Gir

Post

4 jogap

"Şonda gelnejemem “Söýýädimi ony bilemok. Ýöne bir gezek elimden gelse döşümi ýaryp, ýüregimi alyp seň ýüregiň ýanynda goýardym” diýdi diýip agamyň aýdanlaryny gürrüň berdi." *** Pygamberimiziň:,,Men seni çözüp bolmaýan düwün (kördüğüm) ýaly söýýän, ýa Aýşa!" sözi ýadyma düşdi. *** Näme üçindir milletimizde är-aýallar biri-birge, eje-kakalar çagalaryna ,,Men seni söýýän" diýenokka? Eje-kakalar perzentlerine bu sözi aýtmaýandygy üçin, biz perzentler ulalyp olaryň ýakymly sözlere teşnediklerini bilsek-de aýtmaga utanýas.Onsoň ,,Meniň göwnüm sendedir, Seniň göwnüň düzlerde" hakyky şol-a" diýip bizden öýkeleýärler.

Öýkeleýändirler öýdemok. Ýaşkak hakykatdanam göwnümiz düzde. Ene-ataň gadyry soň bilinýär. Göwnüňe olar seň bilen mydam ýaşap ýörjek ýaly. Olar dile alynýan söýgä mätäç dälmikäler öýdýän. Uzak bir ýerden eglenip gelemde meni görüp ejem çaşypdy. Şeýle derejede ogluňy küýsemek, söýgi diňe ejäň ýüreginde bolup bilýär.

Hawa men şo gyzy goldadym. Eger yene şolar ýaly pikir bilen yene bir ayal gyz çykyş etse ony hem goldaryn. Senin 40 sahypalyk romanyň name güyji bar? Bu gyzyň diyyan zadyna sen düshunyaňmi bir? Maňa senin oynawac gushkelle birinin janyny yakyp gün göryăn gyz gelinleriň gerek dal, gyzykly hem dal. Yene bir gezek aydyan. Men her bir özüne hormat goyyan we dogry mynasyp ýaşamaga synanyşýan zenany goldayandyryn.

"Men her bir özüne hormat goyyan we dogry mynasyp ýaşamaga synanyşýan zenany goldayandyryn." Shu yerde 1den köp sorag döreyä?! 1."her bir özüne hormat goyyan"-özüñe hormat goymak borjuñy yerne yetirmezlikmi?! 2."mynasyp ýaşamaga synanyşýan"- adamsyna, kakasyna, agasyna, inisine, öyüne-ojagyna hyzmat edyân gelin-gyzlar gadry bilinsin bilinmesin, mynasyp yaşamaga synanşanok diymekmi?! 3."goldayandyryn"-yokardakylara(yada beylekilere) siziñ goldawñyz hökmanmy sizçe?! ya da o goldaw näme gazandyrya?!

Men sizden tapawutlylykda on sekiz on dokuzynjy asyryň gűrrüňini edemok. Ereteki hem okamok. Awtoryň gozgayan meselesini göz őňunde tutubam jogap berdim. Awtor name diyyar, siz name diyyarsiniz? Men name diyyan dutarym name diyyar diyipdirler-a . Şony yatladyar bolsunyz. Bagyshlaň, ak sakgaly adam bolsaňyzam jogap bermeli bolyar. Bolmasa bizin zandymyza yashulular uly mekdep diylip guylanam welin.

Bägül, ol makala rusça, iňlisçä terjime ediler ýaly içinden pikirlerdir-çözgütler akyp ýatan, 100-150 sahypalyk kitap ýa-da akyl düwünçegi däl. Elbetde käbir zatlary agzapdyr, emma makalany jemleseň bary diýen zady "gyzlaryň sözi diňlenenok", boldy, muny kiçijek çaga hem diýip biler, onuň başga dillere terjime ediljek näme aýratynlygy bar? Şol makala hem internetde "manyly" diýlip paýlaşylýan gysgaçyk, ähmiýetsiz, manysyz sitatalar bara, edil şolar ýaly, aýyplaşma. Häzirki döwri göz öňünde tutsak, gaýta aýal maşgalalaryň mümkinçilikleri erkek adama garaňda has köp. Iň ýönekeý mysaly aljak bolsaň gyzlaryň internet sahypalarynda goýýan sözlerini, sitatalaryny, paýlaşýan maglumatlaryny gör, diýjek bolýanyma düşünersiň.

Ýene 4 jogap

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç