Teswirler (8)

Ýüklenýär...
User Avatar

DANALARDAN BIZE ÇENLI GELENLER

1 minut alar

Kiçijik tohumyň ösüşini we ägirt uly agaja öwrülişini synlamak durşuna bir gudrat. Gün geçýär, aý geçýär we pasyllar ony öz boluşly howasy bilen şekilden şekile salyp, biziň üçin ullakan miweli bir agaja öwürmegi başarýar. Gyzgyn tomus howasynyň ony ýakmaýşy ýaly, gyşyň aýazly sowuk howasy hem ony guradyp bilmeýär. Hut, şunuň ýaly, eýjejik çaganyň hem ullakan adama öwrülmegi şeýle dälmi? Adam nähili kynçylyklary başyndan geçirip, egsilmän ýygrylman dik durup, durmuş ýoluna dowam etmegi başarýar. Arasynda ejizleýär, köplenç tapdan düşýär we barzatdan hem höwesi gaçyp bilýär. Emma şonda hem durmuşyň dowam edýändigine düşünýär we ýene hyjuw bilen, has dogrusy öňküsinden hem uly höwes bilen galanja ýerinden dowam etmegi başarýar. Ekilen agaç ýaly, adamyň durmuşyny başdan aýak gözden geçirip, aralaryndaky baglanyşygy göz öňümize getirenimizde şeýleräk netijelere gabat gelip bolýar.

 

Danalar adamyň öz durmuşynda hökmany suratda berjaý etmeli üç sany işini belläp geçýär:

 

  •  Nesil ýetişdirmek we olary kemala getirmek,
  •  Eser döretmek (kitap ýazmak, makala ýazmak ýa-da islendik sungata degişli - bir eser döredijiligine girişmek),
  •  Agaç ekmek we ony ösdürmekden ybaratdyr. Ýene muňa goşjak zatlarymyz bolup biler. 

 

Elbetde, adam munça zähmetiniň netijesini göresi gelýär. Ähli ildeşlerimiziň dünýä bähbitli edýän işleriniň rowaç almagyny we eken agajy kimin miweli bolmagyny ýürekden arzuw edýärin. Iň bolmanda meniň eken agaçjym miwe bermese-de, gynanmaryn, guran agajym odun deregine ulanylar. ʺZähmetiň soňy rehnetʺ diýipdirler. 

125 |