Arzuwsöýer
Buşluk! Ilkinji kitabym 🙂
1 minut alar
Salam, hormatly adamlar! Ine, galamdaşym Süleýman Tekäýew bilen bir ýarym aý çemesi wagt bäri üstünde işläp ýören elektron kitabymyz taýýar boldy.
Bu ilkinji ýygyndyma şu güne çenli ýazan saýlama goşgudyr oýlanmalarymy ýerleşdirdik.Göwnüňizden turar diýip umyt edýärin.
Kitabym hakynda bellikleriňize we tankydy pikirleriňize garaşýaryn. (Elbetde okanyňyzdan soň).
Kitapdan bir goşgy:
Düýn agşam asmanyň ýüregi gysdy,
Gün birçak hoşlaşyp girdi öýüne.
Asman bolaýmaklyk ýeňil däl, bilseň,
Bagryn beribilmez ýeriň teýine .
Aý görüner çagda görünmedi.
Ol
Mürähet eýleýip, diýjekdi: "Gel, geç!".
Birdenkä çytyldy asmanyň ýüzi,
Soňam gaharlandy, gürledi elhenç.
Halysyny kakaýjakdy kalbynyň,
Töwerekde syrdaşy ýok seretse.
Arman, bilmeýärdi adamlar deýin
Aglap bilse köşeşjegin neresse.