Teswirler (12)

Ýüklenýär...
User Avatar

Baýlyga ýetmek üçin birinji ädimler

2 minut alar

Baýlyga ýetmek üçin birinji ädimler

Salam dostlar her bir ýaşy uly-kiçiniň arzuwy baý bolup ýaşamakdyr. Emma nädip? Bu sowala bu gün Juwan akademiýamyzyň agzybir meýletinçileri hem-de Merdan Ataýewiň alyp barmagynda okuw sapagyny geçirdik.

Bu seminar barada size gysgaça aýdyp bermegi ýüregime düwdüm. Dünýäde baý adamlaryň 70% öz maňlaý deri bilen baýan adamlar galan 30-% bolsa miras düşerler. Aslynda miras düşerleriň sany kän bolmaly ýöne näme üçin azka? BAE patyşasy:” Meň atam düýede gezen men bolsa Rolls Roýsda gezýän oglum BMW-da gezýär agtygym Tayotada gezer Çoglugum bolsa düýe müner” dostlar eger kynçylyk görip zadyň gadyryna ýetmesek onda ol zadyň gadyry bolmaz

Ylymly sowatly bolmak baýamagyň ilkinji we möhüm şertleriniň biridir. Geçen hepde sosial mediada şeýle surata gabat geldim. Suratyň ýarysynda BMW awtoulagynyň ýanynda duran bir baý adam beýleki, gapdalynda bolsa synp tagtasyna çylşyrymly himiki reaksiýa ýazyp oturan oglan. Onuň üstünde şeýle ýazgylar bardy:”Kimileri sapakda ökde kimleri bolsa durmuşda”.

dostlar ylymly bolman baýamak diýmek küreksiz gaýykda gezmek ýalakdyr. Siziň bilim almagyňyza päsgel berýän adamlary durmuşyňyzdan çykaryň ýa-da gulak asmaň. Ýoly ýöränden däl geçenden sora diýip ýöne aýtmadyk bolsalar gerek. Maslahaty kimden alýanlygymyz has wajyp zat bolup durýandyr.

Mysal alanymyzda dünýäniň iň baý adamsy Ilon Mask ylymly adamlaryň biridir. Meniň muny aýdýanymyň sebäbi, tanaýan oglanlarymyň käbirleri okuw baýamaga kömek etmeýär diýen düşünjä gulluk edýärler ýöne bu ýalňyş düşünjäni üýtgetmegiň wagty gelmedimi? Okamaýan sowatsyz bir adamyň baý bolanyny gördüňizmi siz?

Ysmaýyl agamyzyň ylmy düşündirişi:

Ylym-baýlygy getirýän baýlyk

Ylym paýlaşdygyňça gymmaty artýar

Ylym-ýagtylyk

Ylym halas edýär

dostlar baýlyk diýenlerinde meniň gözüme birinji ylym gelýär. Sebäbi ylymly adam ähli ýapyk gapylary açyp bilýän adamdyr. Siz hem wagtyňyzy boşa gidirmän dil öwreniň okaň dörediň. Eger size maslahatlaşmana ýa-da goldaw bermäne dostuňyz bolmasa Juwan akademiýamyzyň agzybir meýletinçileri siziň arkaňyzda bize ýüz tutup bilersiňiz.

190 |