Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jurnalist

Dost

1 minut alar

Dostumy küýseýärin. Dost küýseýärin. Aýtmaklaryna görä, kalbynda hakyky imany göterýän adam üçin älemdäki islendik zat dost bolmaly. Men bu söz bilen doly ylalaşýaryn. Mysal üçin, weli ynsanlar çöl-beýewanlarda ýeke özleri aýlanyp ýören bolsalar hem, olaryň hiç hili içi gysmaýar. Sebäbi ähli zadyň ýaradyjysy bir bolansoň, şol ýaradyjynyň üsti bilen ähli zadyň arasyndaky dostluk köprüsini gurmak olara başardýar. Weliler tutuş barlyk bilen hemdem bolup bilýärler. Elbetde, hemme kişi hem weli bolup bilenok. Hakyky iman diýip kalbymda göterip ýören zadym käbirleriniň ynanjyna görä artyp-kemelmeýän hem bolsa, ol belli bir derejede gowşaýarmyka diýýärin. Gowşamaýan bolsa-da, ol dünýewi aladalaryň hysyrdysy bilen ynsanyň gün tertibinden düşüp galýan bolmaly. Ýogsa, adam hergiz özüni beýle ýalňyz duýmaly däl. Käte erbet ýalňyzlyk basmarlap, ýere-göge sygman başlaýan mahalym özüme: «Hä, diýmek! Ruhum ýadap başlady» diýýärin. Ruh dünýeden örän çalt ýadaýar.  Günbataryň – dünýewi aladalaryny bireýýäm çözen halklaryň sungata, döredijilige ymtylmagynyň sebäbi hem şol bolmaly. Ruh bakyny küýseýär, bakylykdan gelen gözbaşyna dyzaýar. Ol güýmenjäni däl, hakykatdanam, özüne baky hemra boljak dosty küýseýär...

58 |