Teswirler (33)

Ýüklenýär...
User Avatar

GÖRIPLIK MENDE BARMYKA?

2 minut alar

Suratyň awtory: Serdaryn_Pikirleri

Göriplik gurasyn, göriplik! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

 

Adam atanyň iki ogly, Habil we Kabil bir-birine duşman bolupdy. Olaryň arasyny açan duýgy- göriplikden başga zat däldi. Şeýlelik bilen adam göriplik duýgusyny iki doganyň bir-birine bolan duşmanlygy arkaly tanady. Ýogsa, göriplik mundan ozal bilinmeýän bir duýgudy. Belki, bilinmegi bir tarapdan gowy hem boldy. Diýmek, göriplik adamyň içinde saklap bolmaýan bir duýgudy we ony ýüze çykarmak üçin bir sebäp bolmalydy. 

 

Göriplik – içigaralyk, bahyllyk ýaly sözler bilen bir manyda ulanylýar. Umuman, adamyň özüne degişli bolmadyk baýlyga, ylma, owadanlyga, bagta, ýan-ýoldaşa, üstünlige we ş.m. zatlara eýe bolmak arzuwydyr. Geliň, göriplik duýgusynyň adamda ýüze çykmagyna sebäp bolýan faktorlara seredeliň:

 

1-Birini ýigrenmek duýgusy: Biriniň başyna bir betbagtçylyk gelen wagty begenmek.

 

2-Içigaralyk ýa-da bahyllyk duýgusy: Biri onuň ýanynda baýlygyndan söz açan wagty, oňa bolan ýigrenjiň döremegidir.

 

3-Gedemlik ýa-da ulumsylyk häsiýeti: Ýagny, "olam adam menem adam onda nädip munça baýlyk, owadanlyk ýa-da ylym bolup bilýär?»- diýip gynanjyny ýüze çykarmak.

 

4-Maksadyna ýetip bilmezlik duýgusy: Iki okuwçynyň arasyndaky bäsdeşlik ýa-da firmalaryn öz arasynda müşderi ýygnamak üçin bir-birini garalamagy ýaly mysallar berip bileris.

 

5-Men-menlik duýgusy: Ýagny, özünden başga hiçbir adamyñ ony geçip biljegine ynanmazlyk.

 

6-Özünde bar bolan bu häsiýeti görmezlik ýa-da kabul etmezlik duýgusy: Umuman, bular ýaly gylyk-häsiýetiň özünde barlygyna ynanmazlyk.

 

Adam bular ýaly duýgulara duçar bolanda, nädip saplanmalydygy baradaky soraga, geliň, birlikde jogap gözläliň! Adam ilki bilen özünde bar bolan bu duýgyny anyklamaly we ony aradan aýyrmak üçin herekete geçmelidir. Bu erbet duýgulary ýüze çykarmazlyk üçin özüne az-kem zor salmalydyr. Beýleki adamlaryň baýlygyny, mertebesini ýa-da şanyny we şöhratyny sorag ideg etmek üçin azara galmaly däldir. Göriplik duýgusy ýüze çykan wagty, ony garşydaşyna bildirmezlikdir. Bu ugurda öz işiniň ussatlary bolan degişli hünärmenlerden akyl we ruhy taýdan goldaw almak hem gerekli hem-de peýdaly bolup biler.

 

©Serdaryn_Pikirleri

08.06.2024ý.

304 |