Geçmişden bu ýaňa Nobel baýragy.
1 minut alar
"Nobel" dünýäde iň meşhur baýraklaryň biri diysek hem ýalňyşmarys. Ilkinji Nobel baýragy 1901-nji ýylda Şwesiýada berilip başlandy. Nobel baýragy Alfred Nobelin ölüm gününe bagyşlanyp her ýylyn 10-njy dekabrynda berilýär.
Bu baýragyň döremeginiň esasy sebäpkariniň biri hem Alfred Nobeldir. Ol 1833-nji ýylda Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde dünýa indi. Hünäri boýunça himik bolan Alfred ilkinji bolup dinamiki oýlap tapdy.1895-nji ýylda Alfred Nobeliň ýazan wesýetine görä "Nobel" baýragy döredildi.
Bu baýrak Fizika,Himiýa, Lukmançylyk, Edebiýat we Parahatçylyk ugurlary boýunça uly işleri bitiren şahsyýetlere berilýär.
Geçmişden şu güne çenli jemi 609 sany Nobel baýragy berildi. We şolaryň 58 sanysyna zenanlar eýe bolup,olardan 1903-nji ýylda Mariya Kyury Nobel bayragyna mynasyp bolan ilkinji zenandyr.Bu baýraga 2014-nji ýylda mynasyp bolan iň ýaş ýeňiji, Parahatçylyk baýragynyň eýesi Pakistandan 17 ýaşly adam hukuklaryny goraýjy Malala Ýusufzaý boldy. Iň ýaşuly ýeňiji, 2019-njy ýylda himiýa baýragyna mynasyp bolan 97 ýaşly amerikan alymy Jon Gudinofdyr.
Taryhdan şu güne çenli 122 ýyllap Nobel baýragy berilip gelinýär.Nobel baýraklaryna iň köp ABŞ, Şwesiýa, Germaniýa, Fransiýa, Angliýa mynasyp bolýar.
Şwesiýanyň Korollyk Ylymlar akademiýasy, Şwesiýa akademiýasy, Karolin instituty we Norwegiýanyň Nobel komiteti tarapyndan fizika, himiýa, edebiýat, parahatçylyk we fiziologiýa ýa-da lukmançylyk ugurlarynda gazanan üstünlikleri üçin şahsyýetlere her ýyl Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde Nobel baýragy dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.