
Halyçy
Empatiýa we simpatiýa näme?
2 minut alar
Empatiýa - başga biriniň şol pursatdaky duýgy-pikirlerini, öz duýgy-pikirlerine tarap ýönelmezden, bagly bolmazdan düşünip, duýgudaşlyk edip bilmeklik başarnygydyr.
Empatiýa synlamaga esaslanýar we başga biriniň içinde ýaşamagyndaky ahwalyny, duýgusyny takmynan çaklamakdyr ýa-da düşünmekdir. Empatiýa köplenç simpatiýa bilen garyşdyrylýar.
Empatiýa - başga bir adam "bilen duýgy" başdan geçirýän bolsa, simpatiýa başga bir adam "üçin duýgy" başdan geçirýär. Birinjide başga adamyň duýgusy çak edilýär, ikinjisinde bolsa edil duýulýar.
Empatiýada ynsan, başga birine düşünmek üçin onuň ahwalyny tassyklamagyň zerurlygy bolmazdan, duýgusyna düşünip biler.Şonuň üçin bu hiç hili tankydy öz içine almaýar, käwagt diňe diňlemek ýeterlikdir.
Simpatiýada garşydaky kişiniň ahwalyna garamazdan: dogry, ýerlikli, adalatly seljeriler, ol kişiniň şol wagtdaky ahwaly, duýgulary teswir we tankyt ediler.

Empatiýanyň maksady - tankytsyz duýgudaşlyk, simpatiýanyň maksady- "gowulyk". Esasan-da, simpatiýa ideg edijilerde köp duş gelýär.
Kämahal empatiýa simpatiýa öwrülip biler. Mysal üçin, başga birine howp abanýan bolsa we ony goramak / ideg etmek islegi ýüze çyksa, empatiýadan simpatiki çemeleşmä geçip bolar. Şeýle-de bolsa, literatura, professional we şahsy durmuşda empatiýany ulanmaklygyň kişiniň özi we beýleki adam üçin has amatly we netijeliligi öňe sürülýär.

Psihiatrik hassalyklarda empatiýanyň birnäçe möhüm wezipesi bar: näsag özüni ýalňyz ýa-da üzňe (izolirlenen) duýmaz we duýgy- pikirleriniň kabul edilip, özüne ähmiýet berilýändigine göz ýetirer. Saglygy dikeldiş döwründe passiw bolmagyny bes eder, aktiw bolar, özüni dolandyrmak (kontrol) ugrunda ädim äder we garaşsyz, erkin kararlar almaga başlar, özüne bolan ynam artar.
Töweregindäkilerden empatiýa görýän hassalaryň gowulaşmagy, empatiýa görmeýänlere garanyňda has ýokarydyr.
Simpatiýa - (grekçe ,,syn - birlikde" ,,pathos- duýmak) başga bir ýaşaýyş şekliniň derdine ýa-da mätäçligine aň ýetiriş, düşünmek we garşylyk bermek manyny aňladýar. David Hume:,,Ynsanlaryň nerw ulgamynyň we duýgularynyň meňzeşdigi sebäpli, islendik bir kişiniň hereketiniň beýlekiler tarapyndan (aň-düşünje taýdan) kabul edilýändigine esaslanyp simpatiýa düşünjesi dörändir".
Empatiýa gowy niýetler üçin ulanylanda işbirligi, öndürijilik, parahatlyk, we bagtlylygy artdyrýan başarnykdyr, onuň saýasynda adam gatnaşyklary ösýär, adamlaryň arasyndaky söweş azalýar.Emma erbet maksatlar üçin ulanylanda hileli dolandyryşa (manipulýasiýa) öwrülýär.
Gözegçilikler we derňewler empatiýanyň ene bilen çagalaryň arasynda we ekizleriň arasynda ýygy-ýygydan ýüze çykýandygyny görkezdi.Haýwanlarda geçirilen gözegçilikler empatiýanyň esasan-da ene-atalar bilen çagalarynyň arasynda ýüze çykýandygyny görkezýär. Mysal üçin, bir gözegçilik derňewinde çagalaryndan birnäçe kilometr uzaklyga äkidilen ene towşanyň çagalary öldürilende zaryn-zaryn gygyrýandygy syn edildi. (,,Magtymguly, haýwan bilse balasyn,
Ynsan bagryn duzlamaýan bolarmy?!")
Latynça ,,em - iç, içine, içinde" ; grekçe ,,patheia - duýgy, gam, jebir-görgi, duýujylyk" sözlerinden dörän ,,Empathy" adalgasydyr.
Çeşmeler:
https://www.kemalarikan.com/empati-ve-sempati.html
https://tr.wikipedia.org/wiki/Sempati
https://tr.wikipedia.org/wiki/Empati#:~:text=Empati%2C%20e%C5%9Fduyum%20ya%20da%20duyguda%C5%9Fl%C4%B1k,nesnelere%20yans%C4%B1tmak%20anlam%C4%B1nda%20da%20kullan%C4%B1l%C4%B1r.