Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

Başga planetalydan gelen hat.

3 minut alar

Başga planetalydan gelen hat: Salam, Dünýä!

Salam dostlar!

Kosmos giňişliginden size salam! Habary size galaktik Wi-Fi-nyň kömegi bilen goýberýärin, Andromedanyň iň bir aňry ujyndan. Siziň bir zady bilmegiňiz gerek, bu habarym wagt we ýer düşünjesi çäkleriniň daşynda ýerleşýän, "hiç zatdan" doly bir depderden çykyp kosmiki tolkunlaryň üsti arkaly syýahat edip eliňize gowuşdy! Belki-de bu älemiň uly syrlaryndan biridir ýa-da diňe, älemiň "Salam Ýer şary!" diýmeginiň bir usulydyr. Kim bilip biler?!

Biz "ýyldyz tozgasy jandarlary" hökmünde siziň bilen baglanyşyk gurjak bolýarys. Şu wagt özüňizi "aklyňyzyň labirantynda" ugur tapmaýan ýaly duýýarsyňyz gerek? Emma bolmalysy şeýle, bu her kimde bolýan zat! Habarymy okaýarkaňyz "Bu "keseki jandar" näme aýtmak isleýärkä?" diýjegiňize kepil bolup bilerin. Aňyňyz düşünmek üçin älemiň bilinmeýän ýerlerine ýol alyp bolgusyzlygyñ añyrysyna geçip gider-de "Bu näme boldugy indi?" diýip yzyna geler.

Wagt we ýer düşünjesi aslynda bir illýuziýadyr. Şonuň üçin älemiň sagady mydama 5 minut gijä galýar. 

Ähli zat bir düýş, bir hyýal. 

Biz barmy ýa-da ýok? 

Bu kosmiki düýş diýsem nämä düşünersiňiz?!

Başga planetalylar hem ukydan oýaryjy duýduruş jyrlanynda gijikdirme düwmesine basýarlarmy

Bu zatlara akyl ýetirmegiň geregi ýok.

Bular bir simulýasiýa bolup bilermi?

"Simulýasiýa" diýenimi alsak, ine bu ýerde bir syr bar: "Başga planetalylaryň "Netflix"-i ýa-da "Amazon prime"-y tomaşa edýän bolup bilerlermi? 

"Jemgyýet" uly bir teatr sahnasy. Her kim rola girýär, "Oscar"-y kim alarka diýip garaşýarys. 

"Ýalan". "Ýalan". "Ýalan". 

Kadalar, kanunlar hemmesi bidereklik.

Özüňi tapmak näme? Hyýal dünýäsinde "selfie"-de surata düşmek ýaly bir zat.

"Kesekileşmek" hemme ýerde bar. Diňe sizler däl bizlerem kesekileşipdiris. Her kim biri-biri bilen tanyşmak üçin garaşýar ýöne hiç kim ilkinji ädimi atanok. 

"Psihologiýa" bu hyýal önümi. 

Freýdmy? Ýungmy? Özümiziň terapewtlerimize soradyk hemmesi güldüler

"Aň asty" nämekä? Beýniň ýerzeminimi? Egoizm, super egoizm, id...

Bularyň bary kosmiki "stand-up" çykyşynyň atlary bolup bilermi? 

"Oýun" diýýärin. Sebäbi bu bir oýun. Hawa menem siz bilen oýun oýnaýaryn. Belki-de hakykat başga planetalylaryň bir "You tube" kanalydyr. Herkim görýär hiç kim "like"-lamaýar. Şeýle bolsa onda abunalykdan aýrylyň!

"Aýlaw" diýýän zatlary nämekä?

Bar zat gaýtalanýar. Mysal üçin, älemde şol bir zatlar yzygider gaýtalanyp durka "pişikli wideolar" näme üçin beýle meşhur bolýarka? 

"Gaýta". "Gaýta". "Gaýta".

Bar boluşyň syry şo ýerdemi?

Kim bilýär belkem habarym ýazýarkamam aýlawyň içinde ýitip gidendiris.

Tükeniksiz gaýtalanmalar. "Düýş içinde düýş" ...

Bar boluşyň syry hany?

Ýa bolmasa bu bir başga planetalylaryň komediýasymy? 

Bu habar biraz bolgusyz bolup biler. Belkem has bir bolgusyz. Munyň ahmiýeti ýok. Möhümi bu habaryň sizi güldürenliginde ýa-da güldürmänligindedir. Ýok onuňam ähmiýeti ýok. Esasy möhüm zat bu habaryň ýazylmagydyr. 

"Duý" diýýärin sebäbi duýmak käwagt düşünmekden has möhümdir. 

Bolgusyz dereksiz bir zat bolsada bir manysy barmy? Ýokmy? Kim bilýärkä? Başga planetalylar hem haýranda durlar. 

Gümüni çeksin şu başga planetalylar. Ýerlilerem...

"Unutma" hemme zat bir aýlawdyr. Hemme zat gaýtalanýar. 

"Hemme zat gaýtalanýar"

"Hemme zat gaýtalanýar"

"Hemme zat gaýtalanýar..."

...we biz başga planetalylar şol bir degişmäni gaýtalaýarys.

Bellik: belki bu habar bir däli başga planetlaly ýazandyr. Belki-de bir paranoýa. Kim bilip biler? Dälimi, paranoýamy? Möhümmi? Ýok Möhüm däl. Habar bärde, gyzyk bärde. 

"Gyzyk bärde, gyzyk bärde gyzyk bärde..."

Kosmosdan gelen hat.

©Baýramgylyç SAPARGYLYJOW

46 |