Gir

Post

Çynlakaý meseläni gozgapsyňyz. Dogrudanam, gaýragoýmak ynsanyň ajaýyp arzuw-umytlaryny köýdürýän derdeser. Emma ýazgyňyzda birki sany büdreme bar hasaplaýaryn: "gaýragoýulmasyzlyk hakykatdanam akyl saglygymyza, öndürijiligimize we hatda gatnaşyklarymyza ýaramaz täsir edip biler" - şu bölegiň başky sözi gaýtam "gaýragoýulmak" bolmaly dälmi? Biz "gaýra goýmak" hakda gürrüň edýäs ahyryn. Gaýragoýulmagyň üçünji sebäbi hökmünde görkezeniňiz "kämillik" däl-de, "kämillige erjeşmek" bolmaly dälmi? Işi öz wagtynda we kämil ýerine ýetirsek armanymyz näme? Emma işi diňe kämil ýerine ýetirmäge erjeşip, ony hem beýtmegi başarmaýanymyz ýa-da nogsanly ederis öýdüp gorkanymyz üçin gaýra goýýarys dälmi? Wagt geçse-de hiç kim düzetmäni üçin men goşuldym

· 1 / 2

Halypalyk rolunda çykyş edemok, dogry düşüniň. Meniňem hatamy düzetseňiz diňe hoşal bolaryn.

2 jogap

Makaladaky ýalňyşlyklary görkezeniňiz üçin sag boluň, käwagt dilde kynçylyk çekýärin we terjime meselesi ýüze çykýar. Teswiriňiz üçin sag boluň, kemçilikleri düzetjek boldum.