmezleriň hatyrasyna zähmet çekilen ýaly bir zada öwrülerdi.
Gadymy grek rowaýatlaryndan çykyp gaýdan “Sizifiň zähmeti” diýlip, atlandyrylýan bimany zähmetiň şertli aňlatmasy ýadyňyza düşdümi?
Zähmetiň manysy nämede?
Elbetde onuň üçin alynjak hak-heşdekde.
Bu ýerde: “hak-heşdek” diýenimde, bu düşünjäň diňe pul manysyny göz öňünde tutmaýaryn. Laýyk ýerinde aýdylan “sagbolsunam”, “berekella-da”, şo işi eden adamyň özünde döreýän kanagatlanmak, lezzet duýgusam...şu düşünjäň içine girýär.