Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Mugallym (talyp)

Döwrüň ruhy

3 minut alar

Psihologiýa, filosofiýa, sosiologiýa ýaly gumanitar ylymlaryň esasy meseleleriniň biri döwrüň ruhyny öwrenmek bilen bagly... Köplenç bu mesele kulturologiýanyň obýektine öwrülýär we medeniýetiň üsti bilen düşündirilmäge synanşylýar. Kellämden şu sorag tutuş bir hepde bäri çykanok: döwrüň ruhy nädip kemala gelýär we ol medeniýet bilen nähili baglanyşýar?!

Ilki bilen düşündiriş girizmek isleýän düşünjelerimden biri "döwrüň ruhy" diýen düşünje. Ol näme? Döwürde ruh barmy?.. Ikinjisi bolsa "ruh" düşünjesi, we indiki aýtjaklarym kelläňizi garyşdyryp biler. Men bolsa kellämdäki garyşyk pikirleri bolup bildigiçe size düşnükli we logiki yzygiderlik bilen bermäge çalyşmakçy.

Döwrüň ruhy - döwrüň talaplaryna görä emele gelen, haýsy-hem bolsa bir ideala tarap ýakynlaşmak üçin jemgyýet tarapyndan ykrar edilen düşünjeleriň we hereketleriň toplumy. Bu "döwrüň ruhyny" kim emele getirýär? Bolýar, diýeli biz jemgyýet bolup şol ideala ýakynlaşmak üçin belli bir tagallalary edýäris, ýöne ideallary kim goýýar?! Jogabyny tap, tapyp bilseň!.. Indiki düşünjä geçeliň;

Ruh, bu nämedigine akyl ýetirerden has giň manyly düşünje. Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde muňa 3 görnüşde şeýleräk kesgitleme berilýär:


RUH [uru:h] 
1. Akyl, aň arkaly emele gelýän içki duýgy. Durmuşa göz ýetirýän adamyň ruhy hem belent bolýar. 
2. Ölen adamyň hyýaly ruhy. Adam ölse-de, ruhy gezer ýörermiş. 
3. Jismi däl, bedensiz mahluk, perişde.


Meni bu kesgitlemeler kanagatlandyrmady, eýse-de filosofiýadan okuw gollanmalarynda hem şu tema çig galdyrylypdyr. Umuman, gürrüň bu barada däl; men öz garaýşymdan "ruh" düşünjesini ýetirmäge synanşaýyn:
 

Ruh - bu hakykata öwrülmäge ymtylýan ideal, öwrülşik geçirmäge ymtylýan islendik pikir ýa-da energiýa.

Jemlesek, şeýleräk bir logiki zynjyr alýarys, ruh - bu ideýa, döwrüň ruhy bolsa, döwrüň talaplaryna görä jemgyýetiň öňünde goýulan ideal. Bu düşünjäni tassyklamak kyn däl, geçen asyryň 50-nji ýyllaryndaky adamzat ideallary hakynda oýlanyp görüň. Soňra bolsa, ony ondan öňki asyryň 50-nji ýyllarynyň ideallary bilen deňeşdiriň. Iň soňunda häzirki döwrüň ideallaryny şol döwürleriň ideallary bilen deňeşdiriň. Netije gorkunç! Hat-da elhenç! Näme üçin?! Sebäbi adamzat 2 asyr mundan öň başga zat isleýän eken, häzir bolsa düýbünden başga zat isleýär... Öňler ruhy gymmatlyklary gazanmak üçin adamlar maddy gymmatlyklaryny beren bolsa, indi tersine, maddy gymmatlyklaryny ruhy gymmatlyklary gazanmak üçin berýär. Maksat: 


1-nji ýagdaýda -2 asyr mundan ozal- baýlygyň bilen akyl almak, akyly bolsa zähmetden toplamak (bu hem saýlanan adamlarda bar);

2-nji ýagdaýda -biziň günlerimizde- akylyň bilen baýlyk almak, akyly bolsa zähmetden däl, gury sözlerden toplamak (hemmede bar)


Netijede dörän zat: üýtgän, başaşak öwrülen ideallar, hyrslaşan jemgyýet we şu wagtky ýagdaýymyz... Bu ýagdaý asyrlar öň hem şeýledi, täze bolan, adamzat durmuşyna ýaňy-ýakynda giren zat däl. Ýöne, jemgyýet üçin welin bu hadysa aslynda täzelik... Ine, gysgaça döwrümiziň ruhy şundan ybarat. Okap ýatmagyň, akyl satmagyň we akyllysyramagyň deregine, eliňe pil ýa kätmen alyp, iň bolmanda haýsy hem bolsa bir zähmetkeş kollektiwe girişip zähmet çekmek hem zerur. Okamaň, işlemegi hem öwreniň, diňe işläp hem gezmäň, okuwyňyz hem bolsun!

Joraýew Babageldi "Meseleler"

57 |