Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Emeli intelekty ulanyp ýüz keşbi ulanmak

6 minut alar

Işiň umumy häsiýetnamasy

 

Işiň ady:  Emeli intelekty ulanyp ýüz keşbi ulanmak

Açar sözi. Biometrik ulgamlary informasion jemgyýetiniň häzirki zaman şertlerinde identifikasiýa we autentifikasiýa ulgamlaryny peýdalanyp, gorag derejesni ýokarlandyrmak häzirki döwürde has hem wajyp bolup durýar.

Işiň maksady.

Ýüz tanamak programmasynyň esasy maksady emeli intelekty ulanyp işgärleriň ýa-da talyplaryň ýüz keşplerini biometriki usul bilen anyklap awtomatiki ýagdaýda alynan maglumatlary exel formadyna geçirýär. Bu bolsa işgärler bölümine hem-de talyplara gözegçilik edýän dekanlara wagt sarp etmezden işgärler we talyplar baradaky informasiýany almaga ýardam berýär.

Bilşimiz ýaly ähli kärhanalarda elektron kart (beýjik) ulanylýar. Emma muňa garamazdan işgärler işdeşleriniň kartlaryny birek birege ýardam edip geçirip bilýärler. Bu bolsa elektron kartyň goragsyzdygyny subut edýär we işgärler bölümine nädogry maglumat berýär.Biometriki usul bilen ýüz tanamak programmasy şeýle ýalňyşlyklaryň öňüni alýar we maglumaty doly we dogry ýagdaýda görkezýär.

Işiň ylmy täzeligi:

1.      Biometriki usul bilen adamyň ýüzüni tanamak, ekizleri seljermek, talyplara we işgälere gözegçilik etmek.

2.      Wagty tygşytlamak.

Biometrik tehnologiýalar. Biometriýa – adamlary olaryň indiwidual fiziki häsiýetlendirijileri we özüni alyp barşy boýunça tanamak we identifikasiýalaşdyrmak usulyýeti. Ol XIX asyryň ahyrlarynda statistik usullary çekmek arkaly mukdar taýdan biologiki eksperimentler bilen meşgullanýan ylmyň bir bölegi hökmünde peýda boldy.

Häzirki döwürde biometriýa informasion tehnologiýalar nukdaýnazaryndan unikal fiziologik aýratynlyklary ýa-da özüni alyp barşynyň häsiýetlendirijilerini ölçemek we olary degişli maglumatlar bazasynda saklanýan etalonlar bilen deňeşdirmek arkaly şahsyýetiň identifikasiýasyny amala aşyrýan awtomatizirlenen usullaryň we serişdeleriň toplumy.

Biometrik ulgamlar arkaly çözülýän meseleler:

·      fiziki ýüzlenmek hukuklaryny kesgitlemek;

·      kompýuter we bank torlarynyň terminallarynda, resurslara uzakdan ýüzlenmek ulgamlarynda wirtual ýüzlenmek hukuklaryny kesgitlemek;

·      hasaba alyş we barlag.

Biometrik ulgamlaryň esasy artykmaçlygy olaryň müşderi bilen aragatnaşyk interfeýsiniň ýönekeýligi we ygtybarlygydyr. Biometrik ulgamlaryň ygtybarlylygy düşünjesinde üç esasy aspekti tapawutlandyrýarlar.

·      Biometrik enjamlar bilen geçirilýän identifikasiýa ähtimallyk häsiýetli, sebäbi skanirleme şertleri her sapar dürli, bedeniň skanirlenýän bölegi ýa-da müşderiniň özüni alyp barşy hem dürli. Diýmek, ölçegleriň nusga bilen gabat gelmegini diňe gabat gelme derejesi arkaly aýdyp bolar. Şoňa görä, ähli biometrik enjamlar “özüňi ykrar etmezligiň ähtimallygy” (ýagny ulgamyň registrirlenen peýdalanyjysyny identifisirlemezlik ähtimallygy) we “kesekini özüňki hasaplamagyň ähtimallygy” (ýagny kesekini hakyky peýdalanyjylaryň biri bilen ýalňyş çalyşmak ähtimallygy) parametrler bilen häsiýetlendirilýär.

·      Ulgamyň bilgeşleýin aldawdan goraglylygy we biometrik skanirlemäniň obýektini simulirlemek synanyşyklaryna garşy durmak başarnygy.

·      Ýygnalan biometrik informasiýany rugsatsyz peýdalanmakdan goramak.

Häzirki döwürde statiki we dinamiki usullara bölünýän köp sanly biometrik usullar bar.

Statiki usullar adamyň fiziologik (statiki), ýagny oňa doglan gününden berlen we ondan aýrylmaýan unikal häsiýetlerine esaslanýar. Bu usulda barmak yzlary, ýüzüň geometriýasy, eliň geometriýasy seljerilýär.

Dinamiki usullar adamyň özüni alyp barşy bilen bagly häsiýetlerine esaslanýar, ýagny haýsydyr-bir amallar amala aşyrylanda adamyň düşünjeli hereketlerine mahsus bolan aýratynlyklar esasynda gurnalýar. Bu usulda söz, gol, klawiatura arkaly ýazuwy, ýöreýşi seljerilýär.

Barmak yzy boýunça identifikasiýa (AFIS). Bu iň gadymy tehologiýa, ýöne şol bir wagtda bu usul iň amatly hasaplanýar. Her adamyň barmaklarynyň unikal, üýtgemeýän yzlary bar.

Barmagyň yzy şertli relýewli çyzyklardan durýar, olary papillýar çyzyklar diýip atlandyrýarlar. Bu çyzyklar çylşyrymly (duga, halka we burum-burum aýlawly görnüşli) nagyşlary emele getirýär, olar aşakdaky häsiýetlere eýe:

·      indiwiduallyk: papillýar çyzyklaryň olaryň konfigurasiýasy, ýerleşýän ýeri, özara ýerleşişi boýunça nagyşlary emele getirýän dürli görnüşli toplumy başga nagyşda gaýtalanmaýar;

·      otnositel durnuklylyk: adamyň enäniň garnyndaka emele gelen nagyşyň daşky gurluşy onuň durmuşynyň tutuş dowamynda we ölenden soňra jeset dargaýança üýtgewsiz galýar.;

·      öňki ýagdaýyna gelmek: deri örtügine zeper ýetende papillýar çyzyklar öňki görnüşine gaýdyp gelýär.

Adamyň ýüzi boýunça identifikasiýa tehnologiýasyny amala aşyrmagyň esasy tapgyrlary:

·      obýekti skanirlemek;

·      obýektden indiwidual informasiýany almak;

·      şablony (ülňüni) döretmek;

·      işjeň şablony maglumatlar bazasyndaky bilen deňeşdirmek.

Ýüzi skanirlemek 20-30 sekunt töweregi bolýar, onuň netijesinde ýüzüň birnäçe şekilleri alynýar. Proses real wagtda şablony döretmeklige we ony maglumatlar bazasyndaky şablon faýly bilen deňeşdirmeklige esaslanýar. Barlag üçin zerur meňzeşlik derejesi käbir bosagany aňladýar, ol dürli işgärler, kompýuteriň kuwwaty, wagt we beýleki faktorlar üçin sazlanyp bilner.

Ýüzi tanamagyň esasy dört usuly bar. Olar özünde aşakdakylary saklaýar:

·      çal gradasiýaly şekilde ýüzüň tapawutlandyryjy häsiýetlendirijilerini seljermek usuly;

·      tapawutlandyryjy keşp alamatlaryny seljermegiň usuly, ol mimikanyň (ýüz-gözüň hereketiniň) üýtgemesine adaptirlenen;

·      “aýratyn nokatlary” deňeşdirmeklige esaslanýan “neýron torlarynyň” esasynda seljerme usuly, ol kyn şertlerde hem ýüzi identifisirlemäge ukyply;

·      adamyň ýüzünde aňsatlyk bilen kesgitlenýän aýratynlyklarynyň arasyndaky uzaklyklary kesgitlemek boýunça.  

Biometrika, kompýuterler we programma üpjünçiligi şahsyýet bilen baglanyşykly programmalar üçin düşündirip we ulanyp bilýän sanly kesgitleýji bolup hyzmat etmek üçin fiziki aýratynlyklarymyzy ulanýar. Olary biometrik maglumatlar bazasyndaky birini tanamak ýa-da talap edilýän şahsyýetiň hakykylygyny barlamak üçin ulanyp bolýar.

Biometriki ýüz tanamak 

Ýüz tanamak tehnologiýasy biometrika ylymyny ulanyjynyň ýüz aýratynlyklaryna ulanýar. Ýüz tanamak algoritmleri, adam ýüzleriniň dürli aýratynlyklaryny ýa-da aýratynlyk nokatlaryny, şol sanda gözleriň, gaşlaryň, burnuň, agzyň, eňegiň we gulaklaryň ýerleşişini kesgitlemek we ölçemek arkaly biometrik şablon döredýär. Iki şablon, iki suratyň bir adama degişlidigini görkezýän deňeşdirme netijesi bilen deňeşdirilýär. Biometrik nusganyň çeşmesiniň sanly ýa-da kagyz köpeldilmezligini üpjün etmek üçin janlylygy kesgitlemek hem ulanylyp bilner.

Ýüz tanamak ulgamlary adamyň ýüzi barada anyk, tapawutly maglumatlary saýlamak üçin kompýuter algoritmlerini ulanýarlar. Gözleriň ýa-da eňegiň görnüşi ýaly elementler soňra matematiki şekillendirişe öwrüler we ýüz tanamak maglumatlar bazasynda toplanan beýleki ýüzlerdäki maglumatlar bilen deňeşdiriler. Belli bir ýüz hakda maglumatlar ýüz şablony diýilýär we suratdan tapawutlanýar, sebäbi diňe bir ýüzüni beýlekisinden tapawutlandyrmak üçin ulanyp boljak käbir maglumatlary öz içine alýar.

            Bu programma üpjünçiliginde “Ýüz keşbi tanamak" bölümi programmany ýola goýýar.

“Maglumatlary öwrenmek” bölümi biometriki şekil boýunça subýekti öwrenýär we “Talyplary goş” bölümindäki talyplar hakyndaky maglumaty deňeşdirip we ony anyklaýar.

Programma üpjünçiligi adamyň ýüzündäki 80 düwün nokadyny kesgitleýär. Bu nukdaýnazardan, düwün nokatlary adamyň ýüzüniň üýtgeýänlerini ölçemek üçin ulanylýan nokatlar, meselem, burnuň uzynlygy ýa-da ini, göz rozetkalarynyň çuňlugy we ýaňaklaryň görnüşi. Ulgam, şahsyýetiň ýüzüniň sanly şekilindäki düwün nokatlary üçin maglumatlary almak we ýüze çykan maglumatlary ýüz yzy hökmünde saklamak arkaly işleýär. Soňra ýüz yzy, şekilde ýa-da wideoda ýüzlerden alnan maglumatlar bilen deňeşdirmek üçin esas hökmünde ulanylýar.

“Talyby goşmak” bölüminde talyplar hakyndaky maglumatlar saklanýar. Bu programmany ýola girizmezden öň biz ähli talyplar hakyndaky maglumatlary “Talyby goşmak” bölümi arkaly girizip bilýäris. “Maglumatlary öwrenmek” bölümi talyby goşmak bölümindäki maglumatlary deňeşdirip subýekt tanap onuň giren ýa-da çykan wagtyny anyklap maglumaty “Maglumat” bölümine geçirýär.

“Maglumat” bölümi bu bölümde talyplar hakyndaky maglumatlary görmek bolýar. Umuman aýdanymyzda programmanyň biometriki usulda ýüz keşbini anyklan subýektleriniň maglumatlary ýerleşdirilýär. Bu bölümde biz subýektlere gözegçilik edip bilýäris we wagtymyzy sarp etmezden elektron ýagdaýda maglumatlary görýäris. 

Ýüz tanamak programmasynyň esasy maksady emeli intelekty ulanyp işgärleriň ýa-da talyplaryň ýüz keşplerini biometriki usul bilen anyklap awtomatiki ýagdaýda alynan maglumatlary exel formadyna geçirýär. Bu bolsa işgärler bölümine hem-de talyplara gözegçilik edýän dekanlara wagt sarp etmezden işgärler we talyplar baradaky informasiýany almaga ýardam berýär.

 

Edebiýatlar

1.      Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň  2019-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy.-Aşgabat: Türkmen dowlet neşirýat gullugy, 2019.

2.      А. С. Катасёв, Д. В. Катасёва, А. П. Кирпичников

3.      Ахметвалеев А.М., Катасёв А.С., Шлеймович М.П. Проблема стимуляции направления взгляда человека в задачах бесконтактного выявления потенциально опасных лиц // Информационная безопасность и защита персональных данных. Проблемы и пути их решения: Материалы VIII Всероссийской научно-практической конференции. – Брянск: БГТУ, 2016.

4.      В. Говорухин, Б. Цибулин КОМПЬЮТЕР В МАТЕМАТИЧЕСКОМ ИССЛЕДОВАНИИ

45 |
|