Teswirler (18)

Ýüklenýär...
User Avatar

BU MESELÄ IŇŇÄN JOGAPKÄRLI ÇEMELEŞESIM GELÝÄR.

1 minut alar

“Adamlaryň kalbyny joşdurmak, ýüreklerinde güýçli duýgulary oýarmak we olaryň hakyky söýgüsine mynasyp bolmak üçin näçe galany almaly?” – soragy meni köpden bäri biynjalyk edýär. Bu sorag meniň hiç haçan üns merkezimden düşmedi. Has dogrusy, meni juda aladalandyrýar diýsem ýeridir. Ýagny muny başarmak, hiçem aňsat däl we men muňa günsaýyn hasam gowy düşünýärin. 

 

Ähmiýetsiz galyberse-de ujypsyz ýazgylarym bilen adamlaryň gymmatly wagtlaryny alasym gelenok. Okalmaga deger, ýatlanmaga barabar, aýdylmaga  mynasyp eserleri ýazmak üçin synanyşmak meniň ilkinji maksadym bolmaly. 

 

Adamyň döredýän her bir eseri, aýdýan ähli aýdymlary, düzýän dürli-dürli sazlary, tapýan makaladyr oýlanmalary, ýazýan kitapdyr goşgulary, çekýän ajaýyp suratlary, düzýän manyly sonetleri, umuman, edýän her bir işi, adamlaryň kalbyndaky duýgulary joşdurýan bolsa, alyp barýan işleriniň we aljak hasylynyň netijeli boljakdygyna göz ýetirmek kyn bolmasa gerek. Alynjak hasylyň hiline men jogapkär, munuň ýeke-täk ýoly bolsa ýürekden çykýan her bir esere, ençeme zähmetiň siňdirilendigi wajypdyr. “Indi şula boldy, ile-güne ýetirip bolar” düşünjesi mende hasyl bolýança täze ýylda görüşmek niýeti bilen!

 

©Serdaryn_Pikirleri

08.06.2024ý.

163 |