Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Döwrebap adam

12 minut alar

 

 (hekaýa)

Käwagt ýazyň soňky aýynda howanyň petişdigine garamazdan, gara bulutlar asmany tutýar-da, gelişleri ýaly duýdansyz ýagyş ýagdyrýar. Şabyrdap ýagýan damjalar eýýäm gardyr ýagyş baradaky pikirlerini unudyp ýetişen adamlarda alasarmyk duýgy oýarýar. Şol äm-sämlikden açylyp ýetişmänkä-de, är-aýalyň urşy ýaly gysgajyk ýaz ýagşy “Hamana bolman ekenim” diýýär-de, ýol ugrunda ýaňy gögeren ýaşyl otlara, ýagyş ýagandan soň, edil ýag dökülen ýaly ýalpyldaýan gara ýola siňip gidýär. Ýagşyň, mümkin, öz ysy ýokdur, ýöne ol ýaşyl otlara siňenden soň, gara ýoluň ugrundaky çagla degenden soň, üçekleriň üstündäki tozanlary ölländen soň, şeýle bir ýüregiňi gysdyryjy dymyk howa bolýar welin, duýguçyl adamlar-a gowşaberýär. Hamana ähli aladalary ýüzüne çykan ýaly adamlaryň howsalaly, hemişekilerinden biraz aljyraňňy keşbi köp çarşenbäni başyndan geçiren merkezi ýol üçin täzelik däl bolsa gerek. Onuň hemişe eýläk-beýläk gatnaýan işgär pyýadalaram täzelik däl. Ýöne şu günki günde şolaryň “göwni açygyň ýoly açyk” diýilýänlerinden bolan otuz ýaşlaryndaky, kelteräk, garny pökgerip duransoň, hasam gysga görünýän biriniň ýüzi salyk bolmagy welin täzelik. Ol merkezi ýoldan ýakynda gatnap başlady. Obalaryň birinden gelýän bolmagam ahmal. Muny onuň öň zat görmedik ýaly, her bir binany geň galyjylyk bilen synlaýan ýüzem aýdýar. Biraz wagtdan ol edil şäherliler ýaly geýinmäge başlady, öňräk aýak ujy giňräk, ýokarysam dar bolup duran jalbar geýýän adam soňabaka gysgajyk aýaklarynam gönüden saldamly görkezýän jalbar geýip ugrady. Saçyny çem gelene ynanman, “ýerli ýyldyzdygy” meşhur şahsyýetler bilen düşen suratyndan bildirip duran, ýörite şol ugurdan okap gelendigini oňat oňarylan saçlaram aýdýan ýigit bilen tanyşdy. Ol merkezi ýoluň ugrundaky kiçiräk dellekhananyň eýesidi. Bir otagdan ybarat, içem kafel bilen bezelen sowugrak jaýyň daş ýüzünde daşary ýurt model ýigitleriniň gelşikli oňarylan saçlarynyň suraty ýerleşdirilensoň, ol ýerde türkmen ýigidiniiň işleýändigini diňe türkmen dilinde gök harplar bilen ýazylan “DELLEKHANA” diýen ýazgy habar berýärdi. “Agam, munyň katastrofa” diýip, ol näme diýlenine onçakly düşünmedik çişik ýigidiň yz tarapdan ösgünräk saçyny görkezdi. “Munyňam bular ýaly açmaly däl ekeniň” diýip, ýigidiň öň tarapdan açan saçlaryny synlap durşuna nebsi agyrmazdan aýtdy. Çişik ýigit bada-bat  utanjyndan gyzaranam bolsa, myssa ýylgyrdy. Onuň ogurlykda tutulan çaga ýaly çekinjeňligi ozaldanam gülküsi tutup duran dellegi ekezlendirdi.  Şu döwürde sypaýydan çekinjeň müşderini tapaýmagam hyllalla. Şeýle müşderilerden köpräk ýonup bolýandygy üçin ol häzir hüjümi hasam güýçlendirmelidigini baý tejribesinden bilýärdi. Şeýle-de etdi. Ýüzüniň ugruna oňat oňarylmadyk saçlaryň şowsuzlyk getirýändigini, asla şu döwürde owadan görnüp özüňi syladyp bilseň, kaýyl bolmalydygyny nygtady. Henizem dylym-dylym edip, edil süýt içjek pişik ýaly oýkanjyrap duran ýigidimiz entegem bagtyna şu dellegiň duşandygy, bolmasa dagy köp dellekleriň on birinji synpy gutaran ýetginjeklerdigi baradaky zeýrenji eşitmeli boldy. Dellek ýigit şol ýetginjekleriň ne döwrebap moda barada, ne-de stil barada sulhlarynyň ýokdugyny, diňe eklenç üçin ellerine gaýçy alýandyklaryny nygtap, sözüni göwnüýetmezçilikli ýylgyryş bilen berkitdi. “Olara diňe esgerleriň saçyny aldyrmaly, şonam ibaly başaranoklar” diýip hüňürdedi. Biziň süýt içjek pişik ýaly dylym-dylym edip duran ýigidimiziň bolsa, dellekçi hüňürdedigiçe sussy basylýardy. Onuň azyrak gorky bolan gözleri nirä seretjegini bilmän, ikiýana soragly entedi. Bir-de dellegiň aýnanyň öňünde goýan gaýçydyr gaş alýan jübtügine seretse, bir-de otagyň bir burçundaky penjirä ýelmenip goýlan ýarym-ýalaňaç daşary ýurt zenanynyň suratyna seretdi.

  -Men soňrak geläýerin-diýip, ol haýsy gaýçyny saýlajagyny bilmän duran dellege ýüzlendi. Dellegiň ýatyrylan sorag belgisine meňzeş gaşlary ýazylmanka, näme üçin soňrak geljekdigini madyrdady. Dellek ýigit oňly düşünibem ýetişmedi. Ol nämäniň nämedigine anyk göz ýetirýänçä, çişik ýigit eýýäm daşardady. Hawa, onuň “bagtyna” duşan dellek bilen ilkinji tanyşlygy şeýleräk gutarypdy. Soň haçan, haýsy sebäbe görä, kim bilen ýene şol dellegiň ýanyna baranyny, asla birinji gezek näme üçin saçyny aldyrman, çykyp gaýdanynyň sebäbine özem doly düşünenok. Geň galdyrýan ýerem, ol başga dellek gözlemegiň ugruna-da çykmady. Özi ýaly işdeş ýigidiniň aýnaň öňüne baryp, saçyna timar berýän pursaty oňat oňarylan saçlaryň şowlulyk getirýändigi ýadyna düşdi-de, ýene dellekhananyň gapysyny açaýdy. Özem birinji gezek girýän ýaly emaý bilen açdy. Ýöne ol gün howa-da ajaýypdy. Baharyň salkyn şemaly iniňi çalaja galpyldadýardy. Uzakda bolmadyk mekdep meýdançasyndan guşlaryň jürküldisi eşidilýärdi. Howanyň salkynlygyndanmy nämemi, atyr ysam gyzgyna zaýalanman, şol terligine howada aýlanyp ýördi. Umuman, bu günki ýaly ýürekgysdyryjy howa ýokdy. Bu günki ýaly başlyk “Sen iş oňarmaýan, emelsiz” diýip gygyrmandy. Bu günki ýaly aşaky gatda nobatçylyk edýän zenana gaharlydygyny bildirmezlik üçin daşky gapyny jarkyldadyp ýapasy gelýänem bolsa, usullyk bilen ýapmaga mejbur bolmandy. Şol sebäplem onuň ýüzi salyk. Ädimlerinem edil garyň aşagynda galan ýaly agyr alýar. 

Elindäki iki sany ýandepderçesem edil iki sany halta ýüklenen ýaly egnini basyp gelýär. Onuň keýpsizlikden ýaňa agyr haslaýanyna öýündäkisi düşünäýmese, beýlekiler-ä köp hereket edenliginden görerler. Bolmasa işleýän edarasyndan merkezi ýoluň aýagujunda ýerleşýän naharhana çenli uzak aralygam ýok ahyryn. Hamana, semiz adamlar gaýgydan däl-de,  köp hereketlilikden haslaýjak ýaly, dili duzlular gypynç etmezden, çişikleriň zady gaýgy etmeýändigi üçin şadyýan bolýandygyny ýaňsylaýarlar. Onuň bolsa gaýgysy kän. Täze gelen başlyk hiç ynjalyk berenok. Gözem diňe şonda. Sähelçe zatdanam kemçilik tapýar-da, uly bir ýalňyşlygyň üstüni açan ýaly edäýýär. “Iki ýygnakda-da, a ol geleni bäri bary-ýogy, iki ýygnak geçirendir, meniň adymy tutup käýindi” diýip, ýigit maňlaýyndaky derini syldy. “Uff, howa-da edil başlyk ýaly jebäňi daraldýar” diýibem kibtini gysdy. Gan basyşyny ýokarlandyrýan gaharyny ýuwudyp ýok etmek üçin merkezi ýoluň aýagujundaky naharhana sowulmagy makul gördi. Bir seretse, taksa parodasyna degişli mele it ylgap gelýär. Yzynda-da Sergeý daýy. Ol öz dilinde ite ýumrugyny çenäp, paýyş sögünýärdi. Çişik ýigit rusça oňly düşünmese-de, Sergeý daýynyň ite sögünýändigini güman etdi. Gysgajyk salam berip, çaltrak deňinden geçmek isledi. Sergeý daýynyň “Durdumurat” diýip, owazlydan süýkdürip aýdan adyny-da eşitmedik boldy. Şol ýasama aljyraňňylygy bilenem naharhananyň gapysyny açdy. Daşaryda howa örän petiş bolansoň, sowadyjyny işledipdirler. Şeýdip, nepesiňi durlaýan sowuk howa kükregiňi tutaýmasaň, bular ýaly yssyda özüňe geler ýalam däl. Bir bolmaýan ýeri sowadyjy arassa howadan beýleki yslary süzüp aýryp bilenok. Şol sebäplem naharhananyň içindäki naharlar bilen yzrakky stollaryň birinde çilim tütedip oturan pyýadanyň çiliminiň ysy garyşyk gelýär-de, giräýen badyňa burnuňa haplap urýar. Garyşyk ys almak her kime her hili täsir edýändir. Durdumyradyň bolsa ýüregini bulady. Oňa sereden badyňa, hakykatdanam, köplenç şadyýan ýüzüň aladalydygy bildirýärdi. Durdumyrat oturanlara “Salawmaleýkum” diýip, çalaja başyny atdy-da, öwrenşen stoluna tarap ýöredi. Eýeli. “Ýok, bu gün meň günüm däl” diýen ýakymsyz pikir ýyldyrym çaltlygynda aňyna doldy. Çala titreýän elleri bilen gapdaldaky boş duran oturgyjy süýşürdi. Naharhana kiçirägem bolsa müşderisi ýetikdi. Arassylygy diýjekmi ýa wagtynda ýerine ýetirilýän hyzmaty diýjekmi, datlydan elýeterli milli tagamlary diýjekmi, haýsysyny alanyňda-da, daşary ýurt standartlaryna laýyk gelýärdi. Şo sebäplem bu ýere nahar bişirmäge ýaltanandyklary üçin däl-de, “ýagşyny görmegem jennet” diýip, maşgalasy bilen gaýdyberýänler günüň-gününe köpelýärdi. Işden soň isledigiçe garnyny ýazmak isleýän işgärler barada-ha aýdybam oturmaly däl. Soňky döwürde hasam gelim-gidimi köpelen bu naharhana dürli kärde zähmet çekýän her tüýsli adamlaryň  gündelik ýyganayşýan “umumy jaýyna” öwrüldi. Naharhananyň diwarlary durmuşyň dürli mesleleleri bilen bagly gürrüňleri az eşiden däldir. Häzir bolsa şol gürrüňler Durdumyrat üçin artykmaç gowurdy. Ol, hatda, telewizorda görkezilip duran şekilli aýdyma-da düşünmezlik bilen, hyzmatçy ýigitleriň biri ýanyna gelýänçä, ýöne şeýle sereden bolup otyr. Göz öňünde-de başlygyň hyrsyz ýüzi, agzyny açyp ot çabradýan aždarha ýaly, özüňi goramaga eden her bir synanyşygyňy ýandyraýjak bolup dur. Arasynda şol aýylganç ýüz telewizordaky ak ýagyzdan süýri ýüzli näzenin bilen ýerini çalyşýar. “Uff, ýigrenji-eý” diýip, ýigit ünsüni sowmak üçin gözlerini daş-töwerege gönükdiren boldy. Onuň edil yz ýanyndaky stola iki sany, öň görmedik müşderileri geçipdir. “Ýa ilki bada-da şular otyrdymyka?” diýip, ýigit olara egnaşyr gözüni aýlap goýberdi. “Ýaňy bir gyz oturan ýalydy-la” diýip içini hümletdi. Şobada telewizordaky ak ýagyzdan süýri ýüzli zenan ýitdi-de, ýerine täze aýdymçy geldi. “Söýgi hakda aýdym aýtdy öýdýän” diýen pikir naharhandaky eşidilýän käsedir çäýnekleriň jyňňyrdysyna garyşyp gitdi. Ýigit bu seslere öwrenşibem barýardy. Birden ýiti eşidilen inçejik ses ony yzyna gaňrylmaga mejbur etdi. Seretse, yzdaky oturan iki sany müşderiniň keltejik boýludan daýawragy çarşak çemçe bilen öňündäki tarelka kakýardy. Hyzmatçy ýigit şobada “keltejigiň” gabat garşysynda dikeldi:

  -Agam, näme hyzmat?

  -Sen-ow, näme wagtynda geleňok?-diýip, “keltejik” ýarym gahar, ýarym gülki äheňinde sorady.

  -Täze geçdim, agam...

  -Täze geçeňde-de wagtynda gelmel-ä borsuň...-diýip, keltejigiň garşysynda oturan orta boýly, orta ýaşlaryndaky erkek adam sypaýydan duýduryş berýän ýaly aýtdy. Hyzmatçy ýigit gözlerini alartsa-da, “Bor” diýýän terzde başyny atdy. Durdumyrat mundan artyk seredip oturmagy uslyp bilmän, öňündäki “Hödürnamany” eline aldy. Gözi bahalary gyralaryna çykarylan tagamlarda bolsa-da, gulagy yzdaky müşderileriň sargydyny eşidýärdi:

  -Iki sany balyk...

  -Balyk ýok-diýip, hyzmatçy ýigit dabaraly ýagdaýda aýtdy.

  -Onda Kit-diýip, keltejigiň garşysyndaky ýene söze goşuldy. Ol bu jümläni aýdan badyna “keltejigiň” göwresine laýyk bolup duran ýogyndan owazly gülküsi eşidildi. Durdumyrat saklanyp bilmedi. Yzyna gaňrylsa, hyzmatçy ýigidiň ýüzi burç ýaly gyzarypdyr. Oňa özüni saklamagyň nähili agyr düşýändigi kä kiçelip, kä ulalyp dem alýan burnundanam bildirýärdi. Keltejik gülküden ýaňa ýaşaran gözlerini balkyldadyp: ”Towugyň bir barmy, how seň?” diýip, zordan sakynman sorag berdi. Sorag degişme äheňindedi. Özem bu degişme arassa gülmek maksady bilen däl-de, kimdir birini köteklemek maksady bilen aýdylandy. Degişmedäki ajy kinaýa samsyk bolmasaň, örän düşnüklidi. Onuňam üstesine, keltejigiň orta boýludan berdaşlyrak dosty bir elini dyzyna urup gülýärdi, nämedir bir zady ýatlajak bolýan ýaly “Horazy, horazy...” diýip sakynýardy. Yzyny aýdyp ýetişmänkä, oturanlaryň ikisiniňem gök öwsüp başlan ýüzlerinden gülki gözýaşlary syrygyp ugrady. Hyzmatçy ýigit mundan artyk çydam edip durup bilmejegini aňdymy nämemi, öz ýanyndan bir zatlary diýişdirip, aşhana tarap öwrüldi. Hyzmatçy ýigidiň “edermenligi” üçin ýaňyja-da gülüp oturan müşderileriň “keltejigi” gülküden nam-nyşan galmadyk gyzyl ýüzüni haýbatlandyryp: “Näme diýdiň?” diýip, süýkdürip sorady. Onuň garşysyndaky orta boýludan berdaşly müşderem şobada çynlakaý keşbe girdi. Ýeten ýerinde saklanan hyzmatçy ýigidiň sesi entiräp çykdy:

  -Oýun ýadyňyza düşýär, agam. Diýeniňiz edilmedimi ýa?-diýip, janyýangynly soranyndan soň, çagyrylan badyna ylgap barandygyny, şu gün ilkinji iş günüdigini, entek köp zatlara belet däldigini bir demde diýen ýaly düşündirdi. Onuň gygyrybrak çalt-çaltdan aýdan sözlemleriniň aňyrsynda bir zatdan gorkan oglanyň çekinjeňligi bardy. Bu ýagdaý isleseň islemeseň “Gorkan öňürder” diýen nakyly ýadyňa salýardy. Hyzmatçy ýigidiň barha peselýän öýkeli äheňi bilen onuň uzyndan hor göwresem peselýärdi. Durdumyrat onuň syçany ýadyňa salýan ýüzüne duýgudaşlyk bilen seretdi. Şol duýgudaş nazar hyzmatçy ýigidiň özüne bildirmezden, tä Durdumyradyň bir käse kofe içmek baradaky sargydyny alyp, aşhana ýönelýänçä, ýanhemrasyna öwrüldi. Hyzmatçy ýigidiň elindäki arzan gara sagat onuň mekdep okuwçysy bolaýmagyndan habar berýärdi. “Adatça, mekdep okuwçylary şeýle sagatlary dakynýar. Onda-da ýüzi-hä ul-a meňzeýär” diýip, Durdumyrat böwrüne diň saldy. “Bolmanam, ýeňil bolmadyk durmuşda ýaş görnesiň ýok-la” diýen pikiri ony öz arzan sagat dakynan ýyllaryny ýatlamaga mejbur etdi. Ol elindäki ýalpyldaýan gyzyl sagadyna göz aýlady. “Menem şähere işe geçip şu sagady almadymmy näme?” Naharhananyň içindäki sowuk howa ahyry Durdumyrada-da ýetip başlady. Ol uludan demini aldy-da, çyny bilen  şekilli aýdyma tomaşa etmäge başlady. Eger häli käsedir çäýnekleriň, çemçedir çanaklaryň sesi uruş meýdanyndaky gylyç sesleri ýaly ýakymsyz eşidilen bolsa, onda şu wagt olaryň sesi Durdumyradyň işdäsini oýardy. “Iýmäge bir zatjyklar sargaýsammykam?” diýen sorag içini ýakymly byjyklady. Işdäsiniň birden açylmagy bu ýaşda seýrek ýüze çykýan garagolluk etmek baradaky ymtylmasyny öjükdirdi. Ol stoluň üstündäki çarşagy eline aldy. Çarşagyň gapdalynda dolan Aý ýaly ýalpyldap duran tarelka kakyp göresi geldi. Ol barybir beýle hereket etmejegini bilýärdi, ýöne yzdaky müşderileriň çarşak bilen tarelka kakyp hyzmatçy ýigidi çagyranlaryna öz ýanyndan bildirýän, hiç kime zyýansyz, garagol garşylygydy. Kakmajagyny bilse-de, kakaýjak ýaly bolup, öz göwnüni aldamak üçin edýän bilkastlaýyn hereketidi. Özi bilen başagaý Durdumyrady ýene yzdaky müşderileriň gülki sesleri daşky dünýä dolap getirdi. Asyl olar her hili temadaky warsakylaryny goýup, ýene hyzmatçy ýigidiň üstünden gülmäge başlapdyrlar ekeni. Aýratynam, orta boýludan berdaşly ýigidi ýatlamanyň towukly ýeri içini tutup, hahahaýlamaga mejbur edýärdi.” Keltejigi” edil başdaky ýaly gülmese-de, çyzylyp duran gyýk gözlerini süzüp, arasynda pyňkyran bolup otyrdy. Ol hyzmatçy ýigidiň täze geçendigini düşündirýän ýerini girmäge deşik tapmadyk syçanyň bolşy bilen deňeşdirdi. Özem uzyndan seýregräk gaşlaryny galdyryp, hamana ret edip bolmajak hakykaty aýdan adamyň ynamlylygy bilen deňeşdirdi. “Keltejigiň” bu bolşy Durdumyradyň ýadyna başlygyny düşürdi. Bu bolsa öz gezeginde onsuzam yzdaky  iki müşderiniň hereketini artykmaç gopbamlyk hasaplap oturan ýigidiň ýigrenjini goşalandyrdy. Ol öňüne seretse seretdem welin, şondan soň hiç ynjalyk tapybilmedi. Öňdäki stolda oturan zenanyň gazly suw guýdugyça köpürjikleýän käsesi göýä öz sabyr käsesine döndi.  Birdenem onuň ýadaw gözleri üýtgeşik ot bilen ýandy-da, eýýäm gapa golaýlan iki sany ýaş gyzyň çykaryna-da garaşman, yzdaky iki müşderiniň gapdalynda gögerdi. Stoluň üstünde küldan, küldanyň gapdalynda iki müşderiniň haýsy hem bolsa birine degişli deriden edilen gapjygy ýatyrdy. Çarşakdyr çemçeler, ýalpyldap duran stakanlar bir gyra rejeli ýagdaýda süýşürilip goýlandy. Bu zatlar pursatsalymda Durdumyradyň gözüne ilmäge ýetişen zatlardy. Onuň galanja ünsi özüne soragly seredýän iki müşderiniň gözündedi.  O gözler “Siz, gopbamlar, şeýdip bir ejizi kemsidersiňizmi?” diýip soraýardy. Rejäniň gowy däldigini ilki bolup aňlan “keltejik” ýerinden turjak bolanda, Durdumyrat onuň egninden basdy-da, ýumrugy bilen kellesiniň sag tarapyna gondurdy. “Keltejik” edil ganar halta ýaly bir gyra agyp gitdi. Onuň dosty orta boýludan berdaşly müşderi birbada nämäniň nämedigini aňlap ýetişmedi. Haçan-da ol azajygam bolsa bolup geçenleri saýgaranda, eýýäm dosty “keltejik” ýerde ýatyrdy. Ol özüne tarap uzan ýumrugy bir eli bilen saklady-da, beýleki eli bilen Durdumyradyň özüni urjak boldy. Durdumyrat çeýelik bilen aşak eglip, ýumrukdan sowa geçdi-de, tutup duran goluny goýbermän, orta boýludan berdaşly müşderiniň kellesine süsüp goýberdi. Orta boýly müşderi şobada oturan oturgyjy bilen birlikde yza ýykyldy. Ortarada duran stol bolsa çaknyşygyň bolan ýerinden orta boýly müşderiniň göwresi degip gidendigi üçin biraz öňe süýşdi. Stoluň üstündäki stakanlar şakyrdady. Birki sany çarşak aşakdaky mermer daşa degip, inçejik ses etdiler. Şol gulagyňy deşip gelýän, ýüregiňi endirediji inçejik sesden ýaňa Durdumyradam özüne geldi. Seretse, hyzmatçy ýigit hälki buýran kofesini getiripdir. Soragyna jogap almany üçin “Oglan görenini gaýtalar” edip, çarşak bilen tarelka kakyp dur. Durdumyrat dym gyzyl bolan ýüzüni nirede gizlejegini bilmedi. Eger adamlaram düýeguşuňky ýaly howp abanan wagty kellesini guma sokup bilýän bolsadylar, Durdumyradam şeýderdi. Pomidor ýaly gyzaran ýüzüni tarelkadyr stakanlaryň aňyrsynda gizlärdi. Ol henizem özüni alybilmän, hamana, hyýalyndakylary beýleki adamlar, esasanam, yzdaky iki müşderi görübiläýjek ýaly, şo tarapa egnaşyr göz aýlady. Ýöne yz ýanyndaky müşderiler oňa “barmysyňam” diýmedi. Olar öňüne getirilen towugy howlukmaçlyk bilen ýuwudýardylar, ýene bir zatlaryň çişip gürrüňini edýärdiler. Arasynda-da düwnüp diýen ýaly myşşyldap gülýärdiler. Durdumyradyň kofe içerlik mazasy galmady. Ol hyzmatçy ýigit bilen hasaplaşyp, gaýtargysyna-da garaşman, naharhanadan çykdy. Agşam düşendigine seretmezden, howa entek sowap ýetişmändir. Köçe geň galaýmaly ýagdaýda asudalyk. Hemişeki ala-goh çagalaram, çüwdürimiň ýanyna surata düşmäge gelýän ýaşlaram, bezenişip, gezim edýän söýgülilerem ýok. Durdumyradyň kellesi  bolsa edil uruş meýdanynda galanyňky ýaly güwläp dur. Ýüregem ädimlerinden çalt işleýär. Ol şu wagt göz ýetiren ýaly, demligini daraldyp duran köýneginiň iligini ýazdyrdy. Elindäki ýandepderçesinde nämeleriň bardygy hakda şunça pikir etjek bolsa-da başarmady. Gulagynda şol iki sany müşderiniň arasynda düwnügip gidýän gülki sesleri ýaňlandy durdy. Naharhanadan öýüne barýança, töwerekdäki ähli zatlar ýitip-ýok bolup, ony diňe şol gülki sesleri ugratdy.

 

  Bägül ATAÝEWA

 

51 |