Dünýädäki owadan köçeler
1 minut alar
Dünýäniň serhetleri näçe giň bolsa-da, iki burçunda biri-birine meňzeýän köçäni hiç wagt tapyp bilmersiňiz. Ýöne ähli köçeleri owadan we ýatdan çykmajak diýip atlandyryp bolmaz. Arhitekturasy we daşky gurşawy bilen meşhur bolan köçeler adamyň ömründe ömürboýy yz galdyrýar.
Şeýle köçeleriň biri Caminito şaýoly, onuň gözelligine haýran galmazlyk mümkin däl.Bu reňkli köçe, Argentinanyň La Boka etrabynda ýerleşýär we XIX asyr taryhynyň bir bölegini öz içine alýar. Ýewropaly immigrantlar bu ýerden Italiýanyň Genowa şäherinden göçüp, pes girdejisi sebäpli jaý gurmakda kynçylyklara sezewar boldular. Jaýlaryň gurluşygynda gasynlanan metal bölekler ulanyldy we ellerinde tapylan dürli reňkli boýaglar bilen örtüldi we bir reňk gutaransoň, başga birine geçdiler.
Russiýanyň Köne Arbat köçesi taryhy bilen köpleri özüne çekdi. Bu köçede Tolstoý, Çehow, Puşkin, Gogol ýaly edebi şahsyýetler ýaşaýardy.
Pariždäki Yelisey meýdançasy dünýäniň iň meşhur köçesiniň adyny taryp etmäge mynasypdyr. Üýtgeşik agaçlar, ajaýyp gurşaw we taryhy binalar sizi hakyky Pariž bilen tanyşdyrar.
Qiyi Street Chongron Alley Hytaýyň YUNESKO sanawyna giren 1000 ýyllyk taryha eye Litszýan şäherindäki kanally ýollary bilen meşhur bolan köçelerinde aýlanyp ýörkäňiz, ajaýyp köprüleriň birnäçesine duşarsyňyz. Köçedäki asuda atmosfera aňy köşeşdirýär.
AKYÝEW Şirmuhammet
TOHI-niñ Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizimleşdirmek fakultetiniñ Gidromeliorasiýa hünäriniñ 2-nji ýyl talyby