Gir

Post

3 jogap

2 ýyl mundan ozalky endiklerimden biridi.Bolsa häzirem arasynda bolýandyr. Ýöne bu derejede çynlakaý wajyp meseledigini şu gün bildim!

Men hem hut "dil büdremesi" barada aýtdym. Pikir ýalňyşlygy däl-de, dil problemasyndan gelip çykan sawlik barada. Ýöne bu hem okyjy üçin tekstiň mazmunyna düşünmegi kynlaşdyryp bilýär. Ýogsam özüm-ä şeýle-de düşündim. Ýöne mundan beýlägem işläbermeli. Bularyň üstünde ýaşlar tutanýerli işlemese, biziň dilimizi kim keseden gelip, ösdürip-timarlap, ylmy meseleleri işlär derejede kämilleşdirip bermez-ä...

Çynlakaý meseläni gozgapsyňyz. Dogrudanam, gaýragoýmak ynsanyň ajaýyp arzuw-umytlaryny köýdürýän derdeser. Emma ýazgyňyzda birki sany büdreme bar hasaplaýaryn: "gaýragoýulmasyzlyk hakykatdanam akyl saglygymyza, öndürijiligimize we hatda gatnaşyklarymyza ýaramaz täsir edip biler" - şu bölegiň başky sözi gaýtam "gaýragoýulmak" bolmaly dälmi? Biz "gaýra goýmak" hakda gürrüň edýäs ahyryn. Gaýragoýulmagyň üçünji sebäbi hökmünde görkezeniňiz "kämillik" däl-de, "kämillige erjeşmek" bolmaly dälmi? Işi öz wagtynda we kämil ýerine ýetirsek armanymyz näme? Emma işi diňe kämil ýerine ýetirmäge erjeşip, ony hem beýtmegi başarmaýanymyz ýa-da nogsanly ederis öýdüp gorkanymyz üçin gaýra goýýarys dälmi? Wagt geçse-de hiç kim düzetmäni üçin men goşuldym

Halypalyk rolunda çykyş edemok, dogry düşüniň. Meniňem hatamy düzetseňiz diňe hoşal bolaryn.

Ýene 1 jogap