Arassa suw
1 minut alar
Arassa suwy yzygiderli we ýeterlikli kabul etmek her bir adamyň beden zerurlygydyr. Bu nukdaýnazardan, adam organizimi üçin zerur bolan suw baradaky birnäçe maglumatlary bilip goýmagyñ zyýany bolmaz.
- Günde näçe suw içmelidigi, bedeniň agramyna, beden işjeňligine, howasyna, ýaşyna we akyl ýagdaýyna baglydyr. Şonuň üçin bedeniň isleýşi ýaly köp suw içmek maslahat berilýär.
- Suwuň bedenden zäherli maddalaryň aýrylmagyna täsiri ýok, näçe suwuklyk kabul edilse-de, böwrek diňe beden üçin zerur molekulalary saklaýar, galanlaryny bolsa çykarýar.
- Lukmanlar aşa köp suw içmek giponatremiýa (gan plazmasyndaky natriniň mukdarynyň azalmagyna) sebäp bolup biljekdigini aýdýarlar, bu seýrek duş gelýän howply kesel.
- Iýmitleniş hünärmenleriniň pikiriçe, suw gandaky ýagy ýa-da şekeri eretmeýär we artykmaç agramdan dynmaga kömek etmeýär. Diňe suw içip, çalt horlanyp bilersiňiz diýen pikir düýbünden ýalňyş.
- Gastroenterologlar aşgazanyň gowy işlemegi üçin suwuklygyň gerekdigini aýdýarlar. Nahar iýmezden ozal biraz suw içseňiz, iýmit siňdirişiñiz deňagramly bolar. Iýmitlenýän wagtyñyz içýän suwuňyz biokarbonata baý bolsa, bedeniň iýmit siňdirmegi has aňsatdyr. Lukmanlar iç keselinden ejir çekýän näsaglara has köp suw we beýleki suwuklyklary içmegi maslahat berýärler.
AGAJANOW Abdylkerim TOHI-niñ Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizimleşdirmek fakultetiniñ Gidromeliorasiýa hünäriniñ 2-nji ýyl talyby.