Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

MS biofizika

Amerikada master OKAJAKlara

2 minut alar

  Bu makala bakalawryny dünýäniň islendik ýerinde tamamlap indi master üçin Amerika gelmek isleýän we çyndan okamak isleýänlere degişli. Iş maksatly we beýleki maksatly soraglar bu makalada we mende jogap tapmaýar.

 Giriş duýduruşynam beren bolsak başlalyň. Bilşiňiz ýaly Amerikada okuw tölegleri tölärden gymmat, ýöne şonda-da okap ýören ep-esli daşary ýurtly talyp bar. Bular puly nireden tapýalar. Daşyndan gelýän master okuwçylary üçin esasy we gowy çözgüt Teaching Assistantship. Teaching Assistant käri köp uniwersitetleriň hemme bölümlerinde diýen ýaly gerek bolýar. Uniwersitetlar köplenç bu iş üçin master okuwçylaryny işe alýarlar. F-1 (okuwçy) wizasy bilen gelenleriň uniwersitetiň içinde hepdelik 20 sagat işlemäne rugsady bolýar. 20 sagady tamamlajak bir Teaching Assistantship tapsaňyz hem semesterlik okuw tölegiňiziň gowja bölegi ýapylýar, hemem sowalgaňyz bolýar. Elbetde bu detaýlar uniwersiteda, şähere görä üýtgeýän bolup biler. Men öz tejribämden ýazýan.

Indiiiii bu Teaching Assistantshiplary nädip tapmaly nädip sazlamaly:

  1. CV taýýarlaň. Türkmençe häsiýetnama diýilýädimi birzatdy özä. CV meselesi aýratyn bir makalalyk mesele. Oň nädip gowja edip taýýarlamalydygny soň bir gün ýazaryn. Şuwagtlykça başga çeşmelerden öwrenäýiň.
  2. Şäher we uniwersitet sanawyny çykaryň. Uniwersitet saýlanyňyzda TOP sanawynda gowymy erbetmi diýip oturmaň. Nesibäňizde bar bolsa gowy ýere geçseňiz gaty gowy zat ýöne pesem bolsa barlabermeli. Ony özüňiz bilýäňiz.
  3. Isleýän bölümiňiziň department coordinatoryna (muny türkmençeleşdirip bilmedim) email ugratmak. Ine iň gyzykly ýeri şu. Her kafedraň öz coordinatory bolýar. Degişli uniwersitetiň we kafedraň adyny we "department coordinator" ýa-da "course coordinator" diýip Google agamyzdan sorap koordinatoryň email adresini tapýaňyz. Soň özüňiz barada gysgajyk tanyşdyrýaňyzda haýsy bölümde okamak isleýändigiňizi aýdýaňyz. "Coordinatorjan, pulum ýagdaýlyrak welin Teaching Assistantship mümkinçilikleri barada aýdyp beräýseňiz" diýip email ugradýaňyz. Ýanyna-da CV-ňizi çatypjyk göýberýäňiz. Bilşiňiz ýaly email diýilen zada tölegli zat däl. Hiç hili ýitirýän zadyňyz ýok. Ep-eslije uniwersiteta şeýdip email atyberseňiz ahyr birinden pozitiw jogap geler.

Töweregimdäki Bangladeşli, Nigeriýaly, Gambiýaly okuwçylardan sorap idäp alan maglumatlarym şular. Meniň özümem Teaching Assistantlyk edýän ýöne men göni professorymyň özi bilen habarlaşyp geldim. Size gabat gelýän professor tapyp habarlaşmak ýaňky öwreden usulyma göra has kynrak. 

Tamamlamakam ýene bir maglumat master okajak bolsaňyz hökman TOEFL sorarlar. Şuwagtdan taýýarlanyp başlaberiň.

Wiii iňlis diliňiz pesräk bolsa emaili chatGPT-ýe ýazdyryp bilersiňiz. (O zatlaram soň aýratyn düşündiräýerisdä bolmasa.) 

Soraglaryňyz bolsa "GAK" diýäýiň.

199 |