COCA-COLA KOMPANIÝASYNYŇ ÖŇKI CEO-SY BRAÝAN DAÝSONYŇ 30 SEKUNTLYK ÇYKYŞYNDAN DÜRDÄNELER.
1 minut alar
Durmuşy bäş sany kiçijek topy oklap-gapmak oýny diýip göz öňüne getireliň. Bu topjagazlar:
1. Iş,
2. Maşgala,
3. Saglyk,
4. Dost-ýar,
5. Göwün.
Siziň wezipäňiz olaryň hemişe howada bolmagyny gazanmakdan ybarat. Basym siz iş diýen topjagazyň rezinden ýasalandygyna, birden ony gaçyraýsaňyz hem onuň ýene ýokary göteriljekdigine göz ýetirersiňiz. Emma beýleki dört top - maşgala, saglyk, dost-ýar we göwün aýnadandyr. Eger siz olaryň haýsy hem bolsa birini gaçyraýsaňyz, çat açar, bir ýerjigi uçar, hatda kül-uşak bolmagy hem mümkin. Garaz, ol hiç haçan öňki kaddyna gelmez. Siz şuňa akyl ýetirip, beýle zadyň bolmazlygy üçin dyrjaşmalysyňyz. Iş wagtynda başardygyňyzdan, aňrybaş derejede netijeli işläň hem-de öýüňize wagtynda dolanyň. Maşgalaňyza, dost-ýara we dynç almaga ýeterlik wagt aýryň. Gymmatlyk diýlen zat dine gadry bilnen ýagdaýynda gymmatly bolýandyr.