Terjimeçi
Geň-taň ogurlyk / satiriki hekaýa
2 minut alar
GEŇ-TAŇ OGURLYK
Gyşyň aňzak tüni. Satyjy dükanyň penjiresiniň daşky gözeneklerini ýapyp duran mahaly tötänden dükanyň içinde gezip ýören bir adama gözi düşdi. Daşary çykmazdan ozal dükanda adam galandygyny görmändi. Nätanyş adam tekjede duran birnäçe bölek mesgäny çakganlyk bilen alyp, başgabynyň içinde gizledi. Satyjy gapydan daşary çykmaga howlugyp gelýän ogryny synlap duran mahaly "Täsin iş boldy bul-a" diýdi. Aýny wagtynda oňa jeza bermegiň ýoluny hem agtarýardy. Çykyp gitmäge şaýlanan nätanyş adamyň eli gapyň tutawajyna degen wagty satyjy içerik girdi.
— Jenap, gidip barýarsyňyzmy? Sowuk doňduryp barýar-a. Görnişiňizden sizem gowuja üşäpsiňiz öýdýän. Bärik geliň, hany!
Nätanyş adam satyja alarylyp seretdi. Gözlerinden howatyrlanýandygy duýulýardy. Ol näme etjegini, näme diýjegini bilmedi, çaltyrak dükandan garasyny saýlamak isleýärdi, sebäbi başgabynyň içinde mesge bardy ahyryn… Emma bialaç satyjyň yzyndan ýöredi.
Dükanyň eýesi onuň egninden tutup, otagyň burçundaky pejiň gapdalynda oturdyp, rehimdarlyk bilen:
— Bilýäňizmi, bular ýaly sowuk gijede az-kem ýylynmasaňyz doňup galjagyňyz anyk— diýdi.
Satyjy peje yzly-yzyna odun salyp başlady. Ogry oturan ýerinde mesgäň eräp barýandygyny duýdy. Birden ol böküp turup hökmäny gitmelidigini aýtdy.
—Nirä howlugýarsyňyz, ýene biraz oturyp gowuja ýylynyň! Meňem içim gysyp durdy. Gowusy, men size gyzykly bir hekaýa aýdyp bereýin.
Ogry takatsyzlandy.
— Ýok, ýok! Gitmesem bolmaýar. Mallaryma seretmeli, olar aç galan bolsalar gerek.
— Goýsaňyzlaň, gyzgynjak otagda biraz gürrüňleşeris, soňurrak gidersiňiz-da.
Biçäre adam bu wagt näme etjegini bilenokdy, çünki başgabynyň içindäki mesge ýüz-gözlerine akyp başlapdy. Satyjy bolsa bu ýagdaýy görmedik kişi bolup peje odun salmagyny dowam edýärdi.
Satyjy gürrüňini dowam edip:
— Bu gün gowy gije boldy— diýdi— Başgabyňyzy çykarsaňyzlaň, otagyň içi juda yssy ahyryn.
Biçäre ogry çydap bilmän ahyry:
— Ýok — diýip gygyrdy— Men gitmesem bolmaýar! Rugsat beriň! Halym erbetleşýär.
Bu wagta çenli mesge onuň boýnundan geýimine, eşiklerinden joraplaryna çenli akyp barypdy. Ol edil ýagly wanna düşen dek bolupdy.
Satyjy ýylgyryp:
— Eger siz çyndanam gitmek isleýän bolsaňyz, ýoluňyz ak bolsun.—diýdi, ogry dükandan çykyp barýan wagty — Men dokuz pensi juda eý görýärin, emma başgabyňyzyň içindäki bir funt mesge üçin sizi günäkärläp bilmerin— diýip sözüniň üstüni ýetirdi.
Mark TWEN
Terjime eden Saparmyrat GÜRGENÇLI