Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

Talyp

Garyp adamlar bilen baý adamlaryň arasyndaky tapawudy

2 minut alar

Men bu makalamda garyp adamlar bilen baý adamlaryň tapawudyny aýtmak isleýärin. Ilki bilen aýtjak zatlarym meniň öz şahsy pikirim,  elbet-de siz dogry däl diýp bilersiňiz çünki her kim durmuşa öz penjiresinden garaýar. Her kimiň dünýä garaýşy deň bolmaýar. Indi bolsa garyp adamlardan aýdyp başlaýyn. Garyp adamlar pullary kän bolman biler ýöne özleri baý bolup bilerler. Muny size özimden mysal getirip düşündirsim has düşnükli bolar. Men özim  maddyýet tarapdan baý adam däl ýöne men özimi baý diýip hasaplaýaryn çünki meniň ejem-kakam  bar, ene-atam bar, jigilerim bar, ýaşamaga jaýymyz bar, maşgalamyň jany sag, özim sagat adam ine şu sanap geçen zatlarym meniň üçin baýlyk. Pulam elbet-de gerek ýöne pul hakynda indiki ýazjak makalamda giňişleýin sizlere düşündirerin. Indi baý adamlar hakynda aýdyp geçeýin. Baý adamlaryň pullary kän bolup biler ýöne özleri baý bolman bilerler çünki pullary kän bolany bilen köp baý adamyn maşgalasy bozulan bolup biler , saglygynda mesele bolup biler, maşgalasy bolubam agzybirlik bolman biler,ene  atasy bolman biler, ýan ýoldaşy ýok bolup  biler. Şu zatlary aýtmak bilen  näme diýmek isleýän köp zady pula satyn alyp bolanokdygyny düşündim. Ýagny pul adamyň durmuşynda esasy zat däl ýöne haçanda adamyň durmuşynda pul ýetmedik ýagdaýynda pul 1-nji ýere geçýär. Okanyňyz üçin köp sagboluň peýdaly bolandyr diýip umyt edýärin. Durmuşyňyzda üstünlik hemraňyz bolsun! 

104 |