Teswirler (21)

Ýüklenýär...
User Avatar

Suwy özi dökse-de, Çingiz hana käýedi...

2 minut alar

Daşoguz...

Köneürgenç...

Horezimşalar...

Törebeg hanymyň, Soltan Tekeşiň, Gutlug Timuryň, Il-Arslanyň kümmetleri...

Bulary görüp, ýüregim gyýym-gyýym bolýar, içim ot bolup ýanýar.

Neden mi?

Sorma kardeşim.

Bir wagtlar gülläp ösen, ylmyň, bilimiň, söwdaň ösen ýeri bolan Horezim, tekepbirligiň, ulumsylygyň, nadanlygyň gurbany bolýar. 1220-nji ýylda Çingiz hanyň hut özi 200 müň goşun bilen, Horezmi kül peýkun edip gidýär.

Nedenmi?

Sorma kardeşim. Içim ot bolup ýanýar.

1215-nji ýylda Horezim şasy Muhammet şa Mongoliýa bilen dostlykly we söwda gatnaşygyny ýola goýmagy teklip etmek üçin Çingiz hana ilçi iberýär.

Bu teklip Çingiz han tarapyndan gyzgyn garşylanýar we 1218-nji ýylda Çingiz han öz ilçilerini şertnama baglanyşmak üçin Horezime iberýär. Çingiz hanyň ilçileri Muhammet şaha Çingiz hanyň hatyny gowşurypdyrlar. Hatda Çingiz hanyň Muhammet şany öz ogly ýaly gowy görýändigi aýdylýardy.

Şol ýyl, ýagny 1218-nji ýylda, Çingiz han 500 düýeden, 450 adamdan ybarat bolan kerweni söwda etmek üçin Horezme ugradýar. Kerwen Horezime gelende, kerweniň ýükleri talanýar, kerwendäki söwdegärler öldürilýär.

Muny eşiden Çingiz han, talanan ýükleriň yzyna gaýtarylmagyny we söwdegärleri kim öldüren bolsa, şolaryň jezalandyrylmagyny talap edip, Horezime ilçi iberýär.

Çingiz hanyň bu talabyna Muhammet şa gödek jogap berip, bu ilçiniň sakalyny syryp kowýar, ilçiň ýany bilen gelenleri hem öldürýär.

A-na, şondan soň, 1220-nji ýylda Çingiz hanyň hut özi 200 müň goşun bilen, Horezmi kül peýkun edip gidýär.

Eý Patyşahy älem Horezim şa! Suwy özüň dökdüň, kerweni özüň öldürdiň, ilki özüň başladyň...Ötünç soramagyň ýerine, Çingiz hana käýäp, gödek jogap berýäň. Näme üçin beýdýäň? Sen sebäpli Horezim kül weýran boldy, halkyň gyryldy...

326 |