Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Writer

Alfa nesli

1 minut alar

Iň uly ýaşlysy 13 ýaşynda bolan bu nesil geljegiň nesli diýlip atlandyrylýar. Olar tehnologiýa, internet bilen Z nesil ýaly ýetginjeklikde dälde, eýsem çagalygynda, köpsi bolsa doglanda tanyşdy. Olar uly adam bolanlarynda nahili boljagyny elbetde bilmek başardanok. Emma pikir ýöretmek mümkin. 

Adatça Alfa nesli diýlip atlandyrylýan çagalar 2010-2025 ýyllar aralygynda doglan we doguljak çagalardyr. Olaryň ady Grek elipbiýiniň başky harpy A harpdan gelip çykandyr (olardan öňki nesil Z nesil bolany üçin elipbiýi täzeden başladypdyrlar).
 

Käbir alymlaryň pikrine görä, Alfa nesli beýleki nesillere garaňda:
*Has köp bilim alar;
*Iş durmuşuna has giç ýaşlarda başlarlar:
*Has uly ýaşlarynda maşgala gurarlar;
*Tehnologiýa ugrundan hemmesiniň başy çykar;
Başgada birnäçe tapawutlar bolar.
 

Alfa nesliniň başgada aýratynlyklary bar. Alfa nesli maglumata has çalt ýetmek isleýär, Tekst ýerine multimediýany (wideo, surat, aýdym) özlerine makul bilýärler. Ýagny Z nesliň soňunda doglan çagalaryň aýratynlyklaryna kybapdaşdyr.
 

Bu temada has köp maglumat goýmak islärdim, emma tema teoriýalardan ybarat bolup, geçen däl-de geljekde boljak zatlary ýazmaly, bu bolsa örän kyn.
 

Alfa nesli biziň geljegimiz olara nähili dünýä goýsak we olary nähili terbiýelesek dünýämiz hem şonuň ýaly şekillener!

76 |
|