Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Emeli Akyly Işiňizde Ulanyp Biljegiňiz 4 Ideýa

1 minut alar

Emeli Akyly ulanmak özüňe örän zehinli mugt asistant işe alan ýaly.

Aşakda bu tehnologiýany öz işiňizde / biznesiňizde ulanyp biljegiňiz 4 sany ideýalary seljerdim.

  1. Hyzmatdaşlyk teklipleri
  2. Marketing ideýalar
  3. Email ýazgylary
  4. Blog we kontent

Hersine ýeke ýeke göz aýlalyň

Ilki bilen bu prosese başlamak üçin ChatGPT ýa-da OpenAI playground agza bolmaly. Ikisem GPT-3 bilen işleýär, kän bir tapawudy ýok.

https://chat.openai.com/chat

https://beta.openai.com/playground

1. Hyzmatdaşlyk Teklipleri / Proposals and partnerships

Meselem diýeli siziň halkara guramaňyz bar we daşary ýurt firmalara teklip bilen ýüz tutmaly. Bu prosesi Emeli Akyly ulanyp tizleşdirip bilersiňiz. Öz guramaňyz hakynda gerekli maglumatlary giriziň.

2. Marketing Ideýalar:

Siziň biznesiňiziň marketingi üçin her dürli strategiýalar we kontent ideýalary çykaryp berýär. Bu bir maslahatçyny işe alan ýaly.

3. Email Ýazgylar we Email marketing

Email Marketing üçin size kontent döretmäge kömek eder.

Meselem ideýalar ýazmagyny isleseňiz we belli bir san berseňiz şoňa görä hem netije çykaryp bilýär.

4. Blog we Kontent

Blog ideýalar:

Biraz goşmaça maglumat we gönükdirme berip öz isleýän temaňyzda blog ýazyp bilersiňiz.

Belkide biz täze döwre geçýäs, indi haýsy maglumatyň adam tarapyndan ýa-da kompýuter tarapyndan ýazylanyny saýgaryp bilmeýäs…

Gowy tarapdan seretsek, biziň işlerimizi örän ýeňilleşdirýär we biziň has möhüm zatlara wagt aýyrmagymyza sebäp bolýar.  

93 |
|