Talyp
Emeli aňyň el telefonlarda ornaşdyrylmagy
1 minut alar
Emeli aňyň ýyl-ýyldan güýçli depginde täze derejelere galmagy munuň özi adamyň ewolýusion taýdan ösmegine hem oňaýly täsir edýär. Häzir emeli aňyň ösen derejesine üns bersek haýrana goýýar. Häzir emeli aň tekst bilen işlemekden daşary surat we wideo formatlary bilen türgenleşip gün-günden kämilleşýär. Hasaplaýyş gurluşlaryň(CPU, GPU, NPU) öndürijiliginiň ýokarlanmagy munuň tehnologik açyşlaryň hem-de ösüşleriň tizligini diňe artdyrar.
Häzir el telefonlaryň has dogrusy smartfonlaryň öndürijiligi soňky 10 ýylyň dowamynda diýseň ýokary derejelere ýetdi. Bu kämillik dälmi eýsem?!
Häzir mobil prosessorlaryň iň kämilini mysal getiresim gelýär. Modeliň ady: “Qualcomm Snapdragon 8 Elite”. Bu modeliň öndürijilik häsiýetnamasy barada aýdanyňda, prosessoryň maksimal ýygylygy 4.32 Gigagers we keş ýady 24 Megabaýt. Meni bu modelde hasam ýygylygy (4.32 Ggs) haýrana goýýar.
Mobil çipleriň öndürijiliginiň ýokarlanmagy bilen öndürijilere emeli aňy göni mobil telefonlara oturtmaklyga mümkinçilik berýär. Bu bolsa telefonlaryň kämilliginiň has hem ýokary derejä barmaklygyna uly itergi berýär. Eýýär häzir telefon öndürijileri telefonlara emeli aňyň kiçi modellerini ornaşdyryp başladyrlar. Bu bolsa telefonlara akkumulýatordan kän wagt işlemekligini(awtonomnost) we ulanyjy tarapyndan buýrulýan tabşyryklaryň(kamanda) çalt ýerine ýetirilmegine getirýär.
Häzir öndürijileriň emeli aňy telefonlara ornaşdyrylmagy bizi begendirmän duranok. Wagtyň geçmegi bilen bular ýaly usul ulanyjylaryň gündelik işlerine diňe oňaýly täsir eder.