Philologist
Ene-atalar barada bilmeli zadymyz / Ene-atanyñ görnüşleri
3 minut alar
- Seržant
- Dikuçar
- Maslahatçy
Ýokarda agzalýan sanaw haýsdyr bir käriñ ýa-da bir guralyñ adydyr öýtýäñizmi? Ýok. Bular düýbünden başga zatlar.
Bir maslahatçy ýa-da seržant bir kãriñ ady däl bolsa, dikuçar bir uçar abzaly däl bolsa, onda olar nämekä?
Bular ene-atanyñ görnüşlerini añladýar.
Hawa, ynanmak kyn hem bolsa şeýle.
"Nädip?" diýýäñizmi?
Ene-atalyk wezipesi her bir maşgalada başgaça ýerine ýetirilýãr. Ene atalarymyzyñ bize terbiýe berişi, olaryñ bize bolan garaýyşy, biz bilen özlerini alyp barşy hakynda meşhur amerikan psihologlary Jim Feý we Çarlz Feýiñ nazaryýeti boýunça üç görnüşli ene-ata bolýar.
1. Seržant ene-atalar.
"Söýgi we logika" atly maşgala durmuşynda ene-atalaryñ görnüşleri we kesir çagalar bilen nädip baş alyp çykmalydygy barada ýazylan diýseñ gowy kitabyñ awtorlarynyñ pikiriçe seržant ene-atalar çagalaryna tarap has pugta we talap ediji daraşýarlar.
Seržant ene-atalaryñ pikiriçe "Men näme diýsem şol hem bolar".
Olar çagalarynyñ ähli hereketlerini gözegçilikde saklaýarlar.
Bu bir tarapdan bu çagalary ähli kada-kanunlary doly we dogry berjaý edýän, diýen edýän, terbiýeli, maksada okgunly, seresaply adam etse, beýleki tarapdan olar mydama başgalarynyñ aýdanyna tabyn, öz pikirini aýtmakdan çekinýän adamlar bolup ýetişýärler.
2. Dikuçar ene-atalar.
Beýle görnüşli ene-atalar çagalarynyñ daşynda perwana bolup aýlanýarlar. Hemişe gerek zady bilen üpjün edýärler, çagalarynyñ gelejegi üçin olar hemme zady etmäge taýyn.
Bu ene-atalar çagalarynyñ mydama howpsyzlygyny we mätäçliklerini üpjün edip, kynçylyklardan goraýarlar. Emma bu maşgalada çagalaryñ özüne ynamlylygyny pes bolýar, durmuşa we zähmete "bişişmeýärler", ene-atalararyna mydama garaşly bolýalar, emosiýalaryna erk edip bilmeýän (biraz lälik) bolýarlar.
3. Maslahatçy ene-atalar.
Bu ene-atalar çagalaryyñ eden ýalñyşlyklaryndan sapak edinmeklerine ýol berýärler, karar bermegi çagalaryñ özlerine goýup durmuşda öz ýollaryny tapmaga kömek edýärler. Ene-ata "Ynha şeýle etseñ şular ýaly bolýar, beýle etseñ bular ýaly, ýöne näme etjegiñi özüñ bilýäñ" diýip çaganyñ özbaşdaklygyny has öñde goýýarlar.
Maslahatçy ene-atalar çagalaryna uly ynam bildirýärler. Elbetde, bu diýmek, çagalar köp ýalñyşyp bilýär, howpsuzlyk we seresapsyzlyk ýüze çykyp bilýär diýmekdir. Muña garamazdan, çagalar kynçylygy ýeñip geçmäge, ýagny, durmuşa özleri taýyn bolýarlar, özlerine bolan ynam hem ýokary bolýar.
Ýokarda agzalan ene-atalaryñ görnüşleri köpçülik tarapyndan iñ köp ulanylýan görnüşler bolup durýar.
Jemläp alanymyzda, ene-atalar diñe şu üç görnüşde bolýar diýip hem bilmeris, çünki her bir maşgalada dürli terbiýe usuly bar.
Terbiýe bermekde her bir çaganyñ aýratynlygyna hem uly üns bermeli bolýar, çaganyñ dürli wagtda özüni alyp barşy hem tapawutly bolýar, şonuñ üçin iñ gowusy üç usuly hem ýeri gelende ulanmak.
Edil uçaryñ iki ganaty we dolandyryjy pilodynyñ bolşy ýaly, deñagramlylygy saklamaga çaga terbiýesinde üç usulyñ hem ähmiýeti uludyr!
Şu ýerde şu nakyl gowy gelişermikä diýýän:
"Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar, birin aýyrsañ hiç bolar"