Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

Taryhçy

Bilim, filosofiýa, din we maglumatlaryň görnüşleri

6 minut alar

Köp kişi bilim we tehnologiýany biri-birine garyşdyrýarlar. Tehnologiýa, maglumatlaryň ulanylmagy bilen günlük ýaşaýyşymyzy gowulaşdyrmaga gönükdirilen amallardyr. Bilim, latynca "scientia" sözünden gelip çykandyr. 

Bilim hakykatyň edil özi ýa-da anyklyk däldir. Bilim adamlary "hakykaty" gözleýändiklerini we derňew edýändiklerini kabul etseler hem, hakykatlary "döretmezler" ýa-da bilmezler. Bilim adamlary terminleri, teoriýalary öňe sürýärler we bularyň dogrulygyny ýa-da ýalňyşlygyny barlaýarlar. Barlanan ýa-da tassyklanan teoriýalaryň ýalňyş ýa-da ýetmezçilik edýän taraplaryny tapmaga synanyşýarlar, bulary täzeden barlap, möhüm bolan ýagdaýynda üýtgedýärler. 

Bilim bir din ýa-da ynanç däldir. Dinler durmuşyň manysy, nämäniň sogap nämäniň günädigini, haýsy adamlaryň jenneti, haýsy adamlaryňam dowzahy bolýandygyny we ş.m zatlary kesgitleýärler. Bilim bolsa fiziki zatlara, älemiň düýbüne, gurluşyna we tebigatyna düşünmäge synanyşýar. Bilimiň syn edip, derňew we akyla daýanyp gazanan maglumatyna ylmy maglumat diýilýär. Ylym dünýäni düşünjeler, gipotezalar, teoretik sistemalar, taglymatlar görnüşinde şöhlelendirýär. Şonda ol akyl ýetirmäniň tejribe, pikir ýöretmek, eksperiment usullaryna ýüzlenýär. Bilimiň esasy seljermesi tebigat hadysalary bilen baglanyşyklydyr. Psihologik, sosiologik, ykdysady, medeni maglumat görnüşleri hem tebigy hadysalara degişlidir.

KanunGaýtalanan syn we derňewler bilen, şol bir şertlerde şol bir netijeleri berýändigi anyk bellenen, akyla we logika uýýan, umumy taýdan kabul edilen, üýtgemeýän aýratynlyk gazanan, ýalňyş bolmak ähtimallygy bolmaýan hakyky informasiýa diýilýär. 

GipotezaDürli faktorlary düşündirip bilmäge ukyby bolan, dogry görünmegine garamazdan dogrulygy heniz näbelli çaklamalardyr. 

• Bir çaklamanyň gipoteza hökmünde hasaplanmagy üçin iki aýratynlygy bolmalydyr:

 - Dogrymy ýa-da däldiginiň heniz näbelli bolmagy. 

- Göni test edip bolmazlygy. 

Eger bir kişi çykyp "şu şeýledir" diýse, öňe sürlen zada gipoteza diýilýär. 

• Bu kişiniň gipotezasy eger ençeme kişi tarapyndan tassyklanan bolsa teoriýa öwrülýär. 

• Has soňra bu meselä indi teswir goşup bolmaýan bolsa kanun bolýar. Emma hiç kim bu meseläni ýatyrmaga ýekeje söz hem tapmasa sözüň doly manysynda kanun bolýar. Meselem:

- Bir daş alyp, ony ýokary galdyryp soň elimizden goýbersek, ol hökmany suratda aşak düşer, sebäbi dartyş güýji bardyr. Bu ylmy kanundyr, hiç kim "ol düşmeýär" diýip bilmez. Bilim teoriýasyz, çaklamasyz bolmaýar. Täze teoriýa döräp, öňküsiniň düşündiren zatlaryndanam köp zady düşündirip bilen bolsa, öňki teoriýa terk edilýär. Bilim teoriýasyz bolmaz, sebäbi bilim teoriýa bilen başlaýar. 

Informasiýanyň (maglumatlaryň) görnüşleri. 

1. Gündelik (kadasyz) maglumat. 

2. Dini maglumat. 

3. Sungat maglumaty. 

4. Tehniki maglumat. 

5. Ylmy maglumat. 

6. Filosofik (pelsepe) maglumat. 

1. Gündelik maglumat - bu gündelik durmuşymyzda duş gelýän maglumatlardyr. 

2. Dini maglumat - tebigata we ynsana degişli her hadysany mukaddeslik düşünjesine eýerip düşündirýän maglumatlaryň görnüşi. 

• Dini maglumat öz gözbaşyny mukaddes kitaplardan, wahyýlardan alýar. 

• Bu maglumatlar soraglanmaýar, ynanç ýoly bilen kabul edilýär, ýagny dogmatikdir. Tebigat, dini maglumata gabat gelmeýän bolsa, ýalňyş ol maglumatda däl-de tebigatyň özündedir. Dini maglumatyň aýratynlyklary: 

- Dogmatikdir. 

- Tankyda ýapykdyr. 

- Gündelik durmuşdaky hereketleri kesgitleýär. 

- Üýtgeşmelere ýapykdyr. 

- Ynanç bilen bilnip, iman bilen kabul edilýär. 

- Hakykatdygy subut edilip bilinmez. 

Din dünýägaraýyşlaryň hem bir görnüşidir. Dünýägaraýyş hökmünde ol filosofiýa hem ýakynlaşýar. Din hem edil filosofiýa kimin adamzady gyzyklandyrýan baky meselelere özüçe jogap agtarýar. 

3. Sungat maglumaty - çeper oýlanma esaslanan maglumat. Sungat dünýäni estetiki usullaryň üsti bilen özleşdirmekligiň görnüşidir. Bilimde hakykat gözlenilýän bolsa, sungatda gözellik gözlenilýär. 

4. Tehniki maglumat - Adam zähmeti bilen döredilen ýokary öndürijiligi gazanmak üçin ulanylýan maglumat. Meselem maşynlar, mehaniki gurallar, desgalar tehniki maglumatyň esasynda döredilýär. Şuwagt esasan hem, tehnologiýa diýlip atlandyrylýar. Tehniki maglumatyň aýratynlyklary: 

- Adamyň umumy peýdalaryna hyzmat edýär. 

- Gündelik durmuşy aňsatlaşdyrmak maksat edinilýär. 

5. Ylmy maglumat - subutnamalara esaslanýan maglumat. Älemi, jemgyýeti we adamy öwrenmegi özüniň baş maksady hasaplaýan, öz gözleglerini syn etmäge, derňewe we akyla esaslanyp edýän, dürli serişdeleriň kömegi bilen gazanylan kadaly maglumata ylmy maglumat diýilýär. Düzümi gaty giňdir. Ylmy maglumatlar, özüniň öwrenýän maglumatlaryna görä 3 bilim toparyna bölünýär. Olar: 

1. Formal bilimler. 

2. Tebigat bilimleri. 

3. Ynsan bilimleri. 

Formal bilimler - matematika, geometriýa we ş.m. 

Tebigat bilimleri - tebigaty öwrenýän biologiýa, fizika, himiýa, zoologiýa ýaly bilimler. 

Ynsan bilimleri - adamy we jemgyýeti öwrenýän bilimler, psihologiýa, sosiologiýa, antropologiýa, taryh, filosofiýa we ş.m. Jemgyýeti sosial filosofiýadan we sosiologiýadan başga ylymlar hem öwrenýär. Mysal üçin, taryh, syýasaty öwreniş, demografiýa, medeniýeti öwreniş, hukugy öwreniş ýaly ylymlar. 

Bu ýerde syýasaty öwreniş özbaşdak ylym hökmünde XIX asyryň II ýarymynda emele gelipdir. 

Syýasaty öwrenişsyýasat we onuň ähli hadysalary baradaky umumy , integrsion ylym bolup durýar.

Syýasy ylmyň predmetiniň möhüm düzüm bölekleri:

1. Syýasy aň we medeniýet. 

(Bu ýerde bellemeli bolýarys, syýasy aň adamlaryň syýasy sowatlylygydyr. Eger jemgyýetiň ähli agzalarynyň syýasy sowatlylygy ýokary bolsa, jemgyýet hem gowulaşýar we özgerýär)

2. Syýasy institutlary.

3. Döwlet we partiýalar.

4. Syýasatyň subýektleri.

5. Şahsyýetler hem toparlar.

6. Elitalar we liderler.

7. Içerki syýasy gatnaşyklary.

8. Daşarky syýasy gatnaşyklary.

9. Syýasy prosess syýasatyň dinamiki häsiýeti hökmünde.

Demografiýa – bu ilaty öwrenýän ylmyň adydyr. Aslynda, demografiýa sözi demos – halk we grapho – ýazýaryn diýen manylary aňladýan gadymy grek sözlerinden emele getirilen düşünjedir. Demografiýanyň esasy öwrenýän obýekti ilatdyr.

Taryh geçmişi öwrenýän ylym. 

6. Filosofik maglumat - akylyň, pikiriň we sorag bermegiň esasynda döredilen maglumatlaryň jemi. 

• Filosofik maglumata sorag bilen, soraglamak bilen ýetilýär. 

• Filosofiýanyň soraglary "ýaşaýyşyň manysy" ýaly kategoriýalarda jemlenen soraglardyr. Meselem: 

- Durmuşyň manysy näme? 

- Hakykat näme? 

- Gözellik näme? 

- Adalat näme? 

- Jemgyýet näme?

 - Erbetligiň çeşmesi näme? 

- Ahlak näme? 

- Erkin ygtybar barmy? 

- Din näme? 

Filosofik maglumat, ylmy maglumat ýaly bir zady ençeme böleklere bölüp däl-de, umumy görnüşde öwrenýär. Bir zady düşündirmek üçin tankyt ýaly rasional (akyla esaslanýan) usullary ulanýar. Filosofiýanyň düşündirişlerinde "anyklyk" ýa-da "soňlanmak" ýokdur. Filosofiýada filosofyň şahsyýeti we geçmişi möhüm orny eýeleýär. Ýer alýan jemgyýetden we döwürden täsirlenýär. Şol bir wagtyň özünde döwri we jemgyýete täsirini ýetirýär. 

Pelsepe etmegiň ilkinji iki şerti şulardyr: ilki bilen bir sorag hakynda diýiljek hemme zady diýip bilmek mertligine eýe bolmak, ikinjisi, oňa bir mesele hökmünde garamak üçin özünden belli bolan hemme zadyň açyk ýagdaýda aňyňda bolmagy. Filosof bolmak, bir zatlary okap, ýa-da ol zatlary ýat tutup, pikirleri garyşdyryp, olary başga kişilere aýdyp bermek däldir. Filosofiýanyň taryhynyň üstünde işläp filosof bolaryn öýdýänleriň, şahyrlyk ýaly, filosoflygyňam diňe dogulaňda gelýändigini we onuň seýrek duş gelýän zatdygyny öwrenmelidirler. 

Filosofiýa - bilim gatnaşygy. 

Filosofiýa hem, bilim hem hakykaty gözleýärler. Pikirlenmek ukybyna uýýandyrlar, tankyda ikisi hem açykdyr, älemi, adamy, ýaşaýyşy düşündirmäge synanyşýarlar.

Filosofiýa - din gatnaşygy. 

Filosofiýa dine garşy däldir. Filosofiýa üçin din, öwrenilmeli temalaryň diňe biridir. Filosofiýa girýän käbir meseleler diniňem meseleleridir. Filosofiýa bile diniň meselelere garaýşy gaty tapawutlydyr. Filosofiýa meseleleri akyla, logika we hakykata esaslanyp çözmäge synanyşýar, tankytlaýar. Dinde welin esasy zat imandyr. Jogaplardan şübhe duýulmaýar, Taňrydan gelýändir. Dini aň, esasan, ynançlar ulgamydyr. Dini ynançlaryň iň esasylarynyň biri, iň ýokary, adatdan daşary güýjüň – Hudaýyň, barlygyna bolan ynançdyr. Dini ynançlara görä Älemi ýaradan hem, bütin adamzadyň durmuşyny edara edýän hem, adamlary eden etmişlerine görä jezalandyrýan hem, sogap işleri üçin ýalkaýan hem Hudaýdyr. Filosofiýa bilen din özara baglanyşýar. Dindar hökmünde tanalan ençeme adamlar pelsepe edendirler, ençemesi filosofdyr. Filosofiýa düşünje dünýämizi baýlaşdyrýar. 

 

Ulanylan çeşmeler: 

1. Filosofiýa - Ö.B.Muhammetberdiýew, Aşgabat “Ylym” neşirýaty 2011. 

2. Filosofiýa - N. Suwhanow, Aşgabat-2010.

3. "Bilim Nedir, Ne Değildir" makala, www.siirt.edu.tr. 

4. "Universiteler ve felsefe" - Artur Şopengawer, Say Yayınlari. 

5. "Bilim Nedir?", Timur Karaçay, 12.10.2010.

6. Syýasaty öwrenişiň taglymat esasy we taryhy - Ata Çarygulyýew, Aşgabat-2010. 

305 |