Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

DALL-E

1 minut alar

DALL-E

DALL-E (ýa-da DALL· E) 2021-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda OpenAI tarapyndan çykarylan emeli aň programmasy bolup, tekstiň kömeginde suratlary döredýär.

"Žirafadan ýasalan aždarha" teksti ýazylanda DALL-E tarapyndan taýýarlanan suratlar.

Ady suratkeş Salwador Dali we animasiýa multfilminiň gahryman roboty WALL-E-niň adyny göterýär. Programma GPT-3 modeliniň 12 milliard parametr görnüşini tebigy diliň girişlerini anyklamak üçin ulanýar we diliň girişine gabat gelýän keşbi döredýär. Ol realistik obýektleriň ("gök samanyň suraty ýa-da hapalanan penjiräniň suarty") we hakykatda ýok obýektleriň hem ("gabarma dokumy bolan kub") suratlaryny döredip bilýär. 

Taryh:

DALL-E 2021-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda OpenAI tarapyndan işe goýberildi. 2022-nji ýylyň aprel aýynda OpenAI DALL-E 2-ni yglan etdi. Ol tekst beýan edişinden has realistik suratlary çykaryp biljekdigini aýdýar. Redaktor çykarylyşdaky görnüşe ýönekeý üýtgetmeleri girizmäge mümkinçilik berýär. Bildirişe görä, programma henizem gurnalýar we girmek diňe öňünden saýlanan beta ulanyjylary bilen çäklenilýär. Ol häzirem hiç bir adamyň etmejek ýalňyşlyklaryny, şol sanda agyr ýalňyşlyklary göýbermegi mümkin. DALL-E 2 "Tekst beýan etmekden asyl, realistik suratlary we sungaty döredip, düşünjeleri, häsiýetleri we stilleri birleşdirip bilýär" diýip beýan edilipdir. 

Çeşme:

https://ru.m.wikipedia.org/wiki/DALL-E

76 |
|