Ykdysatçy
Aňsat Dilde Salgyt Näme?
2 minut alar
Geliñ salgyt näme we näme üçin yurtlaryñ ykdysady durnuklylygynda uly rol oýnaýar.
Añsat dilde düşündirmage çalyşaýyn.
Salgyt ylym hökmünde döremegine sebäp bolan alymlardan birileri Adam Smit we Fridrih Englis bolup durýar.
A.Smit salgyt barada "Salgydyñ islendik görnüşi ýaramazdyr"
F.Englis bolsa "Döwlet bolmasa salgyt bolmaz, salgyt bolmasa döwlet bolmaz"
F.Bekar salgyt barada "Salgytlary tölemek döwletiñ her bir raýatyñ mukeddes borjudyr"
Görşumiz ýaly, alymlar salgyt barada dürli pikirlerde bolupdyrlar yone döwletiñ ösmegi, halkyń hal yagdaýynyñ yokary bolmagy üçin iñ wajyp we möhüm zatdygyny aýdyp geçyärler.
Salgyt we Maliýe ylymlary doganlar ýaly we elmydama bir birleri bilen bagly aýrylmazdyrlar.
Ählimiz bilyas her döwletiñ býujety bolýar.
Bizim ýurdumyzda 2 derejeli býujet(býujet barada indiki makalalarda doly gurruń bermekçi) hereket edyar.
1-nji derejeli býujet girdejileri salgytlardan, ýygymlardan emele gelýar. (Yygym barada indiki makalalarda doly gurruń bermekçi)
2-nji derejeli býujet eksportlar yagny uglewodorod serişdelerin (nebit, gaz, ugurdaş gaz) satylmagyndan we ş.m-lerden emele gelýar.
Aýtmak isledigim dõwlet öz maliye işlerini amala aşyrmak üçin meselem gurluşyk işler, importlar etmekde we ş.m ler salgytlardan we ŷygymlardan gelyan maliye serişdeler (pullar) hökmanydyr.
Salgyt birnäçe alamatlar bilen kesgitlenýär:
- salgyt töleýjileriň topary; (salgyt tõlemeli tarap, şahsy adam yada edara gõrũşli tarap)
- salgyt salynýan binýat; ( salgyt hokman byr zada esaslanyp tölenmeli, esaslanyp tölenýan binýat hökmünde salgyt kodeksi bolup duryar)
- salgyt özeni; ( indi salgyt alynanda şahsy yada edara görnüşli tarapyñ girdeji yada peydasyndan göterim hökmümde alymlyda onam nähili möçberde salgyt alynmalygyny hasaplamak üçin başda hökman şol salgydyñ özenini hasaplamaly bolyar we özenini bilemizden soñ haysy hem bolsa byr tarapa salgyt salynýar)
salgyt möçberi (möçberleri); ( meselem geçen ay ücin siziñ Goşulan baha üçin salgydyñ tölemeli pul moçberiñiz 1200 Tmt) - salgydy hasaplamagyň we tölemegiň möhletleri we tertibi;( Tölemegiñ tertibi šu bolyar, indi biziñ yurdumyzda salgyt girdejidenem alynyp bilyar we peydadanam ony şahsy tarap yada edara görnüşli tarap tapawudy yok özleri saylap bilyas bu syýasat yeñillik kömek hökmũnde döwlet bize hödurleýar. Möhleti bolanda adyndan belli her aýda tölenýän salgyt bar çaýrekde tölenýäni bar şol berlen möhletden geçmeli däl)
Biziñ yurdumyzda 6 salgyt 5 sany ýygym bar we her salgyt ũcim ayratyn maddalar berlen.
Umuman bizin dowletimiziñ salgyt kodeksinde 200 madda bar olaryñ hemmesini yat tutmak hökman däl biz esasy maddalary öwrenip geçeris.
Türkmenistanyñ salgyt kodeksini okamak isleseñiz
"Türkmenistanyñ Ykdysadyyet we Maliýe" ministyrlygyñ saýdynda okap bilersiñiz.
Indiki makalarda her salgyt barada aýratyn durup we yeñil yollar bilen dũsündirmage çalyşaryn. fineconomic.gov.tm