Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

Akylly aýallar...

2 minut alar

AKYLLY AÝALLAR 

 Akylly aýallar näme üçin ýeke bolýar? Jogaby uzyn... emma erkekleriñ agalyk sürýän jemgyýetlerinde bu ýagdaý geñ görlenok. Bolaýmaly zat ýaly. 

Telewizoryñ öñünden turmaýan, mediatiw refleksli jemgyýetimiziñ käbir erkekleri güýjüñ we häkimiýetiñ garşydaş jynsa geçende däliräre gelýär. Ýagny kemsinme duýgusyny başdan geçirýän ýaly... "Jennet eneleriñ aýagynyñ aşagynda" diýip, yzyndanam aýal-gyzy suwasalma ýençýän biçäreleriñ düşen näalaçlygy... 

Erkek hemişe akylly aýaly gowy görýär, emma wagtyñ geçmegi bilen akyl-paýhas ýaryşynda ýeñilip gahary gelýär, öýkeleýär, aglaýar. Edil utulmagy inine siñdirip bilmeýän çaga kimin. Akylly aýallar erkekleriñ çaga astky beýinleriniñ ösmändigini bilýärler (ösmeýär, sebäbi olar dogurmaýarlar). Firmanyñ başlygy, ýolbaşçy, hatda premýer-minisyr bolaýanda-da, "aslynda" olaryñ hiç ulalmaýan çagadygyny ýatdan çykarmaýarlar we akyllary arkaly hemişe olaryñ isleýänini edýän ýaly hereket edip, öz kanunlaryny ýöredýärler. Biçäre erkek jylaw mydam özündedir öýdýär. 

Akylly aýallary ýanynda saklamagy halaýan erkekler wagtyñ geçmegi bilen olardan gaçmagyñ ýoluny gözleýärler. Çünki aýal akyl-paýhasy bilen öñdeligi ele alýar. Erkek bolsa özüni bir zady kem ýaly we agalykdan mahrum bolan ýaly duýýad. Hem-ä akylly aýaly halaýar, hemem akylly aýaldan gorkýar we gaçýar. Başdan geçiren gatnaşygynyñ dowamynda ýanyndaky halaşýanlarynyñ akyl-paýhasyny mazamlaýarka, şol akyl özlerine garşy ulanylanda gahar-gazaba atlanýarlar we hatda gara güýje ýüz urýarlar. Şonuñ üçinem akylly aýallar hemişe ýeke bolýar. 

Erkek ony aldaýandyryn öýdüp ýörkä, ol bireýýämden birinji sypalgasyny tapandyr. Hiç alñasamasy ýokdur. Çünki gorkup gaçmaz ýaly çuñluga sessiz inilýär. Muny tertipliligi halaýandyklary üçin edýärler. Maksatlary masgaralamak däl, özüne edilen haksyzlygy doly we dogry bilmek hukugyny gazanmakdyr. Ýaryp-ýarpy ýigrenji halamaýarlar. Olaryñ gazabyna mynasyp duşmanlar lazym... 

Akylly aýallar hemme zadyny berýär we hemme zadyny alýar. Dert-aladasy boýundan aşyp gidenem bolsa, dem-düýtleri çykmaýar. Dillerinde puşeýmanlyk sözleri-de bolmaz. Özüne bolan sylaglaryna we aýak astyna düşürmedik mertebelerine eýe çykyp bilýärler. Gan gusup duran bolsalar, gyzyl şerbet içendiklerini aýdarlar. 

Akylly aýallar erkeklerini başgalara ezdirmeýär. Özleri ezýär. Muny buýsançlaryny ynjytmazdan etmäge synanyşýarlar, ýöne ahyrynda hemişe nädogry hereket edýänem ýene şolar bolar. Olar ilki dymýarlar, soñra derñeýärlar, şondan soñam jogap berýärler. Dymanlarynda dilleriniñ daşyna tikenekli sim oraýarlar, gürlände-de ilki özleri aldanýarlar... 

Akylly aýallaryñ "aýtmaga kän zatlarynyñ bardygy üçin dymyşlyklary-da uly bolýar. Akylly aýallar özüni ezdirmeýär. Akylly aýallar akmaksyramaýar. Akylly aýallar haksyzlyk etmeýär. Akylly aýallar ýalandan iş etmeýär. Akylly aýallar aşyk bolanda-da akyllydyr. Şonuñ üçinem olar hemişe ýeke galýarlar. 

© Kahraman TÄZEOGLY. 

Terjime eden: © Has TÜRKMEN

147 |