Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ykdysadyýet 101 – Adamyň günlük durmuşyndaky ykdysady kararlary

2 minut alar

Adam her gün irden turanynda näme etmeli diyip ozüne sorag beryär we bu soraga birnäçe jogap alyar. Yzyna geçip ukyny dowam etmek, turup el yüzüňi yuwmak ya-da yataga geçip oýun oýnamak. Adam şeyle kararlary bütün günün dowamynda alyar we günlük 24 sagat wagt bilen çäklenmä duçar bolýar. Adam çäklenen wagt içinde karar bermäge mejbur bolyar. Eýsem, diňe adamlar däl, uly kärhanalar hem günlük işlerinde näçe sany adam almaly, näçe möçberde aýlyk bermeli we näçe sany önüm öndürmeli ýaly kararlar alýarlar. Adamlarda bolşy ýaly kärhanalar hem çäklenmeler bilen duçar bolyar (puluň, iş ýeriniň, wagtyň çäkli bolmasy). Şu ýerde ykdysadyýet hem emele gelyär. 

Nädip? Şu ýokardaky mysallaryň hemmesinde belli bir çäklenmeler içinde karar bermäni başarmak, eysem dogry başarmak wajyp bir mesele bolup durýar. Ykdysadyýet ylmy bolsa wagt, pul, tebigy we başga çäkli bolan serişdeleri dogry we täsirli şekilde paylamagy owrenýan ylym. Ykdysadyýetçi bolsa çäkli önümleri (meselem wagty) täsirli şekilde paýlamagy karar beriji bolup duryar. Bu diymek, biz irden turanymyzda çäkli 24 sagadymyzy nädip sarp etmelidigine karar berenimizde ykdysady karar edýänligimizi nygtamak gerek. Ykdysadyýet ylmynda çäkli serişdeleri dogry we täsirli ulanmak üçin müňlerçe teoremalar we modeller orta çykaryldy. Onuň üstüne, ykdysadyýet ylmy birnäçe parçalara bolünüp, her bölek aýratyn bir jogapkärçilige eýe bolyar. Mundan soňky makalalarda ykdysadyýet ylmyna has çuňňur bir giriş ediler we ykdysady ylmynyň parçalary aýry aýry düşündürüler. 


Eger, sizde ykdysadyýet ylmy hakynda täzeliklere eye bolmak isleseňiz, bu makala like goyuň we doslaryňyz bilen paylaşmagy unutmaň. 

75 |
|